GARAŞSYZ, BAKY BITARAP
TÜRKMEN DÖWLETIMIZIŇ GURLUŞY
HAKDA NYGTAMAK ISLÄN
KÄBIR PIKIRLERIM
我对独立、中立的土库曼斯坦国家结构的一些看法
Eziz türkmen halkym!
我亲爱的土库曼人民!
Kök bolmasa, daragt ýok, binýady bolmasa binasy ýok. Soňky 3 — 4 asyrlap taryhyň jebir-jepalary bilen eziz halkymyň bölek-bölek ýara bolan synasy bitmän geldi, agzy birikmän geldi. Onuň her synasyny bir ýere çekdiler, her synasy bir agza bakdy, her kelle bir köýde, her göwün bir küýde boldy. Şonuň üçin onuň ömür daragty gül açmady, döwlet binasy gaýym bolmady, goýulmady, bagtyň ýoly halkymyň üstünden sowa geçdi.
没有树根树就不可能活,没有地基就不可能建造大厦。我们亲爱人民在过去3~4百年的苦难历史上,带给我们的创伤始终没有办法愈合。我们的人民被宰割的支离破碎、身首异处。所以人民的生活之树无论如何也不能枝叶繁茂,高楼大厦在也建不起来,幸福的道路也和我们的人民没有关系。
Buýsançly başyňy, ynançdan doly gursagyňy, nanly saçagyňy göreýin diýip, gijeler çirim etmedim, gündizler oturmadym, eziz halkym! Hudaýa şükür, Allanyň keremi bilen, ata-baba sahawatly ýurdumyzda, gör, näçe asyrdan soň, täze Garaşsyz döwleti gurduk. Seniň üçin — her bir raýatyň üçin bu döwletde ähli maddy şertleri döretdik, dünýäniň men diýen halklaryna hem döwletlerine özümizi ykrar etdirdik. Bu döwlet berkarar bolsun, ömürbaky synmasyn, onuň raýatlarynyň hiç haçan başy egilmesin diýip, oňa dünýäde iň ýokary ygtybarlylygy — Bitaraplyk hukugyny alyp bermek bagtyny meniň hem egindeşlerimiň ykbalyna ýazandygy üçin keremli Taňrydan müňde bir razydyryn.
直到我们抬头,我们有了信念和希望,我夜晚不能入睡、白天不能坐立,我亲爱的人民!向真主祈祷,知道真主的凯里迈,经过了多少世纪,在祖先的生活过的土地上我们建立了一个新的独立的国家。我们为这个国家的每一个公民准备了所需要的一切条件,并且得到了世界上最发达国家和民族的认可。那么,从现在起,祝愿我们的国家长久的得到稳定和永恒,我们一千遍的感谢最仁慈的真主,是他让我们的国家在世界上获得中立这样一个特殊的权力。
Eziz raýatym!
我亲爱的同胞!
Ata-baba soltanlarymyz-hanlarymyz ýalaňaja don, aja nan berip, sogap gazanypdyrlar. Olar muny şan-şöhrat üçin däl, sogap bolsun diýip edipdirler. Sogap Hudaýyň öňünde gazanylýan zat, emma halkyň alkyşy bolmasa, sogap berilýän zat däl.
我们的祖先们、苏丹们、可汗们自古以来就有为饥寒着提供衣物和食品的传统美德。他们这样做并非是得到荣耀和名利,而是得到给自己带来塞瓦布。塞瓦布只有至高无上的真主来赐予,但是没有人民的感谢的话,塞瓦布也不会得到。
Döwlet gurmagy ojak gurmakdan başladym. Dünýäde ýeke-täk türkmen döwleti öz halkyna mugt gaz, elektrik togy, duz hem suw, oňmadygy mugt un bilen üpjün edýär — türkmende ojak şulardan ybarat. Men muny at, şöhrat üçin etmedim. Men muny halkym oňat ýaşasyn, hor-zar bolmasyn, öz baýlygynyň eýesi bolsun, özgeleriň ýanynda özüni buýsançly duýsun diýip etdim.
我们的国家建设从厨房建设开始。世界上土库曼斯坦是唯一一个向自己的人民免费提供天然气、电、盐和水的国家,对特别穷苦的人家我们还免费赠送面粉——这就是土库曼人的厨房建设。我这样做并非得到回报,我们的真正意图是让我们的人民生活舒适,成为自己自然资源的主人,让他们始终感到骄傲和有尊严。
Döwletiň syýasy synasyny, ýurduň ykdysady synasyny ýerbe-ýerläniňden soň, iň uly hem agyr mesele — raýatlaryň ruhy rysgaly hakyndaky alada başlanýar.
