20#
发布于:2008-05-30 11:56
MEMLUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
马木鲁克土库曼王朝 Bu döwlet 1250-nji ýylda Müsürde soltan Aýbeg Türkmen tarapyndan binýat edildi. Onuň hökümdarlygy 1257-nji ýyla çenli dowam etdi. Ondan soň ýerine hökümdar bolup Gutuz geçdi, onuň hökümdarlygy 1260-njy ýylda mongollara garşy söweşde ýeňşi bilen şöhratlandy. Şeýlelikde, mongollar türkmenleriň batyrlygy netijesinde Müsüre girip bilmedi. 这个国家于公元1250年由苏丹艾依伯克土库曼在埃及建立。苏丹艾依伯克的统治持续到1257年。之后,库土兹取代了艾依伯克的位置,他于公元1260年战胜了蒙古人而出名。由于这次胜利,蒙古人未能涉足土库曼人统治的埃及。 Memluklar hökümdarlygy 1527-nji ýyla çenli türkmen-yslam döwlet dessuryna nusga boljak şekilde dowam etdi. 马木鲁克根据土库曼和伊斯兰传统统治这个国家,直到1527年结束。 RESULOGULLARY TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 热苏里奥乌鲁土库曼王朝 Resulogullary Ýemene gelen türkmenlerdendir. Eýýubylar bilen Müsüre gelen türkmenleriň arasynda Resul lakamly Muhammet ogly Karun atly türkmen begi bolupdyr. Hökümdar Salahaddin Eýýuby dogany Turan şany Ýemene iberýär, Resulogullaryna bagly türkmenler onuň ýygynynda eken. Resulogullaryndan Nureddin beg döwlet hyzmatynda bolup, ähmiýetli wezipelerde işleýär. 1228-nji ýylda Eýýuby hökümdary Mälik Mesudyň ölmegi bilen ol Ýemende hökümdarlygyny yglan edýär, şeýlelikde Resulogullary döwletiniň düýbi tutulýar. Bu ýurt 1455-nji ýyla çenli Nureddin begiň hem ogullarynyň hökümdarlygynda bolýar. 热苏里奥乌鲁们是来到也门的土库曼人。这个国家的名字出自外号为热苏里的土库曼伯克穆罕默德的儿子卡伦,他是埃及的艾优布土库曼伯克。统治者萨拉丁-艾优布早先把他的弟弟图兰沙派到也门,热苏里奥乌鲁土库曼人实际上就是图兰沙的军队。然后在热苏里奥乌鲁人中努尔丁伯克担任了国家里面的职务,并且得到了主要位置。公元1228年艾优布的统治者马里克-迈苏德去世以后他宣布成为也门的统治者,奠定了热苏里奥乌鲁国家的基础。之后努尔丁伯克的儿子们统治了这个国家直到1445年结束。 Bu türkmen hökümdarlygy halka mähir-muhabbet görkezip, abadançylyk işlerini amal edip, Ýemen taryhynda gaty gowy hatyra galdyrypdyr. 这个土库曼人统治的国家老百姓安居乐业,建造的各类设施由于出名而载入也门的历史。 |
|
21#
发布于:2008-05-30 11:57
OSMAN TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
奥斯曼土库曼帝国 Bu döwlet seljuk türkmenleriniň nebereleri tarapyndan Anadoluda 1300-nji ýylda Marydan ikinji ýöriş eden seljuk türkmeni Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazy tarapyndan binýat edildi. 这个国家由奥斯曼加齐于公元1300年在安纳托利亚建立,他是来自于马鲁的塞尔柱土库曼人阿尔托格鲁尔加齐的儿子。 1071-nji ýylda Çagry batyryň ogly Alp Arslan Rum iliniň derwezesini açmak üçin Wizantiýa hökümdarlygy bilen gazaply söweş edýär. Bu söweşde türkmenler uly ýeňiş gazanýarlar. Gysga wagtyň içinde tutuş Anadolyny ele geçiren türkmenler bu ýere yslamy ýaýradyp, halkyny türkmenleşdirip başlaýarlar. Malazgirt söweşiniň netijesinde Anadoly türkmenleriň eline geçýär. 1071年上察格尔巴图尔的儿子阿里普-阿尔斯兰为了取得开启罗马大门的权利同拜占庭的统治者进行了一场激烈的战斗,并且取得了巨大的胜利。土库曼人很快地取得了对这个安纳托利亚的统治,土库曼人在这个地方进行伊斯兰教的传播,人们在土库曼人的带领下,彻底征服了安纳托利亚。 Anadoluda 1075-nji ýylda Anadoly türkmen döwleti gurulýar, bu döwlet 1308-nji ýyla çenli dowam edýär. Eýýäm 1300-nji ýyllara çenli Anadoly seljuk türkmenleriniň döwleti dagap başlaýar. Onuň ýerini ýuwaş-ýuwaş türkmen beglikleri alýar. Taryhda Osman türkmen döwletini döreden şol türkmen beglikleridir. 公元1075年在安纳托利亚成立了土库曼王朝,这个国家在1308年彻底崩溃。那么1300年安纳托利亚塞尔柱土库曼人领导的国家开始衰落。把这个土地逐渐的由众土库曼伯克国家所占据。历史上的奥斯曼土库曼帝国就是由这些伯克们一并建立的。 Olaryň başyny Ärtogrul gazy çekipdir, özüniň dört ýüz türkmen atlysyna baş bolup gelendigi aýdylýar. Ärtogrul gazy dogany Dündar bilen Anadolynyň ýollaryny baglaýar. Beýleki iki dogany Gündogdy bilen Sungur hökümdar Horasana dolanýar. 他们的头领就是阿尔托格鲁尔加齐,他带领400个土库曼骑兵来到了这里。阿尔托格鲁尔加齐和弟弟敦达尔一起截断了安纳托利亚的道路。而他的二个弟弟坤多格德(东方)和苏古尔统治了呼罗珊。 Ärtogrul gazy «Bu 400 türkmen öýlüden bir döwlet dünýä iner» diýip, altyn sözleri aýdypdyr. 阿尔托格鲁尔加齐说:这个400个土库曼骑兵家庭就是世上的一个国家。这是金子一样的话语。 Olar Anadoluda birnäçe ýerlerden geçip, 1270-nji ýylda Söwüdi wizantiýalylardan basyp aldylar. Seljuklylaryň soltany Alaeddin Keýkubat bu ýeňşi üçin Söwüdi oturmaga, Domaniç we Ermeni dagyny bolsa, ýaýla üçin Ärtogrul bege berdi. Ärtogrul beg tiresi bilen Söwüde ýerleşdi. Ol 1281-nji ýylda 93 ýaşynda wepat bolýar. 他们在安纳托利亚各个地方进行战斗,1270年上终于取得了夺取拜占庭帝国的苏乌德。由于取得了这场战役的胜利,塞尔柱苏丹阿莱丁-凯库巴特把苏乌德赏赐给了阿尔托格鲁尔伯克居住,并且把多马尼切和艾尔迈尼山也赏赐给了。阿尔托格鲁尔伯克和族人一起居住在苏乌德地区。他去世在1281年,终年93岁。 Ärtogrul gazydan soň begligiň başyna ogly Osman geçdi, 1300-nji ýylda bolsa, Anadoludaky türkmen begleri toplanyp, uly döwlet döretdiler. 经过阿尔托格鲁尔加齐之后统领众多伯克国的头领是他的儿子奥斯曼,1300年到来时,安纳托利亚的众多土库曼伯克国家一起合并成为一个大国家。 Osman gazy Ärtogrul begiň üç oglundan biridir. Osman beg beýleki doganlaryndan aýratyn tapawutlanmaýardy, ýöne barypýatan bir häkimiýetçilik häsiýeti bardy. Kakasy wepat bolandan soňra, tiräniň ähli begleri hem Osman gazynyň tiräniň başyna geçmegini isleýärler. 奥斯曼加齐是阿尔托格鲁尔三个儿子之一。奥斯曼伯克是杰出的,和他的二个兄弟不同的地方就是具有远见的坚定个性。他的父亲去世以后,他成功地将众多土库曼伯克统一领导在他之下。 Ol begligiň başyna geçen wagty 23 ýaşynda bolupdyr. Osman beg türkmeniň görmegeý ýigidi bolupdyr, ol uzyn boýly, giň döşli, galyň we çytyk gaşly, ala gözli we goç burunly bolupdyr. Iki gerdeniniň arasy gaty giň bolupdyr, göwresiniň bilden ýokary bölegi aşaky bölegine görä has uzyn bolupdyr. 他掌握这个权力只有23岁。奥斯曼伯克是一个英俊的土库曼青年人,他身材高大,魁梧和均称,黑色的眉毛,灰色的眼睛,鹰钩鼻子。他的肩膀很宽,身体的上部比下部长。 Kakasy Ärtogrul gazy ölüm ýassygynda ýatyrka, şeýle wesýet edipdir diýip taryhy çeşmelerde görkezilýär: «Oglum! Ölümine boýun egmän dünýä gelen hiç bir adam ýokdur. Maňa-da Hezreti Allanyň emri bilen ölmüm ýakynlaşdy. Bu döwleti saňa amanat edýärin. Seni hem Taňra tabşyrdym. Her işiňde adalaty ýokarda goý». 当阿尔托格鲁尔加齐在他临终前,对他的儿子留下遗言:啊!我的儿子!死亡到来时没有任何一个人可以避免。按照真主的旨意我的死亡已经到来了。这个国家我交给你。把你托付给真主。你做的任何事情时把公正心里要放。 Kakasy Ärtogrul gazy bilen Osman begiň guran döwleti soňlugy bilen Osman döwleti ady astynda dünýäniň üçden birine 600 ýyldan gowrak wagtlap höküm edýär. 由父亲阿尔托格鲁尔加齐和奥斯曼伯克一起建立的国家名字就叫奥斯曼帝国,这个国家主宰世界上三分之一的土地达600年以上。 |
|
22#
发布于:2008-05-30 11:58
GARAGOÝUNLY TÜRKMENLERIŇ DÖWLETI
黑羊土库曼王朝 Garagoýunlylar döwleti 1380-nji ýylda Erzurum, Erjiş, Mosul sebitinde türkmenler tarapyndan guruldy. Bu döwleti binýat edenler Oguz hanyň Ýuwa, Ýazyr, Düker, Salyr, Owşar agtyklarynyň nebereleridir. Olar öz aralarynda baranly, duharly, sadly, garamanly, hajyly, bozdogan ýaly tirelerden düzülipdir. Bu türkmenleriň başynda 1380-nji ýyla çenli Baýram Hoja atly serdarlary bolupdyr. Şol ýyl Baýram Hoja aradan çykansoň, ogly Gara Mämmet döwleti ulaltmaga başlapdyr, 1388-nji ýylda Töwrizi alyp, ony paýtagt edipdir. 黑羊王朝是1380年在艾尔祖鲁木、艾尔吉西和摩苏尔地区由土库曼人所建立。这个国家的基础是由乌古斯汗的孙子依瓦、亚泽尔、准格尔、撒拉尔和奥乌夏尔的后裔。他们来自巴然勒、杜哈尔勒、撒德勒、嘎勒莽勒、哈吉勒、宝兹多甘等部落。这些土库曼人的头领在1380年以前是巴依剌姆-霍加。巴依剌姆-霍加去死后,他的儿子喀剌-马木提把国家版图进行扩张。1388年占领了图乌里兹,并把它作为首都。 Bu döwlet Gara Ýusubyň hökümdarlygy döwründe güýçli derejä çykýar. Soltan Teýmiriň hem ölmegi bilen Garagoýunlylar sebitde iň güýçli döwlet halyna gelýärler. Gara Ýusup 1409-njy ýylda Mardini eýeläp, Artyklylar döwletini syndyrýar. 1410-njy ýylda Erzinjany, 1415-nji ýylda Hezirbegjandaky Soltaniýäni alýar, soň Bagdady eýeläp, uly döwlet derejesine ýetirýär. 这个国家在喀剌-玉素布统治时期得到了很大的发展。苏丹铁米尔死后,黑羊王朝成为这个地区最强大的国家。喀剌-玉素布在1409年占领了马尔丁,并灭亡了阿尔特克人的国家。1410年占领了艾尔曾尖(埃尔津詹),1415年占领了阿塞拜疆的苏丹尼亚,然后征服了巴格达。然后建立了一个辽阔的大国家。 Jahanşanyň 1436-njy ýylda Garagoýunly döwletiniň tagtyna çykmagy bilen ol Bagdat, Soltaniýe, Kazwin, Pars hem Yspyhan sebitleri bilen bilelikde Kermana hökümdar boldy. Döwlet gaty güýçli ýagdaýa geldi. 加汗沙在1436年掌握黑羊王朝的权力,成为巴格达、苏丹尼亚、喀兹温、波斯、伊斯法罕以及科尔曼的统治者。国家达到了强大的时期。 Garagoýunly türkmen döwletiniň aradan aýrylmagyna Akgoýunly türkmenler sebäp boldy. Akgoýunly türkmenlerden Uzyn Hasan beg birnäçe gezek Garagoýunly döwleti bilen çaknyşdy. 1467-nji ýylda Garagoýunly hökümdary Jahanşa Uzyn Hasan bilen bolan söweşde tutuldy hem öldürildi. Şondan soň Garagoýunly döwleti dargap başlady. 黑羊土库曼王朝和白羊土库曼人发生了冲突。白羊土库曼人的头领乌曾-哈桑对黑羊王朝进行几次袭击。1467年在一次战斗中黑羊王朝的统治者加汗沙被乌曾-哈桑抓住后杀死,从这个事情之后黑羊王朝被瓦解了。 Garagoýunly döwletiniň gündogar Anadolyda, Hezirbegjanda türkmençäni giňden ýaýradyp, şol ýerleriň halklaryny türkmenleşdirmekde uly ähmiýeti bolupdyr. 黑羊王朝在东面的安纳托利亚、阿塞拜疆传播土库曼的传统、语言和文化发挥了重要的作用。 |
|
23#
发布于:2008-05-30 12:00
KUTUB ŞA TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
