20#
MEMLUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
马木鲁克土库曼王朝
马木鲁克土库曼王朝
Bu döwlet 1250-nji ýylda Müsürde soltan Aýbeg Türkmen tarapyndan binýat edildi. Onuň hökümdarlygy 1257-nji ýyla çenli dowam etdi. Ondan soň ýerine hökümdar bolup Gutuz geçdi, onuň hökümdarlygy 1260-njy ýylda mongollara garşy söweşde ýeňşi bilen şöhratlandy. Şeýlelikde, mongollar türkmenleriň batyrlygy netijesinde Müsüre girip bilmedi.
这个国家于公元1250年由苏丹艾依伯克土库曼在埃及建立。苏丹艾依伯克的统治持续到1257年。之后,库土兹取代了艾依伯克的位置,他于公元1260年战胜了蒙古人而出名。由于这次胜利,蒙古人未能涉足土库曼人统治的埃及。
Memluklar hökümdarlygy 1527-nji ýyla çenli türkmen-yslam döwlet dessuryna nusga boljak şekilde dowam etdi.
马木鲁克根据土库曼和伊斯兰传统统治这个国家,直到1527年结束。
RESULOGULLARY TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
热苏里奥乌鲁土库曼王朝
Resulogullary Ýemene gelen türkmenlerdendir. Eýýubylar bilen Müsüre gelen türkmenleriň arasynda Resul lakamly Muhammet ogly Karun atly türkmen begi bolupdyr. Hökümdar Salahaddin Eýýuby dogany Turan şany Ýemene iberýär, Resulogullaryna bagly türkmenler onuň ýygynynda eken. Resulogullaryndan Nureddin beg döwlet hyzmatynda bolup, ähmiýetli wezipelerde işleýär. 1228-nji ýylda Eýýuby hökümdary Mälik Mesudyň ölmegi bilen ol Ýemende hökümdarlygyny yglan edýär, şeýlelikde Resulogullary döwletiniň düýbi tutulýar. Bu ýurt 1455-nji ýyla çenli Nureddin begiň hem ogullarynyň hökümdarlygynda bolýar.
热苏里奥乌鲁们是来到也门的土库曼人。这个国家的名字出自外号为热苏里的土库曼伯克穆罕默德的儿子卡伦,他是埃及的艾优布土库曼伯克。统治者萨拉丁-艾优布早先把他的弟弟图兰沙派到也门,热苏里奥乌鲁土库曼人实际上就是图兰沙的军队。然后在热苏里奥乌鲁人中努尔丁伯克担任了国家里面的职务,并且得到了主要位置。公元1228年艾优布的统治者马里克-迈苏德去世以后他宣布成为也门的统治者,奠定了热苏里奥乌鲁国家的基础。之后努尔丁伯克的儿子们统治了这个国家直到1445年结束。
Bu türkmen hökümdarlygy halka mähir-muhabbet görkezip, abadançylyk işlerini amal edip, Ýemen taryhynda gaty gowy hatyra galdyrypdyr.
这个土库曼人统治的国家老百姓安居乐业,建造的各类设施由于出名而载入也门的历史。