26198 次阅读
39 条回复
《RUHNAMA》第四部分语言交流热门
《Ruhnama》汉译为精神叙说,是土库曼斯坦前总统撒帕尔穆拉特-尼亚佐夫所著,由于能力有限,有些地方可能翻译不够准确,请阅读者给予指导。本土-汉双文未经中国撒拉尔青年联盟、声同小语种同意,任何单位和个人不得转载。
DÖRDÜNJI BÖLÜM
第四部分
TÜRKMENIŇ DÖWLETI
土库曼国家
GADYMY OGUZ TÜRKMEN DÖWLETI
古老的乌古斯土库曼国家
第四部分
TÜRKMENIŇ DÖWLETI
土库曼国家
GADYMY OGUZ TÜRKMEN DÖWLETI
古老的乌古斯土库曼国家
Eziz türkmenim!
我亲爱的土库曼!
Adamzadyň kämilleniş eýýamlarynda dünýä jemgyýetine beýik ösüş beren ýurtlar, halklar kän: Hytaýda, Hindistanda, Müsürde uly galkynyşlar boldy. Şeýle beýik galkynyşlar oguz-türkmen halkynda hem boldy. Emma ol oguz-türkmen galkynyşlary hakda dünýä taryhynda oňly gürrüň edilmedi. Beýik türkmen taryhynyň ýitmegi üçin edilen synanyşyklar az däldir. Baryp Oguz han zamanyndan bäri dünýäniň ýüzünde ençeme döwletler gurup, Aziýanyň hem Ýewropanyň ykbalynda, syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde görlüp-eşidilmedik taryhy yz goýan oguz-türkmen halkynyň taryhyny göre-bile ýoýmaga synanyşyklar, beýik taryhy işleri başga halklara ýöňkemeklik az bolmady. Barybir, ir-u-giç wagt ähli zady öz ýerinde goýýar.
在这个人类的发展过程中,在世界上许多国家作出了重大贡献,大家明白:中国、印度、巴比伦取得了巨大的文明。这些伟大的文明也发生乌古斯和土库曼之间。但是,世界历史对土库曼取得的文明并没有提供详细的资料。我们努力挽回已经消退的土库曼的伟大历史。没有乌古斯的历史那么世界历史将是不完美的,自从乌古斯汗时代开始,乌古斯土库曼人在世界上建立了许多伟大的国家,亚洲和欧洲的命运、政治、经济和文化留下了重大的历史痕迹。然而,时间将会把乌古斯人的所有东西放在适当的位置。
I — XIII asyrda oguz türkmenleriniň galkynmalaryny inkär edip bolmaýar. Parfiýa döwletiniň, Gaznaly türkmenler , Seljuk türkmenleriniň , Salyr türkmenleriniň,Osman türkmenleriniň,Köneürgenç türkmenleriniň dünýäniň taryhy-syýasy ugruny üýtgedendigini, ykdysadyýetiň, medeniýetiň örän ýokary derejä göterilendigini inkär edip boljak däldi. Emma käbir taryhçylar öz gelip çykyşlary, dil toparlary arap-eýran toparyndan bolansoň, taryhyň islendik gazanan beýikliklerini eýran, arap, soň tapylan umumylaşdyrylan türk ady bilen baglanyşdyranyny kem görmeýärdiler... Biziň sowet mekdebinden çykan taryhçylarymyz meýilparaz taryhçylaryň buky pikirini aňyp bilmezden, şol mekdebiň ýöreden pikirini esasy pikir hökmünde tekrarladylar. Ol pikiriň basybalyjy ýurduň syýasy pikiridigini görmegi başarmadylar.
乌古斯土库曼的第1世纪和第13世纪之间的成就是不能否认的。这是一个无可否认的事实,帕菲亚、喀兹纳、塞尔柱、撒拉尔、奥斯曼、玉龙杰赤等土库曼影响世界历史和政治的发展,在文化和经济领域达到了较高的水平。但是,因为有些史学家片面的认为土库曼的起源是阿拉伯和伊朗人,他们试图把所有的这些历史进步与伊朗,或与阿拉伯人和后来广义的突厥连接… 我们的历史学家,也带来了在原苏联时期的历史,没有适当的审议他们的工作,并简单地重复他们的意见,没有察觉到那些史学家的邪恶意图, 他们没意识到这些想法构成帝国主义侵略的一部分。
Men hasam taryhy çeşmeleri okanymda, öwrenenimde türkmen sözüniň soňky 50 ýyldan gowrak wagtda türk sözi bilen çalşylandygyny anykladym. Ruhnamada türkmen sözüni aslyndaky ada getirdim. Goý, şu günki ýaşaýan watandaşlarym ata-babalaryny tanasynlar, olaryň ruhy şu günki türkmene hyjuw, kuwwat bersin, Allatagala medet bersin!
