阅读:7247回复:10

[语言交流]从这儿能看到 ‹‹ Ruhnama ›› !

楼主#
更多 发布于:2008-02-06 00:02
http://www.ruhnama.info/ruhnama-tm/kitap-htm/kasam.htm

[ 本帖最后由 UyghurDadxah 于 2008-2-6 00:06 编辑 ]

最新喜欢:

跨境电商运营iMjmJ.Com跨境电商运营...
http://terjime.88448.com
沙发#
发布于:2008-03-16 21:32
Adamyň esasy synasy — göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiňem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi — maddy medeniýeti; ýüregi — dili, sazy; onuň akyly bolsa — milletiň pelsepesidir hem aňyýetidir.
一个人是由身体、心脏和头脑构成。一个民族也是由身体、心脏和头脑构成。身体是物质,心脏是语言和音乐,头脑则是民族的理念和思想。

Türkmen asyrlarboýy diliniň, sazynyň hem döwre guramasynyň arassalygyny, özboluşlylygyny saklamagy başarypdyr. Munuň aňyrsynda onuň milli buýsanjy — özüne göwni ýetmesi bar. Hut şonuň üçinem, tas müň ýyl mundan ozal ýazylan eserleri-de arkaýyn okap oturmaly. Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň eserlerini ýa-da «Gorkut ata» eposyny okanyňda türkmen ruhunyň baýlygy buýsandyrýar. Diliň arassalygyny saklamak nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär we milletiň ömrüni uzaldýar. Sowet döwründe biziň dilimize gerekmejek sözleri salmaga synanyşdylar. Garaşsyzlygyň ilkinji aýlaryndan başlap, türkmen diliniň şireliliginiň, many goýazylygynyň, duýgy örüsiniň artyp ugrandygy tötänleýin zat däldir. Garaşsyzlyk türkmen dilini ýasamalykdan, dar galypdan halas etdi.
土库曼的语言和音乐经过了几个世纪依然保持了它的清澈和独特。究其原因,是他们民族的自尊心。所以一千年前的文章,我们今天依然阅读的非常轻松。当你阅读Hoja Ahmet Ýasawy(霍加·阿哈迈德·亚萨乌), Ýunus Emrä(伊努斯·艾姆亚), Nowaý(奈瓦依), Nesimi(奈塞米), Fizuly(非祖勒)的著作,以及阿塔科尔库特的史诗时,你会歌颂土库曼丰厚的精神。 保存质朴的语言,并延续几代人,由此也拉长了国家的生命。在原苏联时期,有人企图把外来语融入我们的语言,但土库曼语言的博大使它们无法融入,独立后从狭隘的思想中抢救土库曼语言。

Garaşsyzlyk diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem türkmen diline-de azatlyk berdi.
独立不仅为土库曼民族带来了自由,而且也为了土库曼语言。

Biz, mundan beýläk-de dilimiziň arassalygyny saklamalydyrys. Elbetde, halkara adalgalary bolar. Ýöne türkmençe berip bolýan düşünjeleri olaryň dilimize ýat, gelişmeýän galyby bilen almaly däldiris.
从现在起,我们应该维护我们的语言清晰。当然,我们也要借用具有国际外来语,但是我们不应该借用在土库曼语言中正确表达并已经有的专业术语。

Diliň arassalygy hem sagdynlygy pikiriň saplygyndan hem sagdynlygyndan nyşandyr. Milletiň pikirleniş örüsi giňände, onuň dili hem baýlaşýar.
如果一种语言是明确的和健康的,那么这意味着用这种语言的想法也是明确和健康的。一个民族的视野越宽,那么他们的语言更加丰富。

Türkmen milli sazy — milletiň kalbynyň owazy. Türkmen sazynyň arassalygynyň, özboluşlylygynyň hem hiç bir özge halkyňka meňzemeýänligini dünýä ykrar edýär. Türkmen sazy çuňňur pelsepä ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. Şol häsiýet onuň many goýazylygyna eýe bolmagyna getiripdir. Umuman, söz sungaty — edebiýat bilen bilelikde saz sungaty türkmeniň esasy milli genisiniň ýüze çykýan ugrudyr. Türkmen dutarynyň owazy bu milletiň döredijilik paýhasynyň gaty aňyrdanlygynyň gözli şaýadydyr.
土库曼民族音乐的核心是曲调。全世界目击土库曼音乐的清晰度和独特性,土库曼音乐不同于其他音乐,它具有深刻的哲学意义。这是土库曼音乐的特性。所以土库曼人通过艺术、言论、文学和音乐来表达自己的思想。土库曼的都塔尔的声音是这个民族创造性的一个清楚的标志。