库图布沙土库曼王朝 Bu Garagoýunly türkmenleriň Hindistanda guran döwletidir. Ony 1512-nji ýylda Soltanguly Türkmen binýat edipdir. 这个由黑羊土库曼人在印度斯坦建立的国家。是在1512年上由苏丹古勒-土库曼所建立。 Garagoýunly türkmenleriň döwleti Jahanşadan soň özüne gelip bilmän, emir Allagulynyň serdarlygynda adamlarynyň uly bölegi Horasana, Hindistana çekilýärler. Hindistanda Kutub şalar döwletiniň düýbüni tutan Baýram Hojanyň neberelerinden Öwezguly Piriň ogly Soltanguly Türkmendir. Olaryň nebereleri ilki günorta Hindistanda, Dekkanda Bahmany döwletine sygynypdyr. Soltanguly Türkmen şol ýerde Bahmany döwletiniň serdary Mahmyt şanyň elinde tälim-terbiýe alýar. Bahmany döwletiniň synmagy bilen, Hindistandaky garagoýunly türkmenler Soltanguly Türkmeniň serdarlygynda özbaşdak döwleti yglan edýärler. 黑羊土库曼王朝在加汗沙死后没有再恢复起来,这个国家的大部分人口在埃米尔阿剌古勒的带领下来到呼罗珊和印度斯坦。同时还有与印度斯坦的库图布夏剌尔国家的创建者巴依剌木-霍加有血缘关系的奥维兹古勒-辟尔的儿子苏丹古勒-土库曼。黑羊土库曼人最早要求归顺印度斯坦南部德坎地区的巴赫马尼国家。苏丹古勒-土库曼以前在那个地方接受马赫木提沙的培训。巴赫马尼国灭亡之后,位于印度斯坦的黑羊土库曼在苏丹古勒-土库曼在那里建立了自己当家作主的国家. Döwlet sebitde her tarapdan güýçli derejä çykýar. Soltanguly Türkmen Golkondanyň iň meşhur soltanyna öwrülýär. Garagoýunly Kutub şalar döwleti 1687-nji ýyla çenli sebitde özbaşdak hereket edýär. 那么国家成为这个地区最强大的国家。苏丹古勒-土库曼在告勒康丹地区非常有名的苏丹。黑羊库图布夏剌尔国家持续到1687年结束。 Garagoýunlylaryň nesilleriniň Hindistanda özlerini aldyrandygy, şol ýerde görnükli şahyr hem döwlet işgäri Baýram hanyň «Hanlar hany» derejesini alandygy mälimdir. 黑羊土库曼人的后裔在印度斯坦是非常有名气的,巴依剌木汗在那个地方被授予《汗里面的汗》(汗中之汗)这样的称号,他是一个著名的政治家和诗人。 AKGOÝUNLY TÜRKMENLERIŇ DÖWLETI 白羊土库曼王朝 Bu döwlet 1350-nji ýyllarda, Ilhanly döwletiniň ýykylmagy bilen Akgoýunly türkmenler tarapyndan düýbi tutulyp başlandy. Olaryň ýurdy Anadoludaky Diýarbekir hem onuň töweregi bolupdyr. 1340-njy ýyllarda Akgoýunly türkmenlerden Tur Aly begiň serdarlygynda bütewilik emele gelýär. 这个国家在1350年伊勒汗国灭亡以后由白羊土库曼人建立的国家。这个时候白羊土库曼人居住位于安纳托利亚的迪亚尔拜克尔以及周边地区。1340年白羊土库曼人在首领吐尔-阿里伯克率领下统一起来了。 Akgoýunly türkmenler Oguz hanyň agtygy Baýyndyrdan gaýdan neberelerdir. Olar oguzlaryň düker, baýat, çepni taýpalaryna esaslanyp güýçlenýärler. 白羊土库曼人是乌古斯汗的孙子巴颜都尔的后裔。这些后裔通过团结乌古斯杜克尔、巴亚特、切佩尼等部落,壮大了他们的力量。 Tur Aly beg döwründe türkmenler Trabzon Rum soltanlygyna hüjüm edýärler. Trabzon soltany bu hüjümleriň öňüni almak üçin Akgoýunly beginiň ogly Gutly bege öz gyzyny berýär. 吐尔-阿里伯统治时期土库曼人经常向特剌布宗鲁姆苏丹国发动袭击。特剌布宗苏丹为了不受袭击把自己的女儿嫁给了白羊土库曼人伯克的儿子古特勒伯克。 Gutly begiň ogly Ahmediň döwründe Akgoýunlylar Garagoýunly türkmenler bilen birnäçe gezek garpyşýar. Bir gezek Ahmet beg Siwas hökümdary Kazy Burhaneddiniň kömegi bilen özüni Garagoýunlylaryň elinden halas etdi. 古特勒伯克的儿子艾哈默德统治时期白羊土库曼和黑羊土库曼之间经常发生战斗。有一次艾哈默德伯克在锡瓦斯统治者喀兹-布尔哈内丁的援助下从黑羊土库曼手中逃脱。 Akgoýunlylaryň döwlet derejesinde abraýynyň artmagy Ahmet begiň dogany Gara Ýülük Osman begiň täsiri bilen bolýar, aslynda ol Akgoýunly döwletiniň hakyky gurujysy hasaplanypdyr. Bu Gara Ýülük Osman begiň 1389-njy ýylda Kazy Burhaneddiniň elinden Siwasy almagy bilen başlanýar. Özbaşyna döwleti yglan etmek üçin Osman döwletiniň gol astyndan çykmak gerekdi, ol osmanlylara garşy Müsür Memluk soltany Berkuk bilen ylalaşdy, has soň bolsa Agsak Teýmiriň hökümdarlygynyň penasyna girdi. Şeýdip, ol 1403-nji ýyldan başlap, Diýarbekir-Malatyýa sebitiniň resmi hökümdary adyny aldy. 使白羊王朝真正的获得威望的是艾哈默德伯克的弟弟喀剌-玉鲁克-奥斯曼伯克,被人民视为白羊王朝真正的创始人。这个喀剌-玉鲁克-奥斯曼伯克在1389年从喀兹-布尔哈内丁的手上取得了锡瓦斯的领导权。并且摆脱了与奥斯曼帝国的藩属关系而完全独立。随后与奥斯曼人的对头埃及马木鲁克苏丹拜尔库克结盟,后来他又被蒙古瘸子帖木儿所保护。这样一来,从1403年上开始,迪亚尔拜克尔-马剌特亚周边地区正式统治者的名字取得了。 Akgoýunly döwletiniň iň meşhur hökümdarlarynyň biri Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasandyr. Ol ellerinden aldyran Diýarbekiri ýene 1453-nji ýylda eýeledi. Ol 1457-nji ýylda Garagoýunly hökümdary Jahanşany ýeňlişe sezewar etdi. Akgoýunlylar soňra Horasan, Bagdat, Şiraz, Yspyhan ýaly ýerleri öz häkimiýetine tabyn etdiler. 白羊王朝最有名气的统治者是喀剌-玉鲁克-奥斯曼伯克的孙子乌宗-哈桑。他在1453年夺回了自己手上失去的迪亚尔拜克尔地区。1457年上黑羊王朝加汗沙被迫承认失败。白羊土库曼人把呼罗珊、巴格达、设拉子和伊斯法罕的土地归自己所有。 Uzyn Hasan beg 1473-nji ýylda Otlukbili söweşinde Osmanly hökümdary Fatyh soltan Mämmet tarapyndan ýeňlişe sezewar edildi. Şa Ysmaýyl ýanyna Gündogar Anadoludaky, Häzirbegjandaky türkmenleri ýygnap, Akgoýunly döwletini ýeňip, ýerine Sefewi türkmenleriniň döwletini gurdy. 乌宗-哈桑伯克1473年在奥特鲁克比利战役上被奥斯曼统治者法迪赫苏丹马木提所击败。伊斯玛里沙把安纳托利亚和阿塞拜疆的土库曼人集合起来,在白羊王朝的土地上建立了萨法维土库曼王朝。 Akgoýunlylar türkmen dessurlaryna gaty berlen adamlar bolupdyr. Hökümdar Uzyn Hasan baýyndyrlaryň gadymdan gelýän tagmasyny — döwlet nyşanyny Akgoýunly döwletiniň baýdagyna nyşan hökmünde goýdurypdyr. 白羊王朝保持着土库曼人民的传统。统治者乌宗-哈桑把乌古斯巴颜杜尔部落古老的标志作为白羊王朝的国旗使用。 |
|
24#
发布于:2008-05-30 12:01
SEFEWI TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY
萨法维土库曼王朝 Eýranda XVI asyryň başlarynda, Akgoýunly döwletinden soň, bu ýurtda ýene bir türkmen hökümdarlygy ýüze çykdy. Olar Anadoludan Eýrana göçen türkmenlerdir. Garagoýunly hem Akgoýunly türkmenleriň döwletlerini döredenlerdir. 在16世纪初期,白羊王朝结束后,这个地方一个土库曼人的统治又上了面子上。他们是从安纳托利亚出门到伊朗的土库曼人。黑羊王朝和白羊王朝的土库曼人也模仿了。 Türkmenleriň Anadoludan Eýrana göçmeginiň sebäbi şudur: Erdebildäki Sefewi dini toplumynda Akgoýunlylar öň hatara saýlanansoň, Garagoýunlylar oňa gahar edip, Eýrana çekildiler. Sefewi derwüşçilik dini toparynyň täsiri bilen gaty kän türkmenler bu göçe eýerdiler. Şeýlelikde, Sefewi döwletini guranlar hem edil Osman döwletini guranlar ýaly, arassa türkmenlerdir. 土库曼人从安纳托利亚迁移到伊朗的原因是:由于萨法维宗教派别,白羊土库曼人和黑羊土库曼人之间发生了教派矛盾而分裂,黑羊土库曼就迁往伊朗。这种情况影响了萨法维的宗教信仰。萨法维王朝的创立者和奥斯曼帝国创立者一样都是源自土库曼人。 Döwleti 1502-nji ýylda guran şa Ysmaýylyň ejesi bolsa Akgoýunly hökümdarlarynyň gyzydy. 国家在1502年创建,创建者伊斯玛里沙的母亲是白羊王朝统治者的女儿。 Bu döwlet iň giňän çagynda Eýranyň, Gündogar Horasanyň, Yragyň, Gürjüstanyň, Häzirbegjanyň, Dagystanyň, Türkmenistanyň ýerlerini, Gündogar Arabystanyň kenarlaryny, Gündogar Anadolynyň käbir böleklerini öz içine aldy. 这个国家的疆土包括伊朗、东呼罗珊、伊拉克、格鲁吉亚斯坦、阿塞拜疆、达吉斯坦、土库曼斯坦、阿拉伯斯坦东部沿岸,以及东安纳托利亚地区。 Aýratyn-da, onuň iň güýçli döwlet bolan wagty şa Abbasyň wagtyna gabat gelýär, bu pajarlap ösmek tä onuň 1628-nji ýylda ölmüne çenli dowam edýär. 在阿巴斯统治时期这个国家达到了最辉煌的时代,这种辉煌一直持续到1628年他去世时。 Bu döwlet Eýran-Türkmen, Eýran-Türk döwleti adyny hem alandyr. Sefewiler pars medeniýeti bilen hereket eden döwlet bolsa-da, türkmenligini gorap bilipdirler. 这个国家也称之为伊朗土库曼国,或者是伊朗突厥国。尽管受萨法维王朝波斯文化影响的很大,但他们依旧保持了土库曼的传统。 OWŞAR TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY 奥乌夏尔土库曼王朝 Eýran döwletiniň hökümdarlygyna öň Sefewiler döwletinde serkerde bolan Nedir şa 1736-njy ýylda geçdi. 伊朗王朝的统治者以前是萨法维王朝的一个酋长叫奈迪尔沙,1736年统治伊朗。 Ol Oguz hanyň agtygy Owşardan gaýdan türkmenlerdendir. Bir döwür Eýrany eýelän owganly üweýsileri ýeňip, olary Eýrandan çykardy. Güýjüne göwni ýetip, Nedir şa tagty eýeledi. Nedir şanyň tagta çykmagy bilen Eýran kän peýda gazandy. Osman döwletine aldyran ýerlerini Nedir şa söweşip, yzyna gaýtardy. Babury ýeňip, Delä çenli girdi. 他是乌古斯汗的孙子奥乌夏尔的后裔,出身于土库曼奥乌夏尔部落。他把阿富汗占领者从伊朗的国土上驱除出去,并且取得来王位。奈迪尔沙的统治给伊朗带来了很多的好处。奥斯曼帝国占领的土地奈迪尔沙通过战争收复了。打败了巴布尔后他进入了德里。 Nedir şa 1747-nji ýylda aradan çykansoň, ýerine geçen Adyl şa owşarlar hökümdarlygynyň ömrüni o diýen uzaldyp bilmedi. 1750-nji ýylda hökümdarlyk dargamak bilen boldy. 奈迪尔沙1747年去世后,继承者阿德勒沙没有知道继续延续奥乌夏尔人的统治。1750年这个王朝的统治到了尽头。 GAJAR TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY 喀加尔土库曼王朝 Bu Eýranda iň soňky höküm süren türkmen hökümdarlygydyr. Gajarlar oguz türkmenlerindendir. Sefewilerden Şyh Ala bergi üçin degişli diýlip Anadoludan Eýrana giden ýedi türkmen-oguz taýpasynyň içinde gajarlaryň bardygy taryhdaky maglumatlarda geçýär. 这个是在伊朗统治的最后的土库曼王朝。喀加尔是乌古斯土库曼人。由于偿还萨法维王朝谢赫-阿剌的债务,7个土库曼乌古斯部落从安纳托利亚来到了伊朗。 Ol taýpalar şeýle sanalýar: ustaçly, şamly, tekeli, baharly, dulkadyr, owşar hem gajar. Gajarlaryň taryhda Häzirbegjandan Astrabat, Merw, Horasan taraplaryna, hatda Kazwin hem Yspyhana çenli ýaýrandygy bellidir. 从历史资料看这7个部落是:乌斯塔切、沙姆、特克、巴哈尔、都勒喀德尔、奥乌夏尔和喀加尔。喀加尔历史上从阿塞拜疆迁移到阿斯塔剌巴特、梅尔夫、呼罗珊,甚至到了加兹温和伊斯法罕。 Gajarlardan Agamuhammet han 1779-njy ýylda hökümdarlygyny yglan edip tagta çykdy. Ol bu hökümdarlygy esaslandyran adamdyr. Gajarlar tä 1925-nji ýyla çenli Eýranda hökümdarlyk etdi. 喀加尔部落的阿嘎穆罕默德汗1779年登上了统治位置。他是这个政权的奠基人。喀加尔人统治伊朗持续到了1925年。 |
|
25#
发布于:2008-05-30 12:03
GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