国家可以利用经济资源正常的运行,所以我们要说的最大和最重要的问题就是——人民的道德和精神健康。
Döwlet. Alty ýüz ýyldan soň Garaşsyz türkmen döwleti gaýtadan döredi. Bu günki Garaşsyz türkmen döwletiniň taryhy ähmiýetine iki nukdaýnazardan seredeniňde hasam oňat akyl ýetirýärsiň. Birinjiden, türkmeniň döwletsiz ýaşan döwri bilen deňeşdireniňde. Döwlet milleti bitewileşdirmegiň serişdesidir hem guralydyr.
国家——独立的土库曼人国家在600年后建立。今天的独立的土库曼人国家从历史的角度看可以更好地理解。首先是没有一个土库曼人的国家象今天一样,国家唯一的原则就是民族团结。
Halk — adamlaryň, jemgyýetçilik gatlaklaryň biri-biri bilen özakymlaýyn, tötänleýin gatnaşyklaryndan emele gelýän jemgyýetçilik umumylygy. Özakymlaýyn hem tötänleýin diýmegimiň sebäbi, berk ýola goýlan syýasy ýa gaýry kada-kanunlar, ýörelgeler ýok.
人民——是社会各阶层之间自发和非义务性的互相作用下形成一个集体关系。这种人与人之间关系不是以政治目的或者其他目的建立起来的。
Millet bolsa — döwlet guralyna eýe bolan bitewilikdir.
民族——是一个拥有国家组织的统一体。
Türkmen dili örän baý dil, dürli manylary aňlatmaga ukyply dil.
土库曼语言是一种具有丰富词汇、表情和含义的语言。
Umumylyk — mukdar, san görkezijisi. Bitewilik bolsa hil görkezijisi. Bitewilik ulgamlylygy hem guramaçylyklylygy aňladýar. Halk dürli syýasy, ykdysady hem jemgyýetçilik gurallar arkaly içerki taýdan gurnalmaga ukyply bolanda millete öwrülýär. Şeýle ukyplylyk bolsa, iş ýüzünde döwletliligi, döwletiň barlygyny aňladýar.
民族——是统一的一个集体。人民是一个集体,民族是一个统一体,集体是数量,统一体是质量。当人民根据自己所需的政治、经济和社会规则组织内部能力的时候,人民就转化为一个民族。那么,这种能力就是表明国家制度、国家已经存在。
Millet — dil, dini-ynanç, däp-dessur, ykbal hem döwlet birligidir. Şeýle birlik kemala gelende, halkyň taryhy geljegi açylýar. Edil deňli-derejeli maşgala bolmak üçin maşgala agzalarynyň, öýüň hem gaýry şertleriň zerur bolşy ýaly, millet bolmak üçin hem döwlet zerurdyr.
民族——是具有共同的语言、宗教、传统、习惯、国家的人的统一体。达到这样的统一,人民的未来历史就会清楚。正如建立一个家庭一样,要有夫妻、要有必须的生活用品,因此一个民族的形成必须有国家这样的载体。
Döwlet — halk möçberindäki uly öýdür. Ol öýde durmuşyň kadaly ýöremegi üçin her kimiň öz orny hem öz ýerine ýetirmeli wezipeleri bolýar. Şol wezipeleriň oňat ýerine ýetirilmeginden döwletiň ýaşaýşy kemala gelýär.
国家——就是一个大家族。为了这个家族正常的运行,每一个人都要有自己位置,知道自己责任。自觉地履行这些责任国家才能长治久安。
Biziň Garaşsyz döwletimiziň esasy aýratynlygy — onuň milli döwletligindedir. Şu aýratynlyga ýetmiş ýyllap biziň üstümizden agalyk eden sowet döwleti bilen deňeşdireniňde oňat göz ýetirýärsiň. Sowet döwleti hökmürowan döwletdi, ol şu topragyň eýesi bolan türkmen halkynyň taryhy taýdan ýokary galmagyna däl-de, onuň egninden basylmagyna hemaýat edýärdi. Ol döwlet türkmeniň maddy baýlyklaryny özgäniň adyna hem haýryna geçirmegiň, onuň gazanan ruhy baýlyklaryny ýok etmegiň guralydy.