Türkmeni beýleki halklardan tapawutlandyrýan esasy zatlaryň biri-de, onuň dine garaýşy hem gatnaşygydyr. Diniň iň güýjäp, möwç uran asyrlarynda-da biziň milletimiz dine garaýşyny şol durkunda saklapdyr. Munuň düýp sebäbi türkmeniň zandynda, ýasawynda bar bolan dünýewilikdendir. Ol hemişe hakyky durmuşy hem onuň rüstem kanunalaýyklyklaryny esasy orunda goýupdyr. Ol hatda yslamy kabul edende hem özboluşly kabul edipdir. Yslamyň baş ýörelgelerine dil ýetirmezden, olary gyşartmazdan hem bozmazdan, türkmen özüniň yslamdan öňki ynançlaryny, käbir däplerini bir ýandan goýman gelipdir. Bu-da onuň millet hökmündäki ömrüne ömür goşupdyr, çünki onuň özeniniň bir durkuny saklamagyny üpjün edipdir.
对于宗教信仰的态度又是区分土库曼人民不同于其他民族的一个特征。 宗教在我们民族是占主导地位,宗教观一直是同一的,即使在几个世纪之前。其主要原因是世俗化的、具有内在性格的土库曼民族。人民根据宗教的规则来规范自己的生活,他们已经接受伊斯兰的全部规则,他们无需偏离伊斯兰的原则,并把自己的传统融入到了伊斯兰。因为这样土库曼民族能保护他们自己的信仰基础,加强了自己的生活。

Türkmeniň dünýewi milli häsiýeti onuň taryhy ýaşaýşynyň geň galdyryjy demokratizmi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Synpy aratapawutlaryna seretmezden, möhüm syýasy we gaýry meseleler çözülende baýyň-garybyň deňhukuklylygy, maslahatda baýlardyr garamaýaklaryň arasynda biri-birinden daşda durmak ýa-da göwnüýetmezçilik meýilleriniň ýoklugy, aýal-gyzlaryň erkinligi hem maşgala, hatda jemgyýetçilik durmuşynda işjeňligi — bularyň bary din babatda türkmeniň köre-kör ynançly bolmazlygyna getirýär. Türkmen jemgyýetinde ruhanylar aýratyn bir gatlak bolup ýaşamandyrlar. Olar, köplenç, halkyň maksatly ruhy hajatlaryna — azan aýtmak, nika gyýmak, jynaza çykmak we ş.m.-ler — hyzmat edipdirler. Mundan başga-da, dini sowatlylyk umumy bilimleri ýaýratmak üçin uly ähmiýetli bolupdyr. Emma dini syýasy göreşiň serişdesine, baknalygyň guralyna öwürmek hiç kimiň kellesine-de gelmändir. Din türkmende hemişe şahsy ynanjy berkitmegiň hem adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiň usuly bolupdyr.
土库曼世俗和民族特性的密切关系,加深了他们历史以来对民主的理解。以下事态发展表明土库曼不相信盲目:消除分歧、法律面前穷富平等、会议上穷富统一凝聚、没有不满的言论、妇女自由、妇女活跃在家庭和社会生活之中。宗教界的并未形成不同层次的土库曼社会阶层,他们一般服务于宗教的社会需求,例如参加阿依提、尼卡哈、杰纳兹等活动。此外,宗教教育对自然科学的发展是重要的,但是没有人想到把它变成一种政治斗争和剥削的工具。土库曼的宗教始终是为加强人的信念和提高人的素质的工具。

* * *
板凳#
发布于:2008-03-16 21:32
Eziz türkmen milletim!
我亲爱的土库曼民族!
 
Türkmen halky jepakeş halkdyr.
土库曼人民是勤劳的人民。
 
Türkmenistanyň üstünden uçarly uçup görmedigiňiz ýokdur. Bürgüt beýiklikden ýurdumyzyň üstünden uçsaň görýärsiň: haýsy tarapa seretseň gadym-gadym zamanlarda gurlup, gadym zamanlarda ýykylan şäherleriň sany hem ýok, sajagy hem.
从一架飞行的飞机看土库曼斯坦的鸟瞰图,将看到分别建在远古时代、在国家各个角落的一个个伟大的城市。

Ýokardan seretseň, dünýä ekin meýdanlary bolup ýatyr. Niräňe garasaň nobur, nowhana, ene ýap, ýap.
你可以从上面看到肥沃的土地和农田,无论你看那里,都可以看到灌溉运河。

Biz häzir türkmen topragynyň iki million gektaryna golaýyny özleşdirip ekin ekýäris. Emma ata-babalarymyz ol topragyň ähli ýerini özleşdirip, ekin ekipdir. Kesearkaçda, Balkan degresinde, Dehistanda, Misserianda, Hawaran düzlüginde, Merwde, Amulda, Ürgençde, Etrek-Gürgende... çekilen noburlar, nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar tutuş ýurdumyzyň jan damarlary ýaly ýurduň endam-janynda eriş-argaç. Ol ene ýaplar türkmeniň ýaşaýşa bolan söýgüsi, türkmen jepakeşliginiň alamatydyr.
今天,我们在土库曼的土地上耕种200万公顷的土地。但是,我们的祖先比现在的数量耕种的更要多。灌溉水渠、水坝、人工水池和自流井刷新着我国领土的Kesearkaç(凯尔基)、Balkan(巴尔干)、Dehistan(德黑斯坦)、Misserian(米塞日安)、Hawaran(哈瓦然)高原、Merw(马雷)、Amul(阿姆勒)、Ürgenç(乌尔根奇)、Etrek-Gürgen......。这些标志着土库曼人正在开始重要的生活,土库曼人是勤劳的。