独立和永久中立的土库曼斯坦 Türkmenler taryhda şunça döwletleri gurupdyr, bu gün bolsa, öz topragymyzda gaýtadan milli Garaşsyz döwletimizi gurýarys. Biziň binýat eden döwletimiziň güýji şondadyr, biz ahyrynda olaryň hemmesiniň üstünde başynyň täji, buýsanjynyň baýdagy bolup pasyrdaýan Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanymyza ýetdik. 土库曼人在历史上建立了许多国家,到了今天,我们在自己的土地上建立了独立和永久中立的国家。建立这样的国家我们期盼了很久,我们在未来,最终我们有我们的独立和永久中立的土库曼斯坦。 Biziň döwletimiz olaryň hemmesiniň taryhyna sarpa goýdy, barynyň adyny gaýtadan bir ýerde ýazyp, Oguz atamyzyň ruhuny direltdi. Bu biziň binýat eden döwletimize bularyň hemmesiniň taryhy dahyllylygyny görkezýär, şol bir wagtyň özünde bolsa, olaryň hemişe arzuw edip, hiç haçan ýetip bilmedik üç gudratyny özünde jemleýändir: olar milli Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk hem Türkmeniň Ruhnamasydyr. 我们的国家对过去历史上所创建的国家给予了评价,历史上的名字再现在这片大地上,伟大的乌古斯阿塔的精神得到再生。我们这个新的国家是从历史以来长期积累的必然结果,是我们土库曼人历史的继承者。我们国家的最具有独特三个特点:它们是民族独立,永久中立,土库曼人的精神。 * * * Üç berklik binýadymyzdan hökman söz açaýyn. 我想在这里谈谈土库曼斯坦的三大支柱。 Birinjisi, milli Garaşsyzlygymyzdyr. 首先,民族独立。 Halkyna, Watanyna, Serdaryna ynanan türkmen 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwletini gurdy. Ol bize halkyna, Watanyna, adalatyna bolan berkligi, Oguz atamyzyň ýigrimi dört agtygynyň jebisligini getirdi. Erkinlik bilen millilik birleşip, azat Watanymyzda Garaşsyz döwletli bolduk. Baýdagymyzy, döwlet nyşanymyzy kökümiziň çuňlugyndaky dür manylardan aldyk. 1991年10月27日我们的人民、祖国、领袖和土库曼人建立了独立的土库曼斯坦国家。独立给我们人民、祖国、父母亲带来了团结,它来自于乌古斯阿塔的24个部落的团结一致。团结一致的民族和祖国最后组成了独立的国家。我们的国旗和标志的本质意义源自于我们深刻根源。 Biziň Arabystana, Kawkaza, Azerbaýjana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana, Owganystana, hatda Çyn-Maçyna, Orsýete, Hindistana, Päkistana taryhy ýollarymyz bardy. 我们所经历的历史道路把我们带到了阿拉伯斯坦、高加索、阿塞拜疆、乌兹别克斯坦、吉尔吉斯斯坦、塔吉克斯坦、阿富汗斯坦,越过了中国、俄罗斯、印度斯坦和巴基斯坦。 Bu sebitde türkmenleriň her kim bilen gönüden-göni gatnaşyk açyp bilen döwürleri bolupdyr. Emma bu, geçen ýakyn ýyllarda düýbünden mümkin däldi. Indi biz taryhdaky gatnaşyklarymyza täzeden göz gezdirip, olaryň hemmesi bilen ýokary derejede gatnaşyklarymyzy ýola goýduk. 在这些地区土库曼人在任何时期都与任何一个国家建立直接的关系。但是在不久前的年代这些我们根本无法做到。今天我们重新审视了我们人民与这些国家的历史关系,我们已成功地建立了良好的关系。 Men Birleşen Milletler Guramasynyň döredileniniň 50 ýyllyk dabarasynda hemişelik Bitaraplyk şygarymyzy dünýä yglan edenimde, oguzlaryň-türkmenleriň, seljuklaryň ýaýran sebitindäki medeniýetlerde miras paýymyzyň bardygyny ýöne ýere aýtmadym. 我把我们民族独立、国家永久中立的问题在联合国成立50周年的纪念大会上发言时提出了,同时强调了土库曼人有权利说自己和乌古斯土库曼、塞尔柱所走过的那些国家和地区的文化遗产有着密切的联系。 Häzirki zamanda bu biziň biri-birimize taryhdan gelýän düşünişmek ýolumyzyň gowy nusgasy bolup hyzmat edýär. Bularyň barysy türkmenleriň parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy häsiýetini diňe bu gün bilmeli däl, hatda olar taryhy barlygy bilen bizi gowy tanan, gatnaşygy bolan ýurtlardyr, şonuň üçin ilki bilen biziň goňşularymyz, sebitdäki döwletler Bitaraplyk derejämiz alnanda bizi goldadylar. Bütin dünýä goldady. 其他国家的人民并非今天才知道我们土库曼人是热爱和平的,这些国家的人民在历史上就了解我们土库曼人,我们在历史就和他们有良好的关系,所以这些并不奇怪。因此首先是我们的邻国和本地区国家支持我们中立的地位,然后全世界国家支持我们中立的地位。 Garaşsyzlygymyzdan soň, biziň gazanan ýene bir uly binýadymyz bar, ol hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Gögüň hemişe asuda bolmagyny Oguz hanyň bäş müň ýyl ozal diliniň dogasyna öwrüp sena edendigi hakykatdyr, açyk asmanyň asuda bolmagy atalarymyzyň ynanjy bolupdyr. Biz halkymyzyň gadymdan gelýän bu ynanjyny Garaşsyz döwletimiziň esasy binýadynyň birine öwrüp, ony kanunlaşdyryp dünýä doldurjagymyza ynandyk. Dünýä dolmagyň açarynyň asudalykdan başlanýandygyny ilkinji günlerden bäri bilýärdik, hatda il-günümiz onuň goňşokara tabagyndan başlanýandygyna ynanyp gelipdir. Biz bu hoşniýetli häsiýetlerimizi has ösdürdik, ony ykdysadyýetimizde Açyk gapylar syýasatyna, daşary syýasatymyzda bolsa, hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyna öwürdik. Jahana dolmagyň, oňa göwnüňi berip, dünýäni göwnüňe doldurmagyň ýolunyň ilki bilen öz öýüň hözirini görüp bilmekdigine düşündik. Şeýdip, başdan açyk gapyly Türkmenistany döredip, ähli göwünlerde tagt gurmagy baş wezipelerimiziň biri saýdyk. 永久中立是我们取得独立一个新的基础。早在5000年前我们的乌古斯汗就崇拜蓝天,把蓝天与和平认为是一样的,主导着和平与安宁。我们有信心,我们可以生存在地球上来传达我们的信念,我们国家的根本原则为我们祖先的原则。从独立的第一天起,和平和信任是密不可分的。我们进一步向世界展示我们的善意,在经济层面上,我们改革开放的政策;在外交层面上,我们保持积极的中立地位。我们认为,首先在国内实现和平,然后才能为世界增加一个和平的源头。我们认为土库曼斯坦的国家基础是我们的主要责任。 Ilki bilen sebitdäki goňşy döwletlerimizden başlap, dünýädäki ähli döwletler biziň ýolumyzyň dogrudygyny aýdyp, bizi goldap başladylar. Döwletimize 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň ses bermegi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Şeýdip, dünýäde ilkinji gezek bitarap döwlet kanunlaşdyrylyp, dünýäniň ýeke-täk resmi Bitarap döwleti bolduk. Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyndan parahatlyk nyşany hökmünde zeýtun baldajygyny alyp, ýaşyl baýdagymyza ýerleşdirdik. 首先是我们周围的邻国支持我们,然后世界各国支持我们。1995年12月12日在联合国大会上185个成员国取得一致意见,同意支持土库曼斯坦为永久中立的国家地位。这样以来,土库曼斯坦成为世界上第一个合法的中立国,是联合国承认的第一个中立的国家。联合国旗帜上代表和平的橄榄枝也印到土库曼斯坦的绿色国旗上。 Halkyň öz ýüreginiň çuňlugyna gitmek, ony millet eden adamkärçilik pähimleriniň dürdänelerini bilmek, özümiziň hem geljekki nesillerimiziň nusga almagy üçin bulary ýüze çykarmagymyz möhümdi. Bu hakda köp oýlandym. Bu pikirimi hemişe halkym bilen paýlaşdym. Ahyry şu netijä geldim, ýer ýüzündäki türkmeniň iň gowy häsiýetlerini, ruhuny jemleýän kitap bolsun, Ruhnama bolsun. Bu biziň ýiten ähli kitaplarymyzyň öwezini dolsun, türkmeniň Gurhandan soňky naýbaşy kitaby bolsun. Onsoňam türkmen şu mahala çenli ýurdumyzyň içinde, daşynda näçe döwlet guran bolsa-da, öz topragynda hiç haçan jem bolan ruhundan döwletini binýat etmändi. Biz indi ruhy bitinligimiziň amal bolan döwletini gurandygymyza ynanyp bileris. Ruhnamamyz bolsa, oňa gidýän meýletin köprüdir, türkmeniň taryhda goýberen ýalňyşlyklaryny geljekde goýbermezligini, her ýerde nusga alarlyk adam bolmagyny wesýet edýän, maslahat berýän, onuň ýollaryny görkezýän kitapdyr. Onuň türkmeniň esasy ýollarynyň birine öwrüljegine ynanýaryn. 为了使我们的民族和人民承认人道主义思想和保留我们自己的特定的素质,并把这些价值观念保留下去,为我们和我们的子孙是很重要的。我一致在思索这个问题,与人民交换了意见。最后,我得出了这样一个结论:把全世界所有的土库曼人的最宝贵的精神集中在一起,让它体现一本书中,这样就诞生了《鲁赫纳玛》。让《鲁赫纳玛》来填补我们失去的所有的书籍,让它成为《古兰经》之后土库曼人的主要的书籍。截至目前为止在已经建立的土库曼人的国家中,没有找到一个国家能完全体现土库曼人的精神实质。《鲁赫纳玛》是一本连接过去和现在的一座桥梁,是一本让土库曼人避免错误、重蹈覆辙、促使土库曼人正确对待自己的书。《鲁赫纳玛》不是在说教,不是在训斥,而是在提示、指路和提出忠告。《鲁赫纳玛》我相信将是土库曼人的第一个导游。 Ýollarymyzyň taryhdan gelýändigini ýene ýatlaýaryn. Biziň atalarymyzyň dünýäniň çar tarapyna göç ýollarynyň bolandygy hakykatdyr. Biziň indi dünýädäki döwletleriň, halklaryň ýüregine barýan parahatlyk ýolumyz bilen birlikde ykdysady ýollarymyzyň bardygy bellidir. Ýollarymyz ýene gadymky güzerlerinden gitse-de, maksadymyz dünýä döwletleriniň ýüregine ýylylyk getirmek, ýagty getirmek, ýagny tebigy gazymyz bilen halklaryň bereket ojagyna barmak. 我想再次提醒你,我们的道路来自于历史深处。我们的祖先按照他们那个时代的规则在世界各地迁移时争取了自己的生活空间,同时也确立了他们自己的价值观,因此当今的我们有自己追求的价值观,我们的目的是与世界上的所有人共享和平。记住,我们的天然气给世界人民带来的除了温暖,还有幸福。 Garaşsyzlygymyz, Bitaraplygymyz Altyn asyrymyza ýalkym saçar, şol belentliklerimizden nur alyp, Ruhnamamyzdan ruh alyp, nesip bolsa, geljegimizi tutuşlygyna altyna öwreris. Biziň Altyn asyrda, ýigrimi birinji asyrda, esasy maksadymyz dünýä nusga bolup biljek türkmen milletini öňe çykarmakdyr. Syýasy jähtden, öz donumyzy özümiziň biçmegimize ygtyýar beren Garaşsyzlygymyz, jümle-jahana parahatlygyň gül ysyny ýaýradýan Bitaraplygymyz barka, halkymyzyň baý ruhuny öňe çykaryp, adam gatnaşyklarynda, döwrebaplykda nusga alarlyk derejä ýetjegimiz görnüp dur. 我们的独立性和中立性,照亮我们的黄金世纪,并照亮我们的民族价值观。真主保佑,我们可以改变我们在黄金时代的未来。在黄金世纪,在21世纪,我们的主要目标是为整个世界建立一个模范的土库曼民族。我们以我们独立和中立地位向世界传播一个和平模式,我们的国家也将证明自己作为一个模范国家所表现出来的富裕的精神。 Asuda asmanymyzyň astynda halkymyz, döwletimiz aman bolsun! 让我们的人民和国家生活在我们宁静的天空下! * * * |
|
26#
发布于:2008-07-14 19:19
Döwlet — düşünjedir, pikir gymmatlygydyr; Watan — duýgudyr, kalbyň gymmatlygydyr. Meniň göz öňümde Türkmenistan. Türkmenistan kuwwatly öküz şekilli bolup, Hazar deňzine maňlaýyny diräp dur... Hazar ýarym adasyndan Serhedabadyň pisseli daglaryna çenli, Hojambazyň bereketli topragyndan Daşogzuň Aýböwrüne çenli ýazylyp ýatan giň dünýä! Meniň stolumyň üstünde Altyndepeden tapylan, ýaşy bäş ýarym müň, alty müň ýyl bolan öküziň altyndan guýlan şekili dur. Köşgüň sag gapdalynda «sary öküz» Ýer togalagynyň şekilini depesine göterip dur...