对于我们独立国家而言它的基本特点就是——一个民族国家。这个特点可以与统治我们70年的苏联时期相比较。苏联的统治不是让土库曼人成为这片土地真正的主人,也没有让落后的国家得到发展和进步。苏联只是为了自己的利益开发我们的自然资源,让我们土库曼国家这个名字消失,让我们的道德精神价值观消失。
Türkmen milli döwleti diýmek — şu ýurduň erk-ygtyýarly eýesi diýmekdir. Milli döwlet ýurduň maddy baýlyklaryny şu millete siňdirýär we onuň ruhy gazananlaryny rejeleýär. Diýmek, döwlet milletiň taryhy ýaşaýşyny gurnamagyň usuly bolup döreýär hem-de ýaşaýar.
土库曼民族国家——是这个国家唯一的所有者。民族国家是说明国家利用自然财富,保护它的人民的精神价值并且尊敬他们的国家。也就是说,国家是民族历史以来生活和生存的产物。
Häkimiýet, hökümet. Jemgyýeti dolandyrmagyň guraly hökmündäki döwlet şu üç görkezijiniň jeminden emele gelýär:
运行规则——作为管理的形式,国家由这三个系统组成:
1)kanunlar法律
2)döwlet edaralary国家机构
3)ýerli häkimlikler地方行政机关
Döwletiň kanun çykaryjylyk organlaryna häkimiýet diýilýär. Garaşsyz türkmen döwletinde Halk maslahaty baş kanun çykaryjy guramadyr.Hökümet — döwleti edara ediji, iş dolandyryjy gurama. Hökümet öz işinde häkimiýetiň çykaran kada-kanunlaryndan ugur alýar.
在土库曼斯坦,国家的立法机构是全国人民代表大会,政府是国家行政管理机关,政府的管理工作是依照全国人民代表大会通过的法律来进行的。
Türkmenistan — demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.
土库曼斯坦——是一个民主的、法制化和世俗的国家,是按照总统制共和国的原则来治理这个国家。
Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir. Ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewidir hem bölünmezdir.
土库曼斯坦控制自己领土的管辖权,拥有最高的权力,对外独立地执行外交关系,土库曼斯坦的国家主权和领土完整不可侵犯。
Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, çäginiň bitewiligini, kanun gurluşyny goraýar, kanunyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär.
国家保护土库曼斯坦的独立,保护其边境不受侵犯,维护独立运作的国家立法、行政和司法部门。
Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Ol öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar.
土库曼斯坦的独立自主由人民实现,人民群众是国家唯一力量的源泉。人民可以直接的或者通过其代表机构行使自己的权力。
Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamyň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur.
任何部分人、组织或者是集团都没有权力取得国家政权。
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr.
在土库曼斯坦社会和国家的最宝贵财富就是人。
Döwlet raýatyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny, şahsyýetine eldegrilmezligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar.
国家向每一个公民负责任。为每个人的自由发展创造条件,保护人的生命、人格、尊严和自由,保证人身不受侵犯,保护公民的自然的和不可剥夺的的权利。
Her bir raýat öz üstüne Baş Kanunyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir.
每个公民为了国家的利益都有责任履行宪法和其他法律规定的义务。
Döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölünýär. Bu häkimiýetler özbaşdak amala aşyrylýar we biri-biri bilen sabyr-takatly işleýär.
国家权力机关根据三权分立的原则分为:立法机构、执行机构、司法机构。每一个权力机构在互相尊重的基础上独立工作。
Döwletiň, onuň ähli organlarynyň we wezipeli adamlarynyň hereketleri diňe hukuk gurluş arkaly amala aşyrylýar.
国家,以及国家一切机构和官员必须依法办事。
Türkmenistanyň Baş Kanuny döwletiň iň ýokary Kanunydyr, onda beýan edilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Baş Kanuna ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk amallarynyň güýji ýokdur.
土库曼斯坦的宪法是国家的最高法律,该宪法中规定的规章准则具有直接的效力。法律和其他法律与宪法相抵触时,不具有法律效力。
Döwlet syryny ýa kanun arkaly goralýan başga syrlary öz içine alýan hukuk amallary bolaýmasa, döwlet organlarynyň ähli hukuk amallaryny çap etmek arkaly ýa-da başga usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär, halka mälim edilýär. Raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli hukuk aktlary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, özleriniň kabul edilen pursatyndan güýjüni ýitirýär.