Türkmen topragynda — Dehistanda, Misserianda, Ahalda, Garagumda, Lebap ýakasynyň çöllerinde çuňlugy iki ýüz, üç ýüz metre barýan çuňňur guýular bar. Olaryň hemmesi diýen ýaly şu gün hem bol suwuny ilatymyza bagyş edip durlar.
在土库曼的Dehistan、Misserian、Ahal、 Garagum(卡拉库姆沙漠)都有深200-300米的水井,并沿莱巴普海岸分布。今天,几乎所有的人都仍然需要我们为他们供水。

Häzirki döwürdäki ýaly mümkinçilikleriň ýok mahaly ata-babalarymyz akyp duran ürgün çägäniň göwsünden guýy gazyp, ojardan, gandymdan, sözenden çöwlük örüp ýeriň çeşmesine baryp bilipdirler. Ol guýular şeýle bir çuň, şeýle bir çuň, olar hut Ýeriň ýüregine baryp ýetýärler. Türkmen ol guýulara ýyldyzboýly guýular diýip at berýär.
我们的祖先,设法把地下的泉水挖成水井后,来浇注沙漠上的植物和围墙内的蔬菜,在那个时代,并没有象今天一样的设施,水井都打到地下最深的部分。土库曼人称这种水井为星星井(Ýyldyzboýlu),说明非常的深。

Ynha, türkmen milletiniň ýaşaýşa bolan söýgüsi!
土库曼民族的制造着生活的爱情!

Türkmen topragynyň ýüzden togsan böleginiň çölüstandygyny ýatlasak, türkmen halkynyň abadan ýaşaýşy üçin näçe müň guýy gerek bolandygyna göz ýetirmek kyn däldir. Şonça guýyny hem ata-babalarymyz gazypdyr, sebäbi olar parahat ýaşaýşa ummasyz uly baha kesipdirler. Çölüň jümmüşinde gabat gelýän takyrlarda toplanan suwy ýörite guýy gazyp, arly gyş ýygnap, arly tomus şol suw bilen mydar edipdirler. Olara sardobalar diýilýär. Çölde duşýan sansyz oýtak takyrlara gawun-garpyz, künji, mäş ýaly ekinler ekipdirler. Düme bugdaý ekip, galla hasylyny alypdyrlar! Uly-uly gardanlar gazyp, gyş gar ýaganynda garlary tokgalap-tokgalap gardanlara basyp, demrikdirip-demrikdirip üstüni çöp-çalam, onuň üstünem bir-iki metr galyňlykda gum bilen basyryp, tomusda gar suwuny ýaşaýyş şerbeti hökmünde içipdirler.
由此不难看出,土库曼斯坦90%的土地是沙漠,土库曼人民看见水井才能生活安心。因为他们清楚地认识到舒适的生活价值来自祖先开掘的那些水井。 他们在干旱的土地地下开挖水井,并收集和积累水,他们所有的季节都在使用那些水井中的水。这些水井称为Sardoba。在这些干旱的土地上,我们的祖先种植了甜瓜、西瓜、芝麻、扁豆,他们播种了麦子并且收获了它。我们建造了很大的储水池用来储存冬天的雪,然后,到了夏天用这些雪水浇灌戈壁上的树木,并达到了节约用水的目的。

Uzynlygy birnäçe kilometre ýetýän käriz gazyp, gara dagyň astyna nagym — tunnel çekip, dag astynda ýatan bal ýaly suwy ekin meýdanlaryna akdyrypdyrlar. Käriz örän çylşyrymly suwaryş desgasy.
他们建设1公里长隧道,成功地把水从山的一边向另一边引过来灌溉他们的土地。这些隧道是复杂的灌溉系统。

Kärizgenler birnäçe kilometr alyslykdan dagyň aşagyna garşy nagym gazyp başlaýarlar. Her otuz-kyrk metrden guýy gazyp, köwden çykýan daşy-gumy nowa bilen daşaryk çekýärler. Şol guýularyň başynda dag ýaly üýşüp duran gumy göreniňde, ata-babalarymyzyň durmuşy nä derejede söýendigine göz ýetirmek bolýar.
隧道一般建在山脚下,在这些隧道内,每隔30~40米有一个水井。他们把水井内的石头和沙子用柳条篮子,一筐一筐搬运出来。所以我们可以看见如果有一堆堆成小山一样的沙石时,傍边就有一口水井,我们以此可以明白对祖先的感情有多深。