国家是价值,是思想的价值观;祖国是感觉,是心灵的价值观。 当我打开土库曼斯坦的地图看时,土库曼斯坦就像一只强壮的公牛。它的双角顶在里海——从里海半岛延伸到塞尔赫达巴丁山脉,从霍加姆巴兹肥沃的土地延伸到达绍古兹的阿依堡乌尔的广阔世界。我的办公室里放着一个阿尔泰德佩挖掘的,大概5~6千年的黄金公牛雕像。而我的右面,在里总统府不远的地方矗立着一头双角顶着地球的金黄公牛雕塑------ Bu topragyň her bir gatlagy adamzat ösüşiniň altyn sahypalaryndan ybaratdyr, hakykatdanam, bu toprak adamzadyň açylmadyk diwany... 在我们土地的每一个角落,都藏有黄金,等待人们去挖掘它们。 Bu toprak dünýä ençeme ösen eýýamlary bagyş eden toprakdyr! 这片土地,是授予了许多文明世界的土地。 Bu topragyň aşagynda nebit, gaz hazynasy bilen birlikde ähli ýerasty baýlyklary ýatyr. Ýerasty baýlyklaryň köplügi boýunça dünýä döwletleriniň arasynda türkmenleriň iň baý döwletdigini, esasy dünýä gazynyň we nebitiniň ýüzden 30 böleginiň Türkmenistandadygyny bellemelidiris. 这片土地埋藏着石油,天然气和地下资源。土库曼斯坦是世界上资源最丰富的国家之一,世界石油和天然气储量的30%在我们的土库曼斯坦。 Daýhanlarymyz bu topragyň her bir gysym gumunyň zerden-göwherden gymmat hazynadygyny, dünýädäki ilkinji ekerançylygyň şu toprakda başlanandygyny, bu topragyň ilkinji ak bugdaýyň Watanydygyny bilýärler! Bu toprakda bitýän ir-iýmişleriň, gök we bakjaçylyk, ekerançylyk önümleriniň tagamlylygy, datlylygy, hümmetliligi boýunça bäsleşip biljek ikinji bir döwlet ýokdur. 我们农民都知道这里的每一片土地都比黄金或珠宝还珍贵,农业在这些土地开始了,这里是白度优质小麦的祖国!这片土地上我们种植水果、蔬菜和农作物,世界没有一个国家的小麦的味道和质量与我们国家能相比较。 Eziz Türkmen, ynha, şu toprak, şu daglar, şu düzler, şu çöller, şu sähralar biziň ata-baba Watan diýip mukaddeslige göteren ýerlerimiz! Biz ata-babamyz diýip ata Watanymyza düşünýäris, ata Watanymyz diýip ata-babalarymyza düşünýäris. Gylyjyň, gürziniň öňünde başyny dik tutup ýaşan türkmen şu topragyň — ata-babalarynyň öňünde dyzyňy epip, şu topragy öpüp, sežde et sen! 亲爱的土库曼,这些土地、高山、平原、沙漠、高原在说,我们是祖国的家园!当我们谈起我们的祖国时祖先又一次浮现在我们的脑海中。土库曼人不畏惧大刀和链锤,在任何面前都不会低下自己的头,他们只崇拜自己的祖先并向他们下跪,只崇拜这片土地并向它们下跪。 Keramatly Watan üstünde biz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi berkarar etdik. 在这神圣的土地上我们建立了独立和永久中立土库曼斯坦国家。 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, sen mukaddes döwletsiň, çünki biz seni keramatly ata Watanyň üstünde berkarar etdik. 独立和永久中立土库曼斯坦,向你祈祷,因为你是我们神圣的祖国。 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, dünýe durar, sen durarsyň, çünki biz ömrümizi söýgä öwrüp, yhlasa öwrüp, mähre öwrüp saňa bagyş edýäris. 独立和永久中立土库曼斯坦,世界结束,你也结束,我们为你无私奉献,我们用爱来塑造你,毫无保留地为你献出我们的一生。 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, sen ezizsiň, çünki sen ata-babalarymyzyň sekiz asyrlap arzuw edip, ýetip bilmedik döwletisiň, seni ata-babalarymyzyň arzuwyndan bina etdik. 独立和永久中立土库曼斯坦,我们爱你,你是我们祖先8个世纪的愿望,今天我们继承祖先的意志把你建立起来了,我们已经满足了祖先的愿望。 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, türkmen keramaty, türkmen mukaddesligi senden başlanýar. Senden ýokarda diňe Allatagala bardyr. 独立和永久中立土库曼斯坦,你是土库曼人开始创造的奇迹。在你之上只有伟大的真主。 Çawy dünýä ýaýran gadymy köneürgençlileriň paýtagty Köneürgenç barada täsin bir rowaýat bar. Gadym-gadym zamanda Ürgenç şasynyň ogly şazada Genç Hüýr atly perizada aşyk bolýar. Hüýrüň kakasy hem uly şa bolup, ol gyzy bilen körekenine kerwen-kerwen tylla bagyş edýär. Onuň beren tyllasy şeýle köp bolup, şanyň gaznasyna sygmaýar. Halkyna paýlaýar. Birnäçe kerwen gyzyly bolsa, geljekki nesillerimiziň nesibesi bolsun diýip, Köneürgenjiň topragyna seçip, onam ençe gezek sürdüripdir. 在世界闻名的古代首都玉龙杰赤有个神奇的传说。在远古时期玉龙杰赤国王的儿子杰赤喜欢上了一个叫胡依尔的美女,这个胡依尔的父亲也是一个大国王,在他的女儿结婚时送给了许多的金银财宝,以至使国王的仓库里都装不下。所以把剩下的金子分给了老百姓,可是金子太多,沿路撒在了玉龙杰赤的土地上,有些人环把金子埋藏在地下留给后人。 Türkmen topragy tohumyň ornuna altyn atylan toprakdyr, ol topraga hyzmat etseň, altynyňy müň esse edip gaýtaryp berýär. 土库曼的土地是金子一样的土地,你应该挖出这片土地下的金子,给后人留下富有的一个国家。 Söýüň topragyňyzy, siziň söýgüňiz al-ýaşyl ekin bolup göwnüňizi açar, penje-penje güllere öwrülip, beýhuş edip jennete düşen ýaly eder. 热爱你的土地吧,让你的爱就象是花花绿绿的鲜花,使它们更加芳香和甜美。 Söýüň topragyňyzy, siziň söýgüňiz deňiz ýaly tolkun atyp ýatan galla bolup duluňyza geler. Söýgüňiz çynar bolup, enar, erik, ülje, alma bolup depäňize humaýun saýasyny salar. 热爱你的土地吧,让你的爱就像大海一样装满你的粮仓。石榴、杏子、李子、苹果就像甜美的爱情一样开花结果。 |
|
27#
发布于:2008-07-14 19:20
* * *
Paýhas ruhy Garaşsyzlygymyzy we Özbaşdaklygymyzy berkitmäge hyzmat etmelidir. Daşarky dünýä üçin biziň Bitarap döwletimiziň gapylary açykdyr. Emma biziň ruhumyzyň gapylarynyň öňünde paýhas derwezebanlary bolmalydyr. Islendik pikirleri, düşünjeleri köre-körlük bilen kabul etmek, ruhy zeper ýetirip biler. Biz gymmatlyklarymyzy öz ruhumyzyň we öz durmuşymyzyň aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmalydyrys. 精神有助于加强我们的独立和主权。我们的这个中立国的大门永远是开发给外部的世界。但是我们的精神大门必须由睿智的人来把守,因为盲目的接受任何意见和思想都会损害我们民族的健康精神。所以我们必须要加强我们的精神和我们的价值观。 Ata-babalarymyz ata Watana nähili beýik sarpa-hormat goýandygyny tymsallarda, rowaýatlarda goýup gidipdir. 我们的祖先给我们留下了热爱和尊重的例子。 Ine, türkmeniň ata Watana söýgüsini beýan edýän bir tymsal. 这里有一个土库曼人热爱祖国的例子。 Entek Oguz hanyň döwleti kuwwatlanyp ýetişmänkä, haýsydyr bir güýçli döwlet yrsarap, uruş edip, onuň ýurduny basyp aljak bolupdyr. Ol ilçi ugradyp, ýurduň saýlama atyny bermegi sorapdyr. 有一个时期乌古斯汗的国家还没有完全强大起来,敌人利用这种形势设法挑起事端。他们派出信使要求乌古斯把宝马献给他们。 Oguz hanyň serkerdeleri: 乌古斯汗的首领们表示: —Duşman yrsaraýar, urşalyň, emma saýlama bedewi bermäliň. At biziň garyndaşymyzdyr — diýşipdirler. —敌人这是发动战争的借口,我们迎接战斗,决不献出宝马,因为宝马是亲人和兄弟。 Emma Oguz han: 乌古斯汗对他们说: —Zeleliň kiçisi barka, ulusyna ýapyşmaň! Bardy-geldi duşmandan asgyn düşsek, ähli atlar duşmanyňky bolar! Berip goýberiň bir aty — diýipdir. —我们应该以小的代价换取大的胜利!如果我们被敌人打败,那么敌人会夺取我们所有的马匹!与其这样我们还不如给他们献出一匹马。 Saý aty alyp giden ilçi ýaňadan has şum habar bilen gelýär. Bu gezek duşman ýurduň iň saýlama gözelini soraýar. Serkerdeler ýene uruşmagy teklip edýärler, emma dana atamyz Oguz han: 但是敌人提出了新的条件,要求献出最漂亮的姑娘。首领们又一次要求战斗,但是乌古斯汗再次反对,他说: —Uruş bolsa, men-men diýen ýigitler söweşde öler, bardy-geldi duşmandan ýeňläýsek, gelin-gyzlar duşmana ýesir bolar! Zyýanyň kiçisi barka, ulusyna ýapyşmaň — diýipdir. —假如开战,我们的许多优秀的年轻人就可能战死,如果敌人取得了胜利,那么我们的许多妻子和女儿就成了敌人的奴隶,所以我们还是以少牺牲换取大代价。 Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has şum habar bilen gelýär. Ol ýer soraýar. Urşuň gutulgysyzlygyna düşünip, şonça wagtda ýurdy urşa taýynlap ýetişen Oguz han: 乌古斯汗深谋远虑证明了这一点。让敌人要求把土地献给他们。战争已经不可避免,已经做好了战争准备的乌古斯汗说: —Ser bereris, ýer bermeris! — diýipdir. Urşupdyr, päli azan duşmany kül-peýekun hem edipdir. —我们可以战死,但不能出卖我们的土地。并立刻宣战,敌人在他们面前成了一片烟灰。 Türkmen topragynyň üstünde näçe urşuň bolandygyny hiç bir taryhçy takyklap bilmez, anyk bir zady welin, biziň her birimiz bilýäris. Bu topragyň her daban ýeri biziň merdana ata-babalarymyzyň gyrmyzy gany bilen, enelerimiziň gözýaşy bilen eýlenendir. Bu topragyň her bir gysymyna ata-babalarymyzyň eliniň, ýüreginiň ýylysy siňendir. Bu topragyň her ädiminde ata-babalarymyzyň yhlasy, söýgüsi ýatyr. Müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçendir. 土库曼的土地上承受了多少次的战争,没有一个历史学家能够准确的知道,但是我们每一个土库曼清楚的是,我们的祖先为了捍卫这片土地,这里的所有土地上洒下了父亲们的鲜血,流下了母亲们的眼泪。这里的每一寸土地你可以感受到来自祖先心和手的温暖。这里的每一寸土地渗透着我们祖先的努力和痛苦。数以万计的诗人描述着这片土地上发生的故事。 Heý, onsoň bu toprak keramat bolmazmy? 在这种情况下,我们该如何保卫这片土地? * * * |
|
28#
发布于:2008-07-14 19:21
Allatagalanyň öz döreden bendesine — Adama bolan beýik söýgüsini her bir ädimde görýärin. Üç ýüz segsen müň görnüşli ot-çöp bar, olaryň hemmesi hem gülleýär, hemmesi hem özüni Adama görkezmek üçin gülleýär! Ol güller biri-birinden owadan, biri-birinden ysly, biri-birinden täsin. Olaryň hemmesi Allatagalanyň adama goýan sarpasy ahyry! Allatagala bu dünýäni adamzat üçin ýaradypdyr. Allatagala tebigaty, ähli oty-çöpi, guş-gumursylary, ähli zatlary adamzat üçin ýaradypdyr. Ähli zat Allatagalanyň beýik söýgüsinden döräpdir.