国家所有法律文件都以公开公布和其他形式公布,含有国家机密和受法律保护的机密文件除外。涉及公民权利和自由的法律文件如果没有进行公布,则在通过之日起无效。
Türkmenistan halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar. Ol dünýä birleşigine doly hukukly döwlet bolup girýär, daşary syýasatda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk pikirine daýanýar.
土库曼斯坦承认国籍公认的国际法准则。土库曼斯坦作为联合国成员,在对外政策奉行和平共处、反对使用武力、不得干涉别国内政的原则。
Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk her bir adama kanuna laýyklykda berilýär, kanuna laýyklykda saklanylýar we ýitirilýär.
土库曼斯坦有自己公民法。公民均依法拥有国籍,可以依法取消或者保留国籍。
Türkmenistanyň hiç bir raýatyny özge döwletiň eline bermek bolmaz ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowup çykarmak ýa onuň watanyna gaýdyp gelmek hukugyny çäklendirmek bolmaz.
土库曼斯坦的任何公民都不可能引渡到别的国家,也不会驱逐出境,也不会剥夺他们返回自己祖国的权利。
Döwlet Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da öz raýatlaryny goraýar hem olara penakärlik edýär.
国家对土库曼斯坦境外的所有公民提供保护和庇护。
Daşary ýurt raýatlaryna ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlara, eger kanunda başga hili düzgünler bellenmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklar hem azatlyklar berilýär.
外国公民或者无国籍的人员,给予同土库曼斯坦公民统一的权利和自由,除非法律另有规定。
Türkmenistan öz ýurtlarynda syýasy, milli ýa dini ynam-ygtykatlary üçin yzarlanýan daşary ýurt raýatlaryna gaçyp gelmek hukugyny berýär.
土库曼斯坦对由于政治、民族或者是宗教原因受到迫害的在本国的外国公民给予避难权。
Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistanda önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem ruhy gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugy ýöreýär. Olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete hem degişli bolup biler. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin olary deň derejede goraýar, olar üçin deň şertleri döredýär.
财产不可侵犯。在土库曼斯坦承认私人占有的生产资料、土地和其他物质以及精神财富。这些同样属于个体、法人团体和国家。国家对于各种形式的所有制的发展,给予平等的保护和条件。
Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr we olaryň döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär. Döwletiň magaryf ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.
国家保护宗教信仰自由,保障所有的宗教在法律上一律平等。宗教组织与国家分离,不得干涉国家事务。国家组织系统与宗教组织是分开的,具有世俗的特点。
Her bir adam dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär. Onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bile islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haky bardyr, şonuň ýaly-da dine bolan garaýyşlar bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlary beýan etmäge we ýaýratmaga, dini adat-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga haky bardyr.
每个人都有宗教信仰自由权。每个人都有权自己或者是他们共同信仰任何宗教,可以宣传自己所信仰的宗教,可以参与宗教活动。
Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyny gorap saklamak üçin öz Ýaragly Güýçlerini döredýär hem saklaýar.
为了保护土库曼斯坦的领土完整,国家拥有自己的军队。
Türkmenistan raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy jemgyýetçilik gurama degişlidigine garamazdan, olara deň hukuklar we azatlyklar berýär, şeýle hem raýatlaryň kanun öňündäki deňligini kepillendirýär.
土库曼斯坦所有的公民享有平等的权利和自由,不论其民族、出身、财产状况、职务、宗教信仰,或者属于何种党派、社会团体,在法律面前一律平等。
Türkmenistanda aýallar bilen erkekleriň raýatlyk hukuklary deňdir. Eger bu deň hukuklylyk adamyň aýal-erkeklik alamaty boýunça bozulsa, munuň üçin kanun esasynda jogapkärçilik çekilmelidir.
在土库曼斯坦男女享有平等的公民权利。因为性别关系侵害公民的平等权利的行为将受法律的制裁。
Bir adamyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy beýleki adamlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna zeper ýetirmeli däldir, şonuň ýaly-da ahlak kadalaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan bermeli däldir.
一个人在行使自己的权利和自由时,不得损害他人的权利和自由,不得损害社会道德规范,不得损害社会秩序,更加不得损害国家安全。
Her bir adam ýaşamaga haklydyr. Hiç kim janyndan jyda edilip bilinmez. Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak bilen çykyş etdim. Halk meni goldady. Biziň bu aýgytly ädimimiz dünýä jemgyýetçiliginde hem gyzgyn garşylandy.