Ýalaňaç, köse, üsti ygalsyz, çaý-çeşmesi az bolan daglardan ata-babalarymyz durnagöz suwy ekin meýdanyna akdyrypdyrlar.
我们的祖先设法将光秃、干旱、贫瘠的山浇水后变成肥沃的土地。

Eger türkmeniň bäş müň ýylda guran taryhy şäherlerini hyýalyňda dikläp bolsady, onda şol geçen möwsümde onuň guran şäherleri dünýäniň ähli ýerini doldurardy.  
如果土库曼的城市在5000千年的历史过程中保存下来,他们将填补世界上的所有大陆。

* * *
地板#
发布于:2008-03-16 21:31
Eziz türkmen!
亲爱的土库曼 !
 
Türkmen — seniň aňryň edermen halkdyr, edermenlik, batyrlyk — ata-babalarymyzyň tugy bolupdyr.
土库曼—您的祖先是慷慨的人民,宽厚和勇敢是我们的祖先的旗帜。
 
«Är ömri otuz ýaş» türkmeniň biten nakyly. Häli-şindi bolup durýan uruşlarda edermen ýigitler ölýär. Är ýigit är ykbalyna hem razy. Ol «Namartja olam, sagja olam» diýýäni duşmanyndan-da nejis görýär.
一个人的生活是30岁,是土库曼的一个最有名的谚语。我们勇敢的青年丧生在战争时代。那么另外一个勇敢的人接受他的命运。他们认为,为了生存我们可以低于我们的敌人,甚至有卑鄙的作为。

Edermen, batyr ýigitlere türkmen ummasyz uly sarpa goýupdyr.
土库曼总是尊敬勇敢的人。

Gorkut ata zamanalary är ýigitlere — däliler diýilýän eken. Däli Domrul, Däli Garçar. «Görogly» eposynda Däli Mätel, Harman Däli. Däli adyny göteren kişi — özüni watana bagyş eden kişi bolýan eken.
在阿塔科尔库特时期有一个勇敢的男人,那时格外勇敢的人被称为“疯狂”或“精神错乱”,比如疯狂的Domrul,疯狂的Garçar。 在Görogly史诗我们发现疯狂的Mätel和疯狂的Harman。 这些男子,他们被称为“疯狂”是因为他们为这个国家牺牲自己的生命。

Serkerdeler ýigitlerine: «Eger duşmany ýeňeýin diýseňiz, eger diri galaýyn diýseňiz, söweşe girmezden burun ölümiňizi boýun almalydyr!» diýip, ündew eder ekenler. Serkerdeler mamla, ölümini boýun alan şirleriň öňünde duşmanyň basyp alyp, talaňçylyk etmäge gelen goşuny durup bilmeýär.
长官对青年士兵说:“如果你要战胜敌人和生存,那么你首先应该接受战斗中的死亡”,长官的话是正确的,因为敌人军队也要战胜我们,所以我们要像狮子一样进行进攻,甚至死亡。

Bardy-geldi söweşde namartlyk etdimi, ol ýigide tamdyr külüni artdyrypdyrlar, başyna ýaglyk daňyp oba-oba aýlapdyrlar. Göroglyny ýada salyň, ol bir söweşde namartlyk eden Weli Hyrtman daga: «Başyňyzda elwan leçek» (ýaglyk) diýýändir. Jelaleddini ýada salyň: Yspyhan söweşinde Jelaleddiniň goşunynyň bir ganaty mongollary ýeňýär, beýleki ganaty ýeňilýär. Sebäbi şol tarapda söweşýän hanlaryň käbiri gaçýar. Söweşden soň Jelaleddin söweşden gaçanlaryň ählisiniň başyna aýal ýaglygyny daňdyryp, Yspyhana aýlapdyr... Onsoň türkmende namartlyk eden bolmaz! Şonuň üçinem ata-babalarymyz: «Ölümden aňyrda näme bar?» diýlip soralsa, «Namartlyk bardyr» diýipdirler Şu gün millet bolup her bir türkmeniň işinde, durmuşynda, pähiminde, paýhasynda uly mertlik bolmalydyr. Kynçylyklary ýeňmegi başarýan, özüni özi ykrar edýän türkmen bolmalydyr, şonda biz dünýä jemgyýetleriniň arasynda öz ornumyzy taparys.
胆怯的士兵首先学习从一个村到一个村的壁炉边清理骨灰,以加强他的胆量。
记住Görogly在战争期间说的一句话:“戴头巾就你的脑袋有问题”。伊斯法罕战争中Jelaleddin的军队的一支顽强地打败了那里的守军,另外一支由于受到敌人的顽强反击而退败。 战争结束后,Jelaleddin命令自己退败的那支部队戴着头巾在伊斯法罕街道上展示一下他们的狼狈状态。在此之后,再没有人显示胆怯。 因此,我们的祖先就回答了这个问题:“什么是死,就是胆怯”。今天那些英勇的行为应该出现在土库曼斯坦的日常工作、生活和思想中。

Gahrymançylygy durmuşynyň mazmunyna öwren halk edermen bolar!
英雄主义在生活中人们是要学习的。

Watany mukaddeslige göterip, watan üçin ölen ýigidiň ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan halk nädip edermen bolmasyn!
我们的国家神圣的,我们恳切地相信,那些为国家而牺牲的勇敢的人们永垂不朽!