我们觉得在每一个时刻都能感受伟大真主创造的爱。他为人类创造了380000种的植物,它们都在开美丽的花朵,它们是为我们人类开美丽的花朵的!这些花儿一个比一个美丽,一个比一个芬芳,一个比一个奇异。这些所有的都是真主为人类而创造的!所有这些是真主对人类喜爱的一种表示。真主创造了自然、各种各种各样的花草、各种各样的鸟儿,这一切都是为人类创造的。所有这一切都是因为真主的爱。 Eý, meniň mähriban ildeşim! 哎,我亲爱的同胞! Sen töweregiňe göz aýla, daş-töweregiň gözelligi Allatagalanyň söýgüsiniň suratydyr. Sen Allatagalanyň söýgüsidigiňe düşün! Şol beýik söýgä mynasyp bolmaga çalyş! 环顾四周,你会在你周围的美丽中看到真主爱的创造。你也是真主的爱!做一个伟大的爱的人吧! Sen adamy söý! 你要热爱人类! Durmuşyň gadyr-manysy birek-birege bolan söýgüňdir! 生活的意义就是在于相互爱。 Seniň bagtyýar ýaşamagyň altyn açary dünýä, ýaşaýşa bolan söýgüňdedir! 您的幸福藏在您的对世界和生活黄金般的喜爱之中。 Adam gudrat! Ýöne Adam öz mertebesinde oturan mahaly gudrat! Adam öz Adam dünýäsine aralaşyp, Adam dünýäsinde ýaşan mahaly gudrat! Ol düýbünden başga dünýä! Ol dünýä uçar bilen, raketa bilen aralaşyp bolanok. Ol dünýä uçup baryp bolanok, atly gidip bolanok! 人就是力量!只有在生活中感悟这个世界!人是对世界而言的,只有真实世界人才能显示自己的力量!这是一个完全不同的世界。这个世界你不能坐飞机到达。这个世界你不能坐火箭到达。这个世界你不能骑着马去到达。 Mundan iki ýarym müň ýyl ozal sary düýesini idip Marydan ugran Zaratustra şol dünýä baryp: «Adamlar, oda çokunyň, otdan çyra ýasap, şol dünýä baryp bolýar» diýipdi. 从这里开始2500年前牵着骆驼来自马雷的查剌图斯特对世界说:人们啊,向火崇拜吧,它能照亮这个世界。 Mundan bir ýarym müň ýyl ozal Gorkut ata dutaryny çalyp, mes oguzlary şol dünýä syýahata aýlapdy... 从这里开始1500年前科尔库特阿塔弹奏着杜塔尔,与乌古斯人一起游历了人类心灵世界。 Adamyň mertebesini götermeli, Adama sarpa goýmaly! 人必须以自己的能力去尊重别人! * * * |
|
29#
发布于:2008-07-14 19:22
Garaşsyz, baky Bitarap Berkarar türkmen döwleti! Men seniň keramatly türkmen döwleti bolmagyňy halys ýürekden isläp, bütin ömrümi saňa bagyş edýärin. Sen keramatly bolmalysyň, beýik türkmen döwleti!
我亲爱的独立和中立的土库曼人国家!我这样呼唤你土库曼人的国家是因为全身心地投入我的生命给你,我渴望你的发展和进步。您一定是高尚的,伟大的土库曼人的国家! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwleti, sen keramatly bolmalysyň, çünki biz keramata öwrülip giden ata-babalarymyzyň ýoluny tutup, seni bina etdik. 独立和中立的土库曼斯坦国家,呼唤你强大,我们呼唤因为我们跟随祖先的道路建立了你。 Seniň Gimniň — Senaň adalat Gimnidir — Senasydyr, seniň Gerbiň — Tugraň adyllygyň Gerbidir — Tugrasydyr, seniň ýaşyl Tuguň — Baýdagyň ýaşyl ýaşaýyş ýaly ýazlardandyr! 你的国歌是为公正进行的祈祷;你的国徽是正义的标志;你的绿色的国旗预示着春天的使者。 Rowaýatda aýdylyşyna görä, Ybraýym pygamber, öňi bilen, Mekgäni binýat edipdir. Hakyň resuly Muhammet pygamber asly watany mukaddes Mekgeden jyda düşüp, Medinä baryp ilki metjit saldyrypdyr, soňra özüne öý saldyrypdyr. 阿依提中说到,先知易卜拉欣建造了麦加清真寺。穆罕默德先知从麦加迁移到麦地那,在建自己的房子之前,首先建造了麦地那清真寺。 Biz bissimilla diýip, ilki Gypjakda, soň Aşgabadyň ortarasynda dünýäde parhlanýan owadan metjidi saldyk. Yzýany şu Watan üçin janyny gurban edenleriň hormatyna Gökdepede iň bir owadan metjidi saldyk. 我们念着比斯敏俩,首先在奇普恰克建造了清真寺,然后在阿什哈巴德的市中心建造了世界上不可比美的壮观的清真寺。为了纪念为祖国献出生命的烈士,我们在勾克德佩建起一座美丽的清真寺。 Eý, eziz ildeşim, mähriban halkym, buýsanjaň başyňyzy belent tutuň, ruhubelent boluň, gadamyňyzdan uçgun syçradyp geziň, siziň ajaýyp döwletiňiz bar! 哎,我亲爱的公民,我亲爱的人民!因为你的精神,我充满自豪感,充满高尚,因为你有这样好的国家! Jigim, eziz uýam, mähriban enelerim, doganlarym, ýüzüňiz-gözüňiz ýylgyryp bagtyýar ýaşaň, siziň ajaýyp döwletiňiz bar. 我的同胞们,我亲爱的兄弟姐妹们,我亲爱的母亲们!不要皱起眉头,愉快地生活,因为你有这样好的国家! Biz ýaşalyň, işläliň, döredeliň, maksat-myradymyza ýeteliň, bizden nesillerimize Berkarar, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan galar! 让我们的生活、工作、生产达到我们的目标,给子孙后代留下一个富裕、独立和中立的土库曼斯坦! Bizden nesillerimize Döwlet galsyn! 让国家成为我们留给后代的遗产! Gorkut atamyz aýtmyşlaýyn, bizden nesillerimize rowaç, baý, kuwwatly, berkarar döwlet galar! Dünýäde mundan uly, mundan beýik, mundan ajaýyp bagt bolup bilmez! 科尔库特阿塔说,让我们留给下一代一个富有、强大、稳定的国家!世界上比这大的,比这伟大的,比这幸福的根本没有! * * * |
|
30#
发布于:2008-07-14 19:24
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP
TÜRKMEN DÖWLETIMIZIŇ GURLUŞY HAKDA NYGTAMAK ISLÄN KÄBIR PIKIRLERIM 我对独立、中立的土库曼斯坦国家结构的一些看法 Eziz türkmen halkym! 我亲爱的土库曼人民! Kök bolmasa, daragt ýok, binýady bolmasa binasy ýok. Soňky 3 — 4 asyrlap taryhyň jebir-jepalary bilen eziz halkymyň bölek-bölek ýara bolan synasy bitmän geldi, agzy birikmän geldi. Onuň her synasyny bir ýere çekdiler, her synasy bir agza bakdy, her kelle bir köýde, her göwün bir küýde boldy. Şonuň üçin onuň ömür daragty gül açmady, döwlet binasy gaýym bolmady, goýulmady, bagtyň ýoly halkymyň üstünden sowa geçdi. 没有树根树就不可能活,没有地基就不可能建造大厦。我们亲爱人民在过去3~4百年的苦难历史上,带给我们的创伤始终没有办法愈合。我们的人民被宰割的支离破碎、身首异处。所以人民的生活之树无论如何也不能枝叶繁茂,高楼大厦在也建不起来,幸福的道路也和我们的人民没有关系。 Buýsançly başyňy, ynançdan doly gursagyňy, nanly saçagyňy göreýin diýip, gijeler çirim etmedim, gündizler oturmadym, eziz halkym! Hudaýa şükür, Allanyň keremi bilen, ata-baba sahawatly ýurdumyzda, gör, näçe asyrdan soň, täze Garaşsyz döwleti gurduk. Seniň üçin — her bir raýatyň üçin bu döwletde ähli maddy şertleri döretdik, dünýäniň men diýen halklaryna hem döwletlerine özümizi ykrar etdirdik. Bu döwlet berkarar bolsun, ömürbaky synmasyn, onuň raýatlarynyň hiç haçan başy egilmesin diýip, oňa dünýäde iň ýokary ygtybarlylygy — Bitaraplyk hukugyny alyp bermek bagtyny meniň hem egindeşlerimiň ykbalyna ýazandygy üçin keremli Taňrydan müňde bir razydyryn. 直到我们抬头,我们有了信念和希望,我夜晚不能入睡、白天不能坐立,我亲爱的人民!向真主祈祷,知道真主的凯里迈,经过了多少世纪,在祖先的生活过的土地上我们建立了一个新的独立的国家。我们为这个国家的每一个公民准备了所需要的一切条件,并且得到了世界上最发达国家和民族的认可。那么,从现在起,祝愿我们的国家长久的得到稳定和永恒,我们一千遍的感谢最仁慈的真主,是他让我们的国家在世界上获得中立这样一个特殊的权力。 Eziz raýatym! 我亲爱的同胞! Ata-baba soltanlarymyz-hanlarymyz ýalaňaja don, aja nan berip, sogap gazanypdyrlar. Olar muny şan-şöhrat üçin däl, sogap bolsun diýip edipdirler. Sogap Hudaýyň öňünde gazanylýan zat, emma halkyň alkyşy bolmasa, sogap berilýän zat däl. 我们的祖先们、苏丹们、可汗们自古以来就有为饥寒着提供衣物和食品的传统美德。他们这样做并非是得到荣耀和名利,而是得到给自己带来塞瓦布。塞瓦布只有至高无上的真主来赐予,但是没有人民的感谢的话,塞瓦布也不会得到。 Döwlet gurmagy ojak gurmakdan başladym. Dünýäde ýeke-täk türkmen döwleti öz halkyna mugt gaz, elektrik togy, duz hem suw, oňmadygy mugt un bilen üpjün edýär — türkmende ojak şulardan ybarat. Men muny at, şöhrat üçin etmedim. Men muny halkym oňat ýaşasyn, hor-zar bolmasyn, öz baýlygynyň eýesi bolsun, özgeleriň ýanynda özüni buýsançly duýsun diýip etdim. 我们的国家建设从厨房建设开始。世界上土库曼斯坦是唯一一个向自己的人民免费提供天然气、电、盐和水的国家,对特别穷苦的人家我们还免费赠送面粉——这就是土库曼人的厨房建设。我这样做并非得到回报,我们的真正意图是让我们的人民生活舒适,成为自己自然资源的主人,让他们始终感到骄傲和有尊严。 Döwletiň syýasy synasyny, ýurduň ykdysady synasyny ýerbe-ýerläniňden soň, iň uly hem agyr mesele — raýatlaryň ruhy rysgaly hakyndaky alada başlanýar. 国家可以利用经济资源正常的运行,所以我们要说的最大和最重要的问题就是——人民的道德和精神健康。 Döwlet. Alty ýüz ýyldan soň Garaşsyz türkmen döwleti gaýtadan döredi. Bu günki Garaşsyz türkmen döwletiniň taryhy ähmiýetine iki nukdaýnazardan seredeniňde hasam oňat akyl ýetirýärsiň. Birinjiden, türkmeniň döwletsiz ýaşan döwri bilen deňeşdireniňde. Döwlet milleti bitewileşdirmegiň serişdesidir hem guralydyr. 国家——独立的土库曼人国家在600年后建立。今天的独立的土库曼人国家从历史的角度看可以更好地理解。首先是没有一个土库曼人的国家象今天一样,国家唯一的原则就是民族团结。 Halk — adamlaryň, jemgyýetçilik gatlaklaryň biri-biri bilen özakymlaýyn, tötänleýin gatnaşyklaryndan emele gelýän jemgyýetçilik umumylygy. Özakymlaýyn hem tötänleýin diýmegimiň sebäbi, berk ýola goýlan syýasy ýa gaýry kada-kanunlar, ýörelgeler ýok. 人民——是社会各阶层之间自发和非义务性的互相作用下形成一个集体关系。这种人与人之间关系不是以政治目的或者其他目的建立起来的。 Millet bolsa — döwlet guralyna eýe bolan bitewilikdir. 民族——是一个拥有国家组织的统一体。 Türkmen dili örän baý dil, dürli manylary aňlatmaga ukyply dil. 土库曼语言是一种具有丰富词汇、表情和含义的语言。 Umumylyk — mukdar, san görkezijisi. Bitewilik bolsa hil görkezijisi. Bitewilik ulgamlylygy hem guramaçylyklylygy aňladýar. Halk dürli syýasy, ykdysady hem jemgyýetçilik gurallar arkaly içerki taýdan gurnalmaga ukyply bolanda millete öwrülýär. Şeýle ukyplylyk bolsa, iş ýüzünde döwletliligi, döwletiň barlygyny aňladýar. 民族——是统一的一个集体。人民是一个集体,民族是一个统一体,集体是数量,统一体是质量。当人民根据自己所需的政治、经济和社会规则组织内部能力的时候,人民就转化为一个民族。那么,这种能力就是表明国家制度、国家已经存在。 Millet — dil, dini-ynanç, däp-dessur, ykbal hem döwlet birligidir. Şeýle birlik kemala gelende, halkyň taryhy geljegi açylýar. Edil deňli-derejeli maşgala bolmak üçin maşgala agzalarynyň, öýüň hem gaýry şertleriň zerur bolşy ýaly, millet bolmak üçin hem döwlet zerurdyr. 民族——是具有共同的语言、宗教、传统、习惯、国家的人的统一体。达到这样的统一,人民的未来历史就会清楚。正如建立一个家庭一样,要有夫妻、要有必须的生活用品,因此一个民族的形成必须有国家这样的载体。 Döwlet — halk möçberindäki uly öýdür. Ol öýde durmuşyň kadaly ýöremegi üçin her kimiň öz orny hem öz ýerine ýetirmeli wezipeleri bolýar. Şol wezipeleriň oňat ýerine ýetirilmeginden döwletiň ýaşaýşy kemala gelýär. 国家——就是一个大家族。为了这个家族正常的运行,每一个人都要有自己位置,知道自己责任。自觉地履行这些责任国家才能长治久安。 Biziň Garaşsyz döwletimiziň esasy aýratynlygy — onuň milli döwletligindedir. Şu aýratynlyga ýetmiş ýyllap biziň üstümizden agalyk eden sowet döwleti bilen deňeşdireniňde oňat göz ýetirýärsiň. Sowet döwleti hökmürowan döwletdi, ol şu topragyň eýesi bolan türkmen halkynyň taryhy taýdan ýokary galmagyna däl-de, onuň egninden basylmagyna hemaýat edýärdi. Ol döwlet türkmeniň maddy baýlyklaryny özgäniň adyna hem haýryna geçirmegiň, onuň gazanan ruhy baýlyklaryny ýok etmegiň guralydy. 对于我们独立国家而言它的基本特点就是——一个民族国家。这个特点可以与统治我们70年的苏联时期相比较。苏联的统治不是让土库曼人成为这片土地真正的主人,也没有让落后的国家得到发展和进步。苏联只是为了自己的利益开发我们的自然资源,让我们土库曼国家这个名字消失,让我们的道德精神价值观消失。 Türkmen milli döwleti diýmek — şu ýurduň erk-ygtyýarly eýesi diýmekdir. Milli döwlet ýurduň maddy baýlyklaryny şu millete siňdirýär we onuň ruhy gazananlaryny rejeleýär. Diýmek, döwlet milletiň taryhy ýaşaýşyny gurnamagyň usuly bolup döreýär hem-de ýaşaýar. 土库曼民族国家——是这个国家唯一的所有者。民族国家是说明国家利用自然财富,保护它的人民的精神价值并且尊敬他们的国家。也就是说,国家是民族历史以来生活和生存的产物。 Häkimiýet, hökümet. Jemgyýeti dolandyrmagyň guraly hökmündäki döwlet şu üç görkezijiniň jeminden emele gelýär: 运行规则——作为管理的形式,国家由这三个系统组成: 1)kanunlar法律 2)döwlet edaralary国家机构 3)ýerli häkimlikler地方行政机关 Döwletiň kanun çykaryjylyk organlaryna häkimiýet diýilýär. Garaşsyz türkmen döwletinde Halk maslahaty baş kanun çykaryjy guramadyr.Hökümet — döwleti edara ediji, iş dolandyryjy gurama. Hökümet öz işinde häkimiýetiň çykaran kada-kanunlaryndan ugur alýar. 在土库曼斯坦,国家的立法机构是全国人民代表大会,政府是国家行政管理机关,政府的管理工作是依照全国人民代表大会通过的法律来进行的。 Türkmenistan — demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. 土库曼斯坦——是一个民主的、法制化和世俗的国家,是按照总统制共和国的原则来治理这个国家。 Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir. Ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewidir hem bölünmezdir. 土库曼斯坦控制自己领土的管辖权,拥有最高的权力,对外独立地执行外交关系,土库曼斯坦的国家主权和领土完整不可侵犯。 Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, çäginiň bitewiligini, kanun gurluşyny goraýar, kanunyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär. 国家保护土库曼斯坦的独立,保护其边境不受侵犯,维护独立运作的国家立法、行政和司法部门。 Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Ol öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar. 土库曼斯坦的独立自主由人民实现,人民群众是国家唯一力量的源泉。人民可以直接的或者通过其代表机构行使自己的权力。 Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamyň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur. 任何部分人、组织或者是集团都没有权力取得国家政权。 Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. 在土库曼斯坦社会和国家的最宝贵财富就是人。 Döwlet raýatyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny, şahsyýetine eldegrilmezligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. 国家向每一个公民负责任。为每个人的自由发展创造条件,保护人的生命、人格、尊严和自由,保证人身不受侵犯,保护公民的自然的和不可剥夺的的权利。 Her bir raýat öz üstüne Baş Kanunyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir. 每个公民为了国家的利益都有责任履行宪法和其他法律规定的义务。 Döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölünýär. Bu häkimiýetler özbaşdak amala aşyrylýar we biri-biri bilen sabyr-takatly işleýär. 国家权力机关根据三权分立的原则分为:立法机构、执行机构、司法机构。每一个权力机构在互相尊重的基础上独立工作。 Döwletiň, onuň ähli organlarynyň we wezipeli adamlarynyň hereketleri diňe hukuk gurluş arkaly amala aşyrylýar. 