每个人都有生命权。任何人不得剥夺别人的生命。在土库曼斯坦废除死刑是我提出的。人民支持我的做法。我们的这项决定得到了国际社会热烈拥护。
Raýatyň hukuklaryny çäklendirmek bolmaz ýa-da ony özüniň hukuklaryndan mahrum etmek bolmaz, oňa sud etmek ýa-da jeza bermek bolmaz. Beýle ýagdaýlara diňe kanuna laýyklykda we suduň karary esasynda ýol bermek bolar.
一个公民的权利不得限制或者剥夺,也不得审判和处罚公民。唯有依据法律并经法院判决后才能执行。
Her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda we aýratyn ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga haky bardyr. Ýaşaýyş jaýyna el gatmak bolmaz. Türkmen öýüni mukaddeslik hasaplaýar. Şonuň üçin adamlaryň öýleriniň barlanylmagyny gadagan etdim.
每一位公民有权依靠得到国家的支持,得到完善的居住生活空间,或者建造个人私有住房。私有财产不可侵犯。土库曼人把自己的家园视为神圣的,基于这个原因,我不允许私自检查别人房屋。
Her bir adamyň Türkmenistanyň çäginde ondan-oňa erkin gitmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga haky bardyr.
每个人有权在土库曼斯坦境内自由迁徙,选择居住地。
Nika ýaşyna ýeten zenan bilen erkek kişiniň biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga haky bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir.
到了结婚年龄男女在双方同意的前提下有权利结婚,组建自己的家庭。在家庭关系中夫妻享有平等的权利。
Ene-ata ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy hem ösüşi, olary okatmak barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, medeniýete aralaşdyrmaga, kanunlara, taryhy hem milli däp-dessurlara hormat goýmagy öwretmäge borçludyr. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ene-atalary barada alada edip, olara kömek berip durmaga borçludyrlar.
父母或法定监护人有权利和义务抚养子女,照顾他们的健康,让子女受教育和学习本领,掌握劳动技能和文化知识,教导他们尊重法律、历史和民族传统。子女成年后有责任和义务抚养自己的父母,为他们提供生活上的帮助。
Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni gatnaşmaga-da, özleriniň erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga-da haky bardyr.
每个公民都有权直接或通过自己自由选举产生的代表参与管理国家和社会事务的权利。
Raýatlaryň döwlet häkimiýet organlaryna saýlamaga we saýlanmaga haky bardyr.
公民都享有选举国家政权机关的选举权以及任职的被选举权。
Diňe Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukybyna, hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.
土库曼斯坦的所有公民都有按照自己的能力和专业技能平等的进入国家机关工作的权利。
Ähli raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, pişe we iş ýerini saýlap almaga, özleri üçin sagdyn hem howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegini gazanmaga haky bardyr. Kanunda bellenen halatlardan başga halatlarda mejbury zähmet gadagan edilýär.
所有公民有工作的权利,有权选择适合自己专业、就业地点,有权为自己创造健康安全的工作条件。禁止强迫性劳动,除在法律规定的情况之外。
Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine hem hiline laýyklykda hak almaga haky bardyr. Bu hakyň möçberi döwletiň bellän iň pes oňalga derejesinden aşak bolmaly däldir.
聘用的劳动者有权按照自己付出劳动的数量和质量获取相应的工资。这项标准不得低于规定的最低工资标准。
Zähmetkeşleriň dynç almaga hukugy bardyr. Hakyna durup işleýän adamlar üçin bu hukuk iş hepdesiniň çäklendirilmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlaryndan, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr.
劳动者有休息的权利。对于聘用的人员的这个权利反映在限定每周休息时间、享受带薪休假以及每周有休息日。
Döwlet adamlaryň ýaşaýan ýerinde dynç almagy hem-de işden boş wagtyny netijeli peýdalanmagy üçin amatly şert döredýär.
国家有责任为人民创造放松的居住地点和合理利用空闲时间的条件。
Raýatlara saglygyny gorap saklamak, şol sanda hem döwlet saglygy saklaýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmak hukugy berilýär. Tölegli medisina hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.
公民健康权的保护,包括免费在国家医疗保健机构享受医疗服务。支付医疗服务费用的按照国家法律规定进行实施。
Raýatlar garran, näsaglan, maýyp bolan mahalynda, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan wagtynda, olaryň sosial üpjünçilikden peýdalanmaga hukugy bardyr.