Dört-bäş ýaşynda tez bedewe münüp, çagalykdan ýarag ulanmany öwrenip, söweş tälimini alan ýigit nädip edermen bolmasyn!
那些为战争在4、5岁就开始进行骑马训练的年轻人是勇敢的

Okaýan kitaplary, eşidýän dessanlary, diňleýän gep-gürrüňleri watan hem edermenlik barada bolsa, nädip halkymyz edermen bolmasyn!
在我们所有的书籍、史诗中所提到的那些为国家而牺牲的人们是勇敢!
 
«Görogly» eposynda Balybegiň weziri soltanyna: «Soltanym, türkmeni gul etjek bolsaňyz, şuňa düşüniň, ony, öňi bilen, bedew atyndan düşüriň» diýýändir.
在史诗Görogly中Balybeg的大臣对苏丹说:“我的苏丹,如果您想要土库曼人做奴隶,那么您首先要完成的事情就是采取一切赶走他们的马匹”。

Duşman ahyry oňa düşündi.
后世的敌人就是这样理解。

Geçen asyryň aýagynda türkmeni bedew atyndan düşürdiler...
在上一个世纪他们设法首先要制服土库曼人的马匹。

* * *
4#
发布于:2008-03-15 13:30
Üç sany ýer urup, ýetim galan dogan bolupdyr. Olar günleriň bir güni çölde ýaraman ýatan goja duşýarlar, ony göterip öýlerine getirip däri-derman edip, ýerli-ýerden ugruna seredýärler. Görüp otursalar, ol üç dogany synap görmek islän ýagşyzada eken. Bir gün ýagşyzada olara özüni tanadýar, baýlyk baryny berýär. Ýigitler öýlenip öýli-illi, mally-hally bolýarlar. Gelinlerem, allanämemiş, günleri bal bilen ýag ýalymyş.
从前,有三个孤儿兄弟。一天,他们在沙漠遇见了一个老人。他们把这为老人带到自己的家并且照顾了他。其实老人是一个非常富有的人,他只不过想测试一下这三个兄弟。老人给予他们很多的财富。年轻人买了家园和财产,他们与他们的妻子过着富裕的生活。

Günleriň bir güni üç dogan işe gideninde, ýagşyzada uly doganyň gelniniň ýanyna baryp:
一天,这三兄弟出外去办理他们的事情,老人走近大哥的妻子说:

— Gyzym, meniň müddetim doldy, men ýola gitmeli, näme gerek-ýaragyň bolsa dile — diýýär.
—我的姑娘!我将会离开,如果你需要什么东西,就向我提出。
 
Uly gelin baýlyk, tylla-teňňe dileýär. Goja ikinji gelniň gapysyndan hem barýar. Olam:
大哥的妻子要财富和黄金。然后走近老二的妻子,并且问了同样的问题。她回答说:
— Gitseňiz, sag-aman baryň. Bize şu-şu baýlyklary berseňiz bolýar — diýen. Goja ýagşyzada onuň diýeninem bitirip, haltasyny göterip, kiçi gelniň öýüne barýar.
—如果您要离开,那么我祝您一路平安,并祝您身体健康,如果您给我们的财富,我们将非常喜欢。
然后走近老三的妻子说:
— Gyzym, meniň barmaly ýerim köp, näme baýlyk gerek bolsa, dile, men gitmeli — diýipdir.
—我的姑娘!我将会离开,我身上有什么价值的东西,你想要。

— Atam, ozalky eden ýagşylyklaryňyza hem Alla ýalkasyn. Galsaňyz, didämiziň üstünde ornuňyz bar, gitseňiz hem sag-aman baryň... Bize beren baýlygyňyz bolýar, agzybirligi goýuň-da gidiberiň!
—我的老伯,真主非常赞成您这样对我们, 如果您呆在这里,我们真诚地欢迎您,如果您离开这里,那么我祝您一路平安,并祝您身体健康,财富赐予我们多少都是不够的,如果您确实想流给我们什么,那么请您给我们一个团结和完整。

Ýagşyzada lampa özüni ýere goýberipdir:
老人是高兴和说:

— Haý, gyzym, men agzybirligi goýup, hanjak gideýin. Meniň bar baýlygymyň açary agzybirlik. Men ömürlik siziňkide galmaly boldum.
—哦,我的姑娘,我无法给你团结和完整,我的唯一来源就是我的所有财富,因此,我应该和您呆在一起直到我的生命结束。