国家,以及国家一切机构和官员必须依法办事。 Türkmenistanyň Baş Kanuny döwletiň iň ýokary Kanunydyr, onda beýan edilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Baş Kanuna ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk amallarynyň güýji ýokdur. 土库曼斯坦的宪法是国家的最高法律,该宪法中规定的规章准则具有直接的效力。法律和其他法律与宪法相抵触时,不具有法律效力。 Döwlet syryny ýa kanun arkaly goralýan başga syrlary öz içine alýan hukuk amallary bolaýmasa, döwlet organlarynyň ähli hukuk amallaryny çap etmek arkaly ýa-da başga usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär, halka mälim edilýär. Raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli hukuk aktlary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, özleriniň kabul edilen pursatyndan güýjüni ýitirýär. 国家所有法律文件都以公开公布和其他形式公布,含有国家机密和受法律保护的机密文件除外。涉及公民权利和自由的法律文件如果没有进行公布,则在通过之日起无效。 Türkmenistan halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar. Ol dünýä birleşigine doly hukukly döwlet bolup girýär, daşary syýasatda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk pikirine daýanýar. 土库曼斯坦承认国籍公认的国际法准则。土库曼斯坦作为联合国成员,在对外政策奉行和平共处、反对使用武力、不得干涉别国内政的原则。 Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk her bir adama kanuna laýyklykda berilýär, kanuna laýyklykda saklanylýar we ýitirilýär. 土库曼斯坦有自己公民法。公民均依法拥有国籍,可以依法取消或者保留国籍。 Türkmenistanyň hiç bir raýatyny özge döwletiň eline bermek bolmaz ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowup çykarmak ýa onuň watanyna gaýdyp gelmek hukugyny çäklendirmek bolmaz. 土库曼斯坦的任何公民都不可能引渡到别的国家,也不会驱逐出境,也不会剥夺他们返回自己祖国的权利。 Döwlet Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da öz raýatlaryny goraýar hem olara penakärlik edýär. 国家对土库曼斯坦境外的所有公民提供保护和庇护。 Daşary ýurt raýatlaryna ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlara, eger kanunda başga hili düzgünler bellenmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklar hem azatlyklar berilýär. 外国公民或者无国籍的人员,给予同土库曼斯坦公民统一的权利和自由,除非法律另有规定。 Türkmenistan öz ýurtlarynda syýasy, milli ýa dini ynam-ygtykatlary üçin yzarlanýan daşary ýurt raýatlaryna gaçyp gelmek hukugyny berýär. 土库曼斯坦对由于政治、民族或者是宗教原因受到迫害的在本国的外国公民给予避难权。 Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistanda önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem ruhy gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugy ýöreýär. Olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete hem degişli bolup biler. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin olary deň derejede goraýar, olar üçin deň şertleri döredýär. 财产不可侵犯。在土库曼斯坦承认私人占有的生产资料、土地和其他物质以及精神财富。这些同样属于个体、法人团体和国家。国家对于各种形式的所有制的发展,给予平等的保护和条件。 Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr we olaryň döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär. Döwletiň magaryf ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir. 国家保护宗教信仰自由,保障所有的宗教在法律上一律平等。宗教组织与国家分离,不得干涉国家事务。国家组织系统与宗教组织是分开的,具有世俗的特点。 Her bir adam dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär. Onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bile islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haky bardyr, şonuň ýaly-da dine bolan garaýyşlar bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlary beýan etmäge we ýaýratmaga, dini adat-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga haky bardyr. 每个人都有宗教信仰自由权。每个人都有权自己或者是他们共同信仰任何宗教,可以宣传自己所信仰的宗教,可以参与宗教活动。 Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyny gorap saklamak üçin öz Ýaragly Güýçlerini döredýär hem saklaýar. 为了保护土库曼斯坦的领土完整,国家拥有自己的军队。 Türkmenistan raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy jemgyýetçilik gurama degişlidigine garamazdan, olara deň hukuklar we azatlyklar berýär, şeýle hem raýatlaryň kanun öňündäki deňligini kepillendirýär. 土库曼斯坦所有的公民享有平等的权利和自由,不论其民族、出身、财产状况、职务、宗教信仰,或者属于何种党派、社会团体,在法律面前一律平等。 Türkmenistanda aýallar bilen erkekleriň raýatlyk hukuklary deňdir. Eger bu deň hukuklylyk adamyň aýal-erkeklik alamaty boýunça bozulsa, munuň üçin kanun esasynda jogapkärçilik çekilmelidir. 在土库曼斯坦男女享有平等的公民权利。因为性别关系侵害公民的平等权利的行为将受法律的制裁。 Bir adamyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy beýleki adamlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna zeper ýetirmeli däldir, şonuň ýaly-da ahlak kadalaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan bermeli däldir. 一个人在行使自己的权利和自由时,不得损害他人的权利和自由,不得损害社会道德规范,不得损害社会秩序,更加不得损害国家安全。 Her bir adam ýaşamaga haklydyr. Hiç kim janyndan jyda edilip bilinmez. Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak bilen çykyş etdim. Halk meni goldady. Biziň bu aýgytly ädimimiz dünýä jemgyýetçiliginde hem gyzgyn garşylandy. 每个人都有生命权。任何人不得剥夺别人的生命。在土库曼斯坦废除死刑是我提出的。人民支持我的做法。我们的这项决定得到了国际社会热烈拥护。 Raýatyň hukuklaryny çäklendirmek bolmaz ýa-da ony özüniň hukuklaryndan mahrum etmek bolmaz, oňa sud etmek ýa-da jeza bermek bolmaz. Beýle ýagdaýlara diňe kanuna laýyklykda we suduň karary esasynda ýol bermek bolar. 一个公民的权利不得限制或者剥夺,也不得审判和处罚公民。唯有依据法律并经法院判决后才能执行。 Her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda we aýratyn ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga haky bardyr. Ýaşaýyş jaýyna el gatmak bolmaz. Türkmen öýüni mukaddeslik hasaplaýar. Şonuň üçin adamlaryň öýleriniň barlanylmagyny gadagan etdim. 每一位公民有权依靠得到国家的支持,得到完善的居住生活空间,或者建造个人私有住房。私有财产不可侵犯。土库曼人把自己的家园视为神圣的,基于这个原因,我不允许私自检查别人房屋。 Her bir adamyň Türkmenistanyň çäginde ondan-oňa erkin gitmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga haky bardyr. 每个人有权在土库曼斯坦境内自由迁徙,选择居住地。 Nika ýaşyna ýeten zenan bilen erkek kişiniň biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga haky bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir. 到了结婚年龄男女在双方同意的前提下有权利结婚,组建自己的家庭。在家庭关系中夫妻享有平等的权利。 Ene-ata ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy hem ösüşi, olary okatmak barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, medeniýete aralaşdyrmaga, kanunlara, taryhy hem milli däp-dessurlara hormat goýmagy öwretmäge borçludyr. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ene-atalary barada alada edip, olara kömek berip durmaga borçludyrlar. 父母或法定监护人有权利和义务抚养子女,照顾他们的健康,让子女受教育和学习本领,掌握劳动技能和文化知识,教导他们尊重法律、历史和民族传统。子女成年后有责任和义务抚养自己的父母,为他们提供生活上的帮助。 Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni gatnaşmaga-da, özleriniň erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga-da haky bardyr. 每个公民都有权直接或通过自己自由选举产生的代表参与管理国家和社会事务的权利。 Raýatlaryň döwlet häkimiýet organlaryna saýlamaga we saýlanmaga haky bardyr. 公民都享有选举国家政权机关的选举权以及任职的被选举权。 Diňe Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukybyna, hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr. 土库曼斯坦的所有公民都有按照自己的能力和专业技能平等的进入国家机关工作的权利。 Ähli raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, pişe we iş ýerini saýlap almaga, özleri üçin sagdyn hem howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegini gazanmaga haky bardyr. Kanunda bellenen halatlardan başga halatlarda mejbury zähmet gadagan edilýär. 所有公民有工作的权利,有权选择适合自己专业、就业地点,有权为自己创造健康安全的工作条件。禁止强迫性劳动,除在法律规定的情况之外。 Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine hem hiline laýyklykda hak almaga haky bardyr. Bu hakyň möçberi döwletiň bellän iň pes oňalga derejesinden aşak bolmaly däldir. 聘用的劳动者有权按照自己付出劳动的数量和质量获取相应的工资。这项标准不得低于规定的最低工资标准。 Zähmetkeşleriň dynç almaga hukugy bardyr. Hakyna durup işleýän adamlar üçin bu hukuk iş hepdesiniň çäklendirilmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlaryndan, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. 劳动者有休息的权利。对于聘用的人员的这个权利反映在限定每周休息时间、享受带薪休假以及每周有休息日。 Döwlet adamlaryň ýaşaýan ýerinde dynç almagy hem-de işden boş wagtyny netijeli peýdalanmagy üçin amatly şert döredýär. 国家有责任为人民创造放松的居住地点和合理利用空闲时间的条件。 Raýatlara saglygyny gorap saklamak, şol sanda hem döwlet saglygy saklaýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmak hukugy berilýär. Tölegli medisina hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. 公民健康权的保护,包括免费在国家医疗保健机构享受医疗服务。支付医疗服务费用的按照国家法律规定进行实施。 Raýatlar garran, näsaglan, maýyp bolan mahalynda, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan wagtynda, olaryň sosial üpjünçilikden peýdalanmaga hukugy bardyr. 老年、患病、残疾、丧失工作能力、失去了养家糊口的人、失业的公民有享受社会保障的权利。 Köp çagaly maşgalalara, ene-atasyndan mahrum bolan çagalara, urşa gatnaşanlara we döwletiň ýa jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren beýleki adamlara jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär. Bu hukugy durmuşa geçirmegiň tertibi hem şertleri kanun esasynda düzgünleşdirilýär. 国家利用社会公共资金对多子女家庭、孤儿、退伍军人其他失去健康的公民提供更多的支持和补贴。这些权利的手续和条件是由国家立法机构视情况进行调整和制定。 Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adamyň döwlet okuw jaýlarynda mugt bilim almaga haky bardyr. 每个公民都有受教育的权利。必须普及普通中等教育,,每个人都有权获得在公办学校接受免费教育。 Guramalaryň we raýatlaryň kanunda bellenen esaslara hem tertibe görä, tölegli okuw jaýlaryny döretmäge haky bardyr. 组织和公民均有权依法创建民办学校。 Türmenistanyň raýatlarynyň öz çeper, ylmy döredijiligini erkin alyp barmaga hukugy bardyr. Raýatlaryň ylmy-tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde, raýatlaryň döredijilik hukuklary we bähbitleri kanun arkaly goralýar. 土库曼斯坦所有公民享有艺术创作、科学创造的权利。对从事科学创造、绘画、文学和活动的公民的权利和利益受法律的保护。 Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň we halkyň döredijiliginiň, bedenterbiýäniň ösdürilmegine ýardam edýär. 国家促进和扶持科学、文化、艺术和人民创作以及体育运动的发展。 Raýatyň we adamyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy olaryň jemgyýet we döwlet öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 每一个公民的权利和自由的实现与他们对社会和国家履行的义务是密不可分的。 Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek kişi hemmä umumy harby borjuny ýerine ýetirmelidir. 保卫土库曼斯坦是每一个公民的神圣义务。土库曼斯坦的男性公民在达到一定年龄后必须复兵役。 Türkmenistanyň raýatlary kanunlarda bellenen tertipde hem möçberde döwlet salgytlaryny we gaýry tölegleri tölemäge borçludyrlar. 土库曼斯坦公民必须按照有关法律规定的方法和数额缴纳税费和其他税种。 Hiç bir adamy öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur etmek bolmaz. 任何人不得被强迫提供针对自己或者是近亲的证明和说明。 Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organy Türkmenistanyň Halk maslahatydyr. 最高人民政权代表机构是土库曼斯坦人民代表大会。 Türkmenistan şu aşakdaky administratiw-teritorial pudaklardan: welaýatlardan, etraplardan, etrap hukukly şäherlerden ybarat bolup, bularda döwleti dolandyryş organlary döredilýär; şonuň ýaly-da şäherlerden, şäherçelerden we obalardan ybarat bolup, bularda öz-özüňi dolandyryşyň ýerli guramalary döredilýär. 土库曼斯坦的行政系统划分为:州、地区、地区市(与地区平级),这里都设有国家行政管理部门机关;之外,土库曼斯坦行政系统还划分为由地方自治机关管辖的城市、乡镇和自然村。 Halk maslahatyna şu aşakdakylar girýär: Prezident;Mejlisiň deputatlary;Mejlis(her etrapda halk tarapyndan saýlanylan halk wekilleri. 人民代表大会组成成员包括:总统;全国人大代表;地方人大代表。 Halk wekilleriniň ygtyýarlylyk möhleti — bäş ýyl, olar öz borçlaryny mugt ýerine ýetirýärler. 人大代表的任期一般为5年,他们从事工作是没有报酬的。 Halk maslahatynyň garamagyna teklipler girizmäge Prezidentiň, Mejlisiň ýa-da onuň Prezidiumynyň, ýa Halk maslahatynyň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan dörtden bir böleginiň haky bardyr. 总统、全国人大及其常务委员会,或者不低于总数为四分之一以上的人民代表有权提出议案交付全国人大讨论和审议。 Halk maslahatynyň işine Prezident ýolbaşçylyk edýär ýa-da Halk maslahatynyň agzalaryndan haýsy-da bolsa biri ýolbaşçylyk edýär. 最高人民权力机关的工作由总统或者人民代表大会的任何委员负责进行。 * * * |
|
31#
发布于:2008-07-14 19:25
Döwlet — milli ruhuň gaýmagydyr. Hut şol sebäpden milli döwlet millete mahsus ähli ruhy-ahlaky sypatlarynyň amal bolmagyny, syýasy erk arkaly bir ýere jem bolmagyny alamatlandyrýar. Hiç mahal döwlet boş ýerden döremeýär.