老年、患病、残疾、丧失工作能力、失去了养家糊口的人、失业的公民有享受社会保障的权利。
Köp çagaly maşgalalara, ene-atasyndan mahrum bolan çagalara, urşa gatnaşanlara we döwletiň ýa jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren beýleki adamlara jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär. Bu hukugy durmuşa geçirmegiň tertibi hem şertleri kanun esasynda düzgünleşdirilýär.
国家利用社会公共资金对多子女家庭、孤儿、退伍军人其他失去健康的公民提供更多的支持和补贴。这些权利的手续和条件是由国家立法机构视情况进行调整和制定。
Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adamyň döwlet okuw jaýlarynda mugt bilim almaga haky bardyr.
每个公民都有受教育的权利。必须普及普通中等教育,,每个人都有权获得在公办学校接受免费教育。
Guramalaryň we raýatlaryň kanunda bellenen esaslara hem tertibe görä, tölegli okuw jaýlaryny döretmäge haky bardyr.
组织和公民均有权依法创建民办学校。
Türmenistanyň raýatlarynyň öz çeper, ylmy döredijiligini erkin alyp barmaga hukugy bardyr. Raýatlaryň ylmy-tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde, raýatlaryň döredijilik hukuklary we bähbitleri kanun arkaly goralýar.
土库曼斯坦所有公民享有艺术创作、科学创造的权利。对从事科学创造、绘画、文学和活动的公民的权利和利益受法律的保护。
Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň we halkyň döredijiliginiň, bedenterbiýäniň ösdürilmegine ýardam edýär.
国家促进和扶持科学、文化、艺术和人民创作以及体育运动的发展。
Raýatyň we adamyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy olaryň jemgyýet we döwlet öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
每一个公民的权利和自由的实现与他们对社会和国家履行的义务是密不可分的。
Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek kişi hemmä umumy harby borjuny ýerine ýetirmelidir.
保卫土库曼斯坦是每一个公民的神圣义务。土库曼斯坦的男性公民在达到一定年龄后必须复兵役。
Türkmenistanyň raýatlary kanunlarda bellenen tertipde hem möçberde döwlet salgytlaryny we gaýry tölegleri tölemäge borçludyrlar.
土库曼斯坦公民必须按照有关法律规定的方法和数额缴纳税费和其他税种。
Hiç bir adamy öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur etmek bolmaz.
任何人不得被强迫提供针对自己或者是近亲的证明和说明。
Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organy Türkmenistanyň Halk maslahatydyr.
最高人民政权代表机构是土库曼斯坦人民代表大会。
Türkmenistan şu aşakdaky administratiw-teritorial pudaklardan: welaýatlardan, etraplardan, etrap hukukly şäherlerden ybarat bolup, bularda döwleti dolandyryş organlary döredilýär; şonuň ýaly-da şäherlerden, şäherçelerden we obalardan ybarat bolup, bularda öz-özüňi dolandyryşyň ýerli guramalary döredilýär.
土库曼斯坦的行政系统划分为:州、地区、地区市(与地区平级),这里都设有国家行政管理部门机关;之外,土库曼斯坦行政系统还划分为由地方自治机关管辖的城市、乡镇和自然村。
Halk maslahatyna şu aşakdakylar girýär: Prezident;Mejlisiň deputatlary;Mejlis(her etrapda halk tarapyndan saýlanylan halk wekilleri.
人民代表大会组成成员包括:总统;全国人大代表;地方人大代表。
Halk wekilleriniň ygtyýarlylyk möhleti — bäş ýyl, olar öz borçlaryny mugt ýerine ýetirýärler.
人大代表的任期一般为5年,他们从事工作是没有报酬的。
Halk maslahatynyň garamagyna teklipler girizmäge Prezidentiň, Mejlisiň ýa-da onuň Prezidiumynyň, ýa Halk maslahatynyň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan dörtden bir böleginiň haky bardyr.
总统、全国人大及其常务委员会,或者不低于总数为四分之一以上的人民代表有权提出议案交付全国人大讨论和审议。
Halk maslahatynyň işine Prezident ýolbaşçylyk edýär ýa-da Halk maslahatynyň agzalaryndan haýsy-da bolsa biri ýolbaşçylyk edýär.
最高人民权力机关的工作由总统或者人民代表大会的任何委员负责进行。
* * *