Köne türkmen rowaýaty — ýagşyzada häzir türkmen topragynda gögerip hasyl berip başlady. Ýadyňyza salyň, on sekizinji asyrda beýik Magtymguly türkmenleriň agzybirligini dikeltjek bolup, nähili gygyrdy, bagryny ýakdy, emma ony eşitmediler. Sebäbi türkmeniň başyny bir edip oturan serdary ýokdy! Bir tiräniň hany ikinji tiräniň hany bilen bir çukura tüýkürip birleşmegi üçin biriniň kiçiräk bolmagy gerekdi, emma, hany, kiçelip bilýän han?
现在这个土库曼的故事在土库曼的疆土成为了现实。记得马赫图姆库里在18世纪为土库曼的统一和完整作出了很大的努力。无论他如何努力,别人都不听他的话,因为没有人能带领土库曼。一个部落的汗与另外一个部落的汗无法一起团结起来,也没有一个汗把自己的位置出让,我们的汗难道不明白这个道理吗?

Halkymyzyň, ýurdumyzyň agzybirligi haçan mizemez bolýar? Haçan biziň kalbymyzda, ruhumyzda döwlet agzybirligi doga kibi gaýtalanýan bolsa...
何时才能统一和完整,我们的人民不退化?现在我们凝聚我们的团结和精神,我们来接受这个统一和完整。

Serediň, biz beýik Eýran döwleti bilenem, özbek, gazak doganlarymyz bilenem, Owganystan bilenem dogan-dost bolup ýaşaýarys.
看!我们现在同伟大的邻国伊朗一起,与我们的乌兹别克和哈萨克兄弟一起,与我们的阿富汗穆斯林兄弟一起,生活在友爱和友谊之中。
 
Sen, raýat, öňi bilen, goňşyň bilen, golaýyň bilen dogan bolup gatnaşmaly. Bir oba ikinji oba bilen, bir taýpa ikinji taýpa bilen, bir etrap ikinji etrap bilen, bir welaýat ikinji welaýat bilen doganlyk gatnaşygyny saklamalydyr.
你们,首先自己一起,邻居一起,亲戚一起,兄弟一起,村和村一起,部落和部落一起,城市和城市一起,搞好这个关系。

Biziň agzybirligimiz her bir maşgaladan başlasa, mizemez bolar!
如果我们的每个家庭都是统一和完整的,那将是非常强大的!

Agzybirlik — ojakdyr. Agzybirlik saçakdyr! Ojagyňyz keramatly, saçagyňyz halal bolsun!
统一和完整,就像一起壁炉边,就像一起在就餐。

Agzybirlik — döwletiň ambary, hazynasydyr! Hazyna halkyňky! Hazynasyny goramaýan halk özüni ýitirer.
统一和完整,是国家的国库!国库属于人民!国库应该让人民自己看得见。
 
Agzybirlik — ebedi türkmen milletiniň baş ýörelgesidir!
统一和完整,将是土库曼民族永恒的根本原则。
5#
发布于:2008-03-14 16:39
     Ozallar halkymyz asmandaky Akmaýanyň ýoluna Oguz ýaýy diýipdir.  
      我们的人民称银河系为乌古斯汗的弓。

      Gorkut atamyz zamanyna deňiç Amyderýanyň ady Oguz derýasy bolupdyr.
      阿塔科尔库特时代称Amyderýa的名字为乌古斯河。

      Asmandaky Öküzler atly ýyldyzlar toplumyna ozal Oguz ýyldyzlar toplumy diýlipdir. Oguz ýyldyzlar toplumy doganynda oguzlar ýazlaga çykypdyr, ýaşanynda gyşlagyna gaýdyp gelipdir.
      在过去,天上的金牛座星星称为乌古斯星星。当乌古斯星星在天空上升的时候,高原的玫瑰就盛开,当乌古斯星星在天空下沉的时候,就意味着冬天即将来临。

      Gorkut ata zamany oguzlar häzirki Hazar deňzine Gürgen deňzi diýer ekenler. Eýrandaky Gürgen welaýaty, Magtymguluda köp duşýan Gürgen ady biziň gadymy oňonymyzyň — Gurduň adydyr. Oguzlar özlerini gurtganly, möjek ganly hasaplapdyrlar. Oguz han atamyz ýörişe gideninde mydama öňüne möjek düşürip gider eken.
      在阿塔科尔库特时代乌古斯人把现在的里海称为古尔根海。古尔根名称出现在伊朗的城市名字,我们在Magtymguly诗常常地发现,我们老的图腾狼与它的名称是一样的。乌古斯人认为自己的热血来自狼的热血。在战争年代,乌古斯汗的前面总是有一只狼。