国家—是民族精神的精华。因此,民族国家反过来又是本民族所有的道德精神价值的体现,是借助政治意志的集中统一。 Pederlerimiziň agzybirlik bilen üýşüp, öý dikmek däbi bolupdyr. Dünýewi döwletiň binýady gurlan döwürde şol asylly däbe dolanyp gelip, tutuş halk bolup, ägirt bir uly täze öý tutduk. Indi dünýä şugla saçjak şol öýi bezemek, onuň altyn öý bolmagy üçin alada etmek her bir raýatyň jana-jan wezipesidir. 我们的祖先历来有共同建设家园的传统。同样,我们国家也继承了这一优良传统,为建设我们国家打下了基础,并且我们走到了一起。现在我们每一个公民的任务就是巩固这一基础大厦,并尽一切努力达到它的目标,让它变成金碧辉煌、显耀世界,这是每一个公民至关重要的责任。 Türkmen döwletiniň öňden gelýän ruhy ýörelgelerinde ýaşuly nesli akyl-paýhas meselelerinde öňe tutmak esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şu aýratynlygy täze guran döwletimiziň ýörelgeleriniň birine öwürdik. Döwlet gurluşynda iň möhüm zat milli aýratynlyklary, halkyň taryhyny, dünýägaraýşyny we şuňa meňzeşlerini göz öňüne tutmakdyr. Şonuň üçin hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkezdir. Mundan beýläk hem döwlet dolandyrylyşynda Ýaşulular maslahaty esasy merkez bolmagynda galmalydyr. Şeýtsek, halkymyzyň taryhy döwlet tejribesiniň iş ýüzünde dowam etdirildigi bolar. 土库曼国家自历史以来就有精神价值观,并且尊重和参考有智慧、经验的老人们的意见。我们利用这些价值来建设我们现代的土库曼斯坦。建立国家制度主要的是考虑民族的历史、民族的精神和世界观。这就是我们为什么要元老中心与人民委员会、国家政府机关在将来并存下去的原因。所以说,我们的国家建设实际上是运用了我们民族的历史上传下来的立国经验。 Milli döwlet — milletiň öz durmuşyny içki taýdan gurnamagynyň taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jemlenýär. Ol bir ýere jem bolubam, milli durmuşy taryhy taýdan rejeleşdirmek, sazlaşdyrmak işine girişýär. Milli döwleti gurnamak ukyplylygy — halkyň taryhy ýaşaýşa ukyplylygydyr, geljegini amal etmäge ukyplylygydyr. Milli döwlet keseki ýurtdan, özge ýerlerden getirilip oturdylan, şu ýurduň suwuna, topragyna laýyk gelmeýänligi üçin gurap galýan daragt däldir. Tersine, ol hut şu topragyň aýratynlyklaryndan ösüp çykan, şonuň üçinem köki çuňluklardan gaýdýan, örän berdaşly daragtdyr. Öýkünjeňlik hiç bir işde-de gowy däl, döwlet gurluşygy babatda öýkünjeňligiň howpy has uly. Çünki munda milletiň bähbitleri we geljegi ara düşýär. 民族国家——是一个民族建立自己生活方式的历史方法。一个民族的年龄只有在自己民族国家的社会中体现,一个民族建立自己的民族国家,是表达一个民族尊重其历史和信任,也反映出一个民族创造自己未来的能力。一个民族国家不是从一个不同国家和气候的地方移植到本土的树,这样这棵树就会死亡,因为不论是水还是土都没有办法让它成活,让它枝叶茂盛。所以说民族国家是本土上的产物,它会把根深深地扎在这片土地上。由此可以说明模仿别人的事情是没有好处的,而模仿别人的国家体制将会是危险的,因为这关系到整个民族的利益和前途。 Döwlet gurmak — milletiň öz-özüni döretmegidir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy babatlarda öň bolmadyk gymmatlyklar döredilýär. 国家建立——在于一个民族自己本身。新的价值观念,在之前不存在,而是在政治、经济、社会和精神领域中获取。 Beýleki halklary sylamak, hormatlamak, beýleki dinlileriň dinlerine, ygtykatlaryna sarpa goýmak türkmen halkynyň süňňünde bardyr. Türkmen halky ynsanperwer, adalatly, sahawatly, giň gursakly, sabyr-kanagatly dostana halk bolup, başga halkyň wekillerine has ýokary hormat goýmagy özüne dereje bilýär. Türkmen halkynyň arasynda milli dawalar, göwne degmeler bolmandy, indem bolmaz. 土库曼人民一贯尊重其他民族和他们的宗教信仰。土库曼民族是一个慷慨、人道、公正、耐心和诚恳的民族,和其他民族和平共处是土库曼人民的一个最大的特征。土库曼人民之间过去没有发生过民族冲突,将来也不会发生。 Türkmen halky soňky sekiz asyrda agzalalygyň nämedigine set müň uruş arkaly göz ýetirdi. Sekiz asyrlap töwerekdäki, ýakyn-u-daşdaky döwletler «Agzyny alart-da höküm sür» syýasatyny ýöredip, türkmen taýpa-tireleriniň agzyny alardyp, maýdaly-irili uruşlara sezewar etdiler. 土库曼人民在8个世纪以来经受的数千个战争让他们体会到了战争造成的残酷和流离失所。8个世纪以来与我们或远或近的国家对土库曼人实行了“分而治之”(译者注:把嘴分开后统治)的原则,切断了土库曼各个部落之间的联系,把土库曼人拖到大大小小的战争中去。 Eposlarymyzda, dessanlarymyzda, ýüzlerçe şahyrlarymyzyň şygyrlarynda agzybirligiň wasp edilmesi ýöne ýere däldir. Garaşsyz Türkmenistan döwletini yglan eden badymyza, tutuş halkymyz ony sekiz asyrlap arzuw edilen milli döwlet hökmünde kabul etdi. 成百上千的的土库曼使然在历史传说和诗歌中歌颂我们人民的团结精神,这并非是巧合。独立的土库曼斯坦国家成立之日开始,我们的人民期盼这一和自己血肉相连的民族国家已经等待了8个世纪。 Tutuş türkmen halky, Türkmenistanda ýaşaýan ruslar, özbekler, gazaklar, ukrainler, azerbaýjanlar, buluçlar, ermeniler bir halk bolup, öz geljekki ýagşy umytlaryny Garaşsyz Türkmenistan bilen bagladylar. 所有的土库曼人,在土库曼斯坦生活的俄罗斯人、乌兹别克人、哈萨克人、乌克兰人、阿塞拜疆人、布路支人和亚美尼亚人组成一个人民,他们的所有希望都寄托在独立的土库曼斯坦上。 Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan ummasyz baý döwlet, döwletde agzybirlik bolsa, halklar baý bolup biljek — muňa Türkmenistanyň ähli raýatlary dogry düşündiler. 独立、中立的土库曼斯坦是一个富有的国家,国家团结一致,人民才能富有——土库曼斯坦的所有公民都清楚的认识这一点。 Türkmenistanyň hiç bir ýerinde hiç hili dawa-jenjel, birek-biregi kemsitme ýok. Türkmenistanda syýasy durnuklylyk höküm sürüp, halklar bir döwletlilik pikiri arkaly dostlaşýar, doganlaşýar. 在今天的土库曼斯坦,没有任何人与人之间的分歧或相互损害对方的时期。土库曼斯坦的政治稳定,人民安居乐业,大家之间是兄弟般的情谊。 Türkmenistanda syýasy yzarlanmalar, syýasy tussaglar ýok. 在土库曼斯坦政治不受限制,没有政治犯。 Biz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün edýän, serhetleriň mukaddesligini berkarar edýän milli goşuny döretdik. 在我们独立、中立的国家—土库曼斯坦建立了自己的军队,来维护国家安全、保卫我们的国土。 * * * |
|
32#
发布于:2008-07-14 19:26
Biz özümiziň hemişe ýepbeklenip durmagymyza öwrenişipdiris. Sowet döwrüniň bütin 74 ýylynda biz hemişe tankyt astynda bolupdyk, biz muňa çydaýardyk, sebäbi biz, iň bärkisi ses bermek hukugyndan hem mahrumdyk. SSKP MK-nyň islendik býurosynda ýa plenumynda islendik umumysoýuz maslahatynda, mejlisinde Moskwada hökmany suratda türkmenleri tankyt edýärdiler. Munuň özi düzgüne giren kysmy bir zatdy. Bizi «geçmişiň zyýanly galyndylary üçin, jemgyýetçilik aňynyň yza galýanlygy üçin, ykdysady taýdan gowşak ösenligimiz üçin» kötekleýärdiler, gepiň gysgasy, bular akylyňa sygjak we sygmajak zatlardy. Emma hiç kim şu «yzagalaklygyň» sebäpleri barada oýlanmaýardy, hiç kim we hiç haçan näme üçin hemme zat erbet diýen sowaly özüne bermeýärdi. Biz bolsa olar bilen ylalaşýardyk. Soňra has-da beteri bolýardy, biz öz-özümizi masgaralap başladyk, ony kada-düzgüne öwürdik. Bu babatda döredijilik ussatlary aýratyn «üstünlik gazandy»: her bir wekili diýen ýaly döşüne urup, öz halkynyň däp-dessurlaryny, ahlagyny tankyt edip başlady. Munuň özi halkyň, milletiň içinde özara aýyplamalara baryp ýetdi. Milli buýsanç, öz halkyňa, onuň taryhyna bolan buýsanç unudyldy. Köp babatda şu zatlary hut türkmeniň öz eli bilen şeýtdirdiler.