当我阅读和研究历史书籍中,发现土库曼这个词替换突厥超过了50年。在Ruhnama中,我写出了土库曼这个词就是恢复其真实意义,是为了今天的土库曼人认识他们祖先的精神,并且使他们有力量,真主保佑我们!
Men Garaşsyzlyk alan günümiz şu günki Türkmenistan bilen Türkiýe — iki döwlet, bir millet diýip yglan etdim. Sebäbi Oguz diýmek — türkmen diýmekdir, Oguz dili — türkmen dilidir, Seljuk dili — türkmen dilidir, Osman dili — türkmen dilidir, türk dili biraz üýtgän türkmen dilidir, dinimiz birdir, däbimiz birdir, ganymyz birdir. Biz türkmenler oňa guwanýarys. Türk doganlarymyza-da şony arzuw edýäris.
我宣布我们的独立那一天,我曾阐明土库曼斯坦和土耳其的关系是:二个国家,一个民族。乌古斯就是土库曼,乌古斯语言就是土库曼语言,塞尔柱语言就是土库曼语言,奥斯曼语言就是土库曼语言,突厥语言也和土库曼语言是相同的。我们的宗教是一个宗教,文化是一个文化,血统是一个血统。我们土库曼为此感到自豪。我们与突厥民族兄弟是相同的。
Oguz türkmenleriň guran ilkinji döwletine bäş müň ýyl wagt geçipdir. Oguzlaryň durmuşyna degişlidigini subut edýän ok-ýaý alamatlaryndan başlaýan şol döwre degişli tapyndylaryň Bagabat, Altyndepe, Täk gala (Durun), Ary jülgesi, Margiana, Köneürgenç taraplarynda üstüniň açylmagy, döwletiň taryhy ýerleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas berýär. Oguz hanyň hökümdarlyk süren ýeri Oguz ýurdy diýlip atlandyrylypdyr. Bu eýýäm orta asyrlarda «Hududyl-älem» ýaly ygtybarly taryhy arap çeşmelerine anyk maglumat hökmünde giripdir. Oguz ýurdunyň Köpetdagyň etegindäki Täk galadan, Nusaýdan, Änewden hem Altyndepeden uzalyp, tutuş Merwi, Köneürgenji, Seýhun bilen Jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapynyň Hazardan Balha, bir tarapynyň Atail (Wolga) derýasyna çenli aralykda bolandygyny gadymy çeşmeler tassyklaýar. Oguz iliniň ynanjy gök bolupdyr, taňry diýip göge düşünipdir, şonuň üçin taňry diýmegiň bir manysy gökdür. Olar göktaňry dinine, ýeke taňrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir.
乌古斯土库曼从第一个建立的国家开始已经有5000年了。在Bagabat、Altyndepe、Täkgala、Ary、Margiyana和Köneürgenç出土的箭和弓,为那个期间乌古斯的文明和国家提供了重要的信息。在乌古斯汗统治下的这些土地称为乌古斯家园。我们有关于此的准确信息在中世纪期间被写进«Hududyl-älem»书。古代的记载告诉我们说,乌古斯的家园包括Köpetdag、Täk gala、Nusaý、Änew,所有的Altyndepe、整个Merw、Köneürgenç和里海地区,包括Seýhun到Jeýhun的从东到西,至Atail的北部。信仰Gök Taňry(蓝天)在乌古斯中具有主导地位,Gök就是上天的特点,这表示,乌古斯信仰的是Gök Taňry唯一的神。他们的语言是乌古斯语言,古老的土库曼语言。
Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Oguz han Türkmen öz şejere beýanyny bize miras goýup gidipdir.
这个灵魂可以追溯到一个祖先,就是先祖喀剌汗。土库曼作为乌古斯汗的后裔是高尚的后裔。
Eziz türkmen halkym, Oguz han Türkmeniň nesil şejeresi hakda men saňa «Türkmeniň ýoly» hakdaky söhbetimde gürrüň beripdim, käbir pikirleriň gaýtalanýan ýeri bardyr, ýöne eziz türkmenim, ony indi aslyňy — taryhyňy ömürlik seniň, nesilleriň ýadyndan çykmazlyk üçin etdim. Şonuň üçin hem men Oguz hanyň käbir pentlerini saňa peýdasy deger diýen ýagşy niýet bilen gürrüň bereýin.
我亲爱的土库曼人民,我们提供了大量的乌古斯后裔土库曼的资料,亲爱的土库曼,我们这样做,就是为了你和你的子孙,要永远不要忘记你们的历史。然后,在这里我想要引述某些乌古斯汗的忠告为了你好。
[ 本帖最后由 DAVUTKARAMAN 于 2008-7-14 19:42 编辑 ]