      Türkmen ogly ýalňyzlyk basyp, gussa laýyna batanynda hem, mes bolup, kalby gursagyna sygmaýan çagy hem tebigata, daglara, deňze, derýa ýakasyna, çölüstana çykýar. Zawlarda, derelerde paý-pyýada aýlanyp, kötel gerişlere çyksaň, göwnüň çaga batböregi ýaly gökde gaýyp başlaýar, şol pursat ýalançy atlandyrylýan dünýäniň ähli derdi-azaryny unudyp, adam öz ruhy dünýäsine garylýar. Emma ýedi yklymy aýlanyň, siz türkmeniň dagyndan ýüz esse gözel, goýny jennet bilen barabar ümürsin tokaýly daglara duşarsyňyz, emma ol daglar ne siziň diliňize düşüner, ne siziň gursagyňyzdaky derdiňizi bölüşer. Siz şu ýurtdan başga ýerde kalbyňyzdaky derdi sokga sorýan çöllerem, deňizlerem, türkmençe aýdym aýdyp, türkmençe saz çalyp ýagýan çabgalaram tapmarsyňyz.
     土库曼人从本质上就喜欢山、海、河和沙漠,当他感到孤独时,当他心绪不宁时,这些会让他们非常的愉快。如果你走在攀登高山、跋涉河流时,你的心将像开始飞的风筝一样,在那一刻起,人们就会忘记世界上的所有痛苦和苦难,人们的精神世界将融入到那里。 如果你到世界各地,就会发现那里的高山和森林比土库曼的强100倍,更加美丽,就像天堂。但是这些高山和森林不能分担你们的痛苦,在外面你无法找到与土库曼一样的沙漠、海洋、乐器和歌声。

      Bizi saçak ýaly daşyna jemläp duran diňe ene dilimiz, döwletimiz, ganymyz, ruhumyz, gylyk-häsiýetlerimiz, ýüz-keşpler meňzeşliklerimiz, däp-dessurlarymyz däl, tebigatymyz hem daşyna jem edip dur. Çünki türkmen diýmek — bitewilik diýmekdir. Bitewilik türkmen aňynda aňrybaş uly gymmatlyk hökmünde aňlanylýar.
      我们团结在一起的不仅是我们的母语、我们的国家、我们的血液、我们的灵魂、我们的服装、我们相似的面孔、我们的传统以及我们所有的自然,主要是土库曼的完整,完整,可以理解为土库曼的最高的构想。

      Tebigat hem ruhyýet — türkmen bitewiligini hasyl edýän gymmatlyklardyr.
      精神文明是土库曼最完整、最有效的价值。

       Biziň zamanymyz üçin millet bilen döwletiň arasynda, tebigat bilen adamyň arasynda bolşy ýaly sazlaşykly gatnaşyklar gerekdir. Döwletimizde tire-taýpa tapawutlar bolmaly däldir, milli bitewiligiň ähli esaslary barha köpelmelidir. Milletiň ýüzi — geljege sary, tire-taýpaparazlyk bolsa, türkmeniň geçmişidir.
      人类与自然关系的平衡也需要国家和民族的关系,在我们的国家,不应该存在人与人之间的歧视。应该强调巩固民族团结的根本性问题,对未来的看法不能停留在过去怎么构思部落的想法上。

      Türkmen topragynyň mylaýym ýelleri türkmençe öwsüp, kalbyňyzdan mylaýym akyp geçýär.
      温和宜人的海风吹过土库曼土地,在土库曼人的心脏里飘动。

      Türkmeniň başyny asmana diräp duran gara daglary türkmençe söhbet edip, size arka bolup dur, ümmülmez giň çöllerem türkmençe gürläp, pasly baharlar siziň kalbyňyzda lälezar bolup açylýar.
      土库曼的语言通过高山,到达土库曼的天空,又蔓延到土库曼的沙漠,你的心就像春天郁金香盛开的花园。

      Türkmeniň tereň derýalary türkmençe gürleşip, ykbalyňyzyň içi bilen akyp geçýär, möwçli deňzi türkmençe gürleşip, goýnunda ruhuňyza ruh goşýar.
      土库曼的语言就像河流一样和你一起流动,土库曼的语言就像大海的波涛一样增长你的灵魂。

      Siziň ruhuňyz ata-baba ruhy bilen birleşip, siziň kalbyňyza buýsanç, hyruç, söýgi bolup dolýar.
      你的灵魂与祖先的灵魂一起结合,并且填补了你的心脏充满着爱、自豪感和热情。

      Oguz hanyň taglymaty halkyň hakydasynda Oguz hanyň ýoly bolup galypdyr.
      留在记忆的乌古斯汗的道路就是我们的发展方式。

      Gorkut ata taglymaty halkyň hakydasynda Gorkut ata ýoly bolup galypdyr.
      留在记忆的阿塔科尔库特的道路就是我们的发展方式。
  
      Görogly begiň taglymaty halkyň hakydasynda Görogly ýoly.
      留在记忆的考尔古勒伯克的道路就是我们的发展方式。

      Magtymguly atamyzyň taglymaty halkyň hakydasynda Magtymguly ýoly bolup galypdyr.
      留在记忆的阿塔Magtymguly 的道路就是我们的发展方式。

      Garaşsyz, baky Bitaraplyk ýolumyz türkmen milletimiziň mähir-muhabbetinden, arzuw-telwasyndan, asylly maksatlaryndan dörän, Altyn asyrda altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşadýan ýoldur. Bu ýol türkmeniň bakylyk-dowamat ýoludyr.
      同胞们,土库曼民族的亲情、爱情、希望、欲望和基本目标组成了我们的独立性和公正性,黄金世纪、黄金精神,用黄金建造的道路。这条道路是土库曼永恒的道路。

      Türkmende ýol sözüniň manysy kän.
      土库曼的道路在变化的。

      Dünýäde ýol goýanlar taryha girýär, ýol ýitirenler il içinde hem näletlenýär.
      世界上的道路都被记录在历史上,偏离道路的那些人会被咒骂。

      Gyş. Agyr gar güpüläp düşýär. Irden turan öý eýesi ilki goňşusynyň mellegine çenli gary ardyp, ýol çeker. Soňra ojagydyr, tamdyryna çenli...
      在冬季,当雪涵盖一切时,人们会清扫自己家门前道路的积雪,然后向炉膛...

      Ýollaryň ýagşysy hassa kişini soramaga alyp barýan ýoldur. Pygamberimiz aýtmyşlaýyn, hassa soramaga barýan wagtyň ömrüň umumy hasabyna urulmaýar.
      最好的办法是去看望一个有病的人。我们的先知告诉我们,当一个人有病时,应该去探望他们。

      Ýollaryň ýagşysy — ynsan kalbyna barýan ýoldur.
      最好的办法是审阅一个人的内心。

      Ýollaryň ýagşysy — adalat, dostluk, doganlyk, parahatlyk ýoludyr.
      最好的办法是正义、友谊、博爱、和平。

      Ýollaryň ýagşysy — halkyň ýoludyr.
      最好的方法就是人的道路。

      Halkyň ýoly — Hakyň ýoludyr!
      人的道路就是真主的道路!
6#
发布于:2008-03-02 22:08
据说,因为土库曼人杀死了499个到花拉子模的蒙古使节,致使蒙古人对中亚发动了战争。

那么,阿拉伯人、中国人、欧洲人可没有杀死蒙古的人,那里人也照样残死在蒙古的屠刀之下。
7#
发布于:2008-02-24 13:21
土库曼民族是伟大的民族,他们建立过70多个国家以及文明,可惜许多历史、文明让蒙古毁灭了。
其中最著名的是:
塞尔柱帝国
嘎勒莽帝国
奥斯曼帝国
花拉子模帝国
白羊王朝
黑羊王朝
撒拉尔王朝等等
8#
发布于:2008-02-18 11:30
非常好的RUHNAMA,中国撒拉尔准备将RUHNAMA作为教材使用。
9#
发布于:2008-02-08 15:02
我非常喜欢已故土库曼总统的巨著 ‹‹ Ruhnama ›› 。

BIRINJI BÖLÜM

TÜRKMEN

BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN

Eziz halkym!

Mähriban milletim!

Gudraty güýçli, bu täsin dünýäni döreden eziz Taňrynyň ýüregime salan emri esasynda dörän kitap — türkmeniň Ruhnamasydyr.

Adamzat döräli bäri Beýik Alla türkmen milletini taryhyň dürli döwürlerinde uly-uly synaglardan geçirdi. Meniň halkym ol synaglaryň öňünde durup bildi. Aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda Ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, seljuk türkmenleriniň şalyklaryny, Köneürgenç türkmen döwletini — jemi 70-den gowrak döwlet döretdi.

Türkmen halkynyň Nuh alaýhyssalamdan gaýdýan uly taryhy ýoly bar.

Nuh alaýhyssalam öz ogullaryndan Ýafesiň zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip berdi.


第一个部分

TÜRKMEN

以最高尚阿拉的名义,

我的心爱的人民!

我的亲爱的民族!

这个书,写在启发帮助下被送到我的心脏由创造这美妙的宇宙,是土库曼Türkmen Ruhnama。

真主暴露了Türkmen国家在巨大和困难的问题从人类的创作。 我的人民顺利地穿过了这些困难时期。 历史回去5000年,乌古斯可汗的期间的Türkmen人民,造成在东地中海和印度之间的土地涌现,和的确的普遍价值,不可能被低估。 在它自己的土地, Türkmen人民建立了超过70个民族,包括:Altyndepe、Marguş、Parfiya、Seljuks和Köneürgenç等。

Türkmen人又回到先知诺亚的了不起的历史。

先知诺亚的儿子雅非和他的后裔给了Türkmen土地。
10#
发布于:2008-02-06 00:07
我喜欢的作品,希望朋友们也喜欢!
http://terjime.88448.com
游客

返回顶部