我们土库曼人在74年的苏维埃政府统治时期,一直是被批评和挨骂的对象,我们习惯于承受这些不公平的待遇。我们自始至终没有被允许表达自己的发言权,我们只能去承受这一切。苏联共产党中央政治局会议,或者是苏联共产党中央委员会,或者是莫斯科召开的苏联全国人民代表大会,每次都离不开批评土库曼人,这已经成为一个习惯,或者说是传统。他们总是指责和贬低我们土库曼人没有摆脱所谓的旧的残余思想,社会思想意识落后,经济增长缓慢等等。总之,所有这些指控都超过了人的想象,都是莫须有的罪名。而我们只能忍受这些指责,以至于后来变得麻木,致使我们自己羞辱自己。更加有意思的是,我们的所谓先进分子,把属于我们民族的传统习惯、道德观念进行严厉的批评和不公正的指责。更加严重的是人与人之间相互羞辱、相互训斥。人们好像已经忘记了自己民族的尊严、民族的自豪感以及民族的光荣历史。最不能接受的是,所有这些都是我们土库曼人自己的所作所为。 Men SSSR-iň düzümindäki 74 ýyllyk taryhymyzy çuňňur öwrendim. Olarda diňe türkmenleriň içindäki göreş bellenilýärdi, emma türkmen halkynyň ajaýyp we örän kyn geçmişi hakynda ýazgylaryň düşnügi hem ýokdy. Bu geçmiş edil bolmadyk ýalydy. Hemme zat häzirki zaman taryhynyň üstüne atylýardy, halkyň ykbalyna-da şol jähtde garalýardy, onuň çözülişi-de şeýle hörpdendi. Dürli görnüşdäki islendik umumyrussiýa, umumysoýuz meselesi türkmen durmuşynyň dowamynda hem meselä öwrülýärdi. 我熟悉我们在苏联74年间的所有历史细节。他们把这一期间的矛盾和冲突都算在土库曼人的头上,没有一个字提及土库曼人过去的辉煌而又艰难的历史,好像这些事情就不存在一样。我们的历史在他们那里变成了现代历史,对于我们土库曼民族和人民的命运、现在和未来只用现代历史的观念来分析。只要是涉及到俄罗斯或者是苏联一切问题,在他们那里变成了土库曼人的问题。 20—30-njy ýyllarda munuň özi bolşewikleriň we menşewikleriň arasyndaky, sosializm ugrunda göreşýänleriň we oňa garşy çykýanlaryň, baýlar we kulaklar diýlip atlandyrylýanlaryň arasyndaky göreşdi. 20~30年代,布尔什维克和孟什维克之间,拥护社会主义者和反对社会主义者之间,进行着对所谓的巴伊和库拉克的阶级斗争。 30—40-njy ýyllarda milletçiler diýilýänlere tagma basylýardy, ateist kommunistleriň «jebis topary» olara garşy durýardy. Hakykatda bolsa, şu döwürlerde gandöküşiklikler we yzarlamalar bilen birlikde, şol bir içerki göreş gidýärdi. Bu göreş dürli şygarlar astynda alnyp barylýardy. Türkmenler bolsa, millet we halk hökmünde SSSR-iň ähli beýleki halklary ýaly, öz taryhyny we ykbalyny öwrenmek hem-de ony seljermek mümkinçiliginden mahrumdy. 30~40年代,所谓民族主义者抬头,团结的无神论的共产党人进行了坚决的斗争。事实上,在此期间持续不断的斗争,打着不同的斗争旗号,致使发生了起诉、审判和屠杀事件。土库曼民族和人民同其他苏联人民一样,失去了研究自己历史和命运的机会。 Bu zatlarda türkmenleriň öz günäsi barmydy, eger bar bolsa, onda olaryň günäsi neneňsiräkkä? Munuň özi, megerem, biziň üçin möhüm sowal bolsa gerek. Biz 1922-nji ýylda SSSR-iň döredilendigini taryhdan aýryp taşlap bolmajakdygyna düşünýäris. Şol ýyllarda umumysoýuz içerki göreşiň yzy kesilmeýärdi, emma biz Türkmenistanyň öz-özüni aýratyn rehimsizlik bilen kötekländigini boýun almalydyrys. Könäniň we täzäniň arasyndaky, diniň we ateizmiň arasyndaky göreşiň perdesi astynda türkmenler içerki öz-özüni kemsitmeklige we öz-özüňi ýok etmeklige iteklenip, olara meçew berilýärdi. 在这一时期土库曼人在这些事情上到底有什么过错?如果是的话,到什么程度呢?这个问题对于我们而言是一个重要的原则问题。苏联1922年成立的这样一个历史事实谁都不能去抹杀。在那个年代,在苏联内部新与旧的观念、有神论与无神论之间的冲突持续不断,有些人打着土库曼斯坦的旗号也参与到这场斗争,我们必须承认土库曼人无情地毁坏了自己的名声。 Uruşdan soňky döwürde, 40 — 50-nji ýyllarda hem partiýanyň içinde arassalaýyşlar geçirilýärdi, milletçilige garşy göreş başga görnüşde dowam edýärdi, ol 50 — 60-njy ýyllarda hem bes edilmedi. Intelligensiýanyň bir bölegi ýazgaryldy we SSSR-iň uzak künjeklerine sürgün edildi. 在革命战争年代,即40~50年代,一个新的整肃在党内开始,尽管与民族主义的斗争采取了不同的方式,然而这场斗争持续到50~60年代。许多知识分子被判刑和流放到苏联的东部边远地区。 60 — 70-nji ýyllarda üstünlikler barada aşa öwünmeler, döşe kakmalar, gurluşy, şahsyýeti arşa çykarmak başlandy. Şu sebäpli-de artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyklar başlandy. Bu hem jemgyýetiň keselidi, jemgyýetiň süňňüni-durkuny mälim edýän agyr görnüşdi. Ýogsa-da, bütin 74 ýylyň dowamynda ýekeje sagdyn döwür bolmandygy bellidir. Syýasy aňyýet agdyklyk edýärdi, adamlar, hakykatda, özbaşdak pikirlenmegi ýatdan çykarypdylar. Olar el çarpyşmaga, partiýanyň adyna mahabatly sözleri aýtmaga öwrenişipdiler. Aýratynlykdaky adam şahsyýeti hiç zatdy, jemgyýetde onuň orny, hakykatda, ýok edilipdi. Jemgyýetçilik aňy köpçülikleýin paýhasy kemala getirýärdi, ol şahsy jogapkärçiligi püçege çykarýardy, sebäbi ähli dolandyryş wezipelerini çözmekde şoňa daýanylýardy. Şunlukda, sowet demokratiýasynyň ýörelgelerine täze jemgyýetiň iň ýokary ahlak taýdan gazanan üstünlikleri hökmünde baha berilýärdi, emma bu zatlaryň hemmesi ýapa degýän, sülä gelýän zatlar däldi, ýöne bir şygardy we şygarlygynda hem galýardy. Bu şygarlar jemgyýetiň süňňüne-ganyna ornaşyp, kesel ýaly bir zada öwrülip gidipdi. 60~70年代令人作呕的吹捧成为时尚,许多个人和政权被吹捧。夸大其词和弄虚作假成为正常的事情,这成了一种社会疾病,人们为这个社会而心碎。74年的统治,那是一个不健康的时期。政治思想占据了人们的思维,人们不可能自由的思考问题。他们习惯了拍马屁和发表演说称赞党的一切决定,作为一个独立的个人的意义已经不复存在,人在社会上的作用以及被摧毁。大家的意识变成了社会思潮,个人的责任已经完全不存在。根据这一原则,所谓的管理制度建立起来,这样这些所谓的原则成为苏联的最高民主成就。这些虚假的事情不过是毫无价值的的结果,这些虚假的事情成为苏联的社会毒瘤。 Bu gün bize şol nogsanlyklardan saplanmak aňsat düşenok. Bu biziň Altyn asyrymyzdaky iň gaýragoýulmasyz, wajyp wezipämizdir. 今天我们过去的那些疾病依然存在,恢复是很艰难的。在我们的黄金世纪,这些事情要由我们来做,这是我们的最主要的责任。 * * * |
|
33#
发布于:2008-07-14 19:26
Eziz watandaşlar!
我亲爱的公民! Men öz çykyşlarymda taryhda türkmeni daşyndan däl-de, içinden ýykandyklaryny öwran-öwran gaýtalaýaryn. Men muny siziň taryhdan sapak edinmegiňiz, içki durmuşymyzy sazlaşykly gurnamagyň derwaýysdygyna ünsüňizi çekmek üçin nygtaýaryn. Beýik-beýik soltanlyklary, hanlyklary içki agzalalyklar tozdurypdy. Gorkut ata türkmeniň başyna bela gelse, esasy üç zatdan — agzalalykdan, men-menlikden, haramylykdan geljekdigini wesýet goýup gitdi. Biz Gorkut atanyň wesýetlerini berjaý etmelidiris. 我多次讲过,现在我再次强调一遍,土库曼人在历史上没有战胜外部势力,多次被打败,这不是外部力量,而是内部的原因。我的目的是要提醒你们注意现实,我们应该从历史中吸取教训,并且我们应该根据这一点重新组织我们的生活。科尔库特阿塔曾经说过,可以给土库曼人带来灾难和不幸的原因有三种因素:内乱,骄傲和哈剌姆(不合法)。我们应该听取科尔库特阿塔的忠告。 Eziz türkmen halkym! 我亲爱的土库曼人民! Her bir raýat Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň synmazlygy, bakylygy üçin aladalanmalydyr, döwletiň sazlaşykly ösüşine zeper ýetirýän her bir nogsanlygyň öňüni almalydyr. 每个公民都要为我们独立和中立的国家不受外来侵犯、国泰民安而努力奋斗,对可能妨碍我们国家稳步进展的任何障碍应该设法消除。 Ýolbaşçylara köp zatlar baglydyr. Prezident hökmünde men her ýolbaşçy saýlanylýan adamyň il-günüň, Watanyň bähbidine berilmegini, özüne ynanylan işe jany-teni bilen ýapyşmagyny gazanmaga borçludyryn. Türkmenistanda döwlet gullugyna işe bellenilýän adamlary saýlap-seçip almak barada biziň Halk maslahatymyzda milli kanun kabul etmegimiz gerek. Ol kanunda Türkmenistanda döwlet gullugyny geçmegiň täze görnüşlerini düzmek, ornaşdyrmak, döwlet edaralarynyň işgärler gullugynyň netijeli ulgamyny döretmek, şeýle hem döwletiň wezipeli adamlarynyň we döwlet gullukçylarynyň öz işiniň netijeliligi üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak; döwlet gullugyna Türkmenistanyň raýatlarynyň elýeterligine bolan kanuny hukugy kepillendirmek ulgamy bilen üpjün etmek, gulluga milletine, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, dine bolan garaýşyna garamazdan, Türkmenistanyň ähli raýatlary öz ukyplaryna we hünärleýin taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugyna elýeterli deň hukuk bermek; şunda ýokary bilim derejesi — hünärmenligi, syýasy we hukuk medeniýeti bilen tapawutlanýan, halal, öz oý-pikirlerinde, işlerinde päk ýüreklilik, öz Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine berlenlik ýagdaýy aýratyn bellenilmelidir. Çünki men öz tejribämden bilýärin: ýolbaşçy işe ukyply, başarjaň hünärmenleri saýlap almagy, olaryň işine sazlaşykly gözegçiligi, ýolbaşçylygy üpjün etmegi başarsa, şol edarada sagdyn gatnaşyklar, özgerişlikler döreýär. 因此我在这里特别指出各个部门领导的责任。我作为国家总统,必须非常小心,这些领导干部要以人民和国家利益为重,真心诚意地完成履行自己的职责。在选拔新的公务员上,在全国人民代表大会上我们已经批准了一项国家法案,这个法案明确了以下内容:作为一个公务员先决条件是具有实干精神,团结一致集体观念,对所担负的工作具有强烈的责任心。保障每一个土库曼斯坦公民进入国家机关任职的合法权利,保障每一个土库曼斯坦公民以自己的能力、本领和功绩任职的平等权利,不论其民族、身份、经济状况、户籍、信仰,都可以平等的进入国家机关。领导干部应该任命那些有能力胜任自己的工作的人,并应及时检查和纠正所进行的工作。如果领导干部是成功的话,他的单位或者是部门就会是一个有进展,有成绩、健康向上的集体。 Döwlete, il-güne berlen adamlary mynasyp döwlet gullugyna bellemek möhüm wezipedir. Ýolbaşçy şahsy bähbidinden, etrap, welaýat bähbidinden il-günüň, halkyň, döwletiň bähbidini ileri tutmalydyr. 任命那些忠于国家,忠于人民的同志,并根据他们的能力到国家适当的领导岗位,是一个非常艰巨、非常主要的任务。这些领导同志应该把关心人民利益、国家利益放在首位,而不是他们自己的个人利益。 Döwletiň sazlaşykly ösüşine zeper ýetirýän ýedi sany zady aýratyn nygtamak isleýärin: 我想强调七个对国家发展构成的危害因素: Birinjisi: oňaýsyz ýolbaşçy; 第一种因素:不合格的领路人(领导人) Ikinjisi: tire-taýpa dawasynyň ýüze çykmagy; 第二种因素:蔓延的部落和宗派意识 Üçünjisi: milletara dawasy; 第三种因素:民族之间的冲突 Dördünjisi: diniň jemgyýetde orny, dinara dawasy; 第四种因素:宗教和派系之间的冲突 Bäşinjisi: goňşy döwletler bilen agzalalyk; 第五种因素:与邻国的分歧 Altynjysy: il içindäki agzalalyk; 第六种因素:国内动乱 Ýedinjisi: tebigy heläkçilik. 第七种因素:自然灾害的作用。 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň birinji Prezidenti hökmünde men bu ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ýol bermezligi esasy wezipäm hasaplap geldim, menden soňky boljak Prezidentlere-de men döwletine zeper ýetirjek şu ýedi zadyň öňüni almagy, mydama şu zatlar hakda oýlanyp, şu zatlaryň ýüze çykmazlygy ugrunda çalyşmagy wesýet edýärin. 作为独立和永久中立的土库曼斯坦首任总统,我接受这个基本职责,来防止以上7个不利因素的发展。我奉劝我以后的接班人要切记这些,努力工作,及时铲除,防止这些灾害的发展损害我们的国家。 |
|
34#
发布于:2008-07-14 19:27
DIÝDILER 传说
Başy garly Köpetdagyň nagmasy bar diýdiler, 积雪覆盖的克佩特山谱写出神奇的歌,他们说, Mahal-mahal ýanan är deý nagrasy bar diýdiler, 时而在山间回响,时而在歌声荡漾,他们说, Ýyldyrymlap, gök gürledýän çagbasy bar diýdiler, 当闪电中的雷鸣,带来暴风雨来临,他们说, Aýlanyp türkmen topragyn, ýagmasy bar diýdiler, 土库曼的土地乐土润润,雨水丰盈,他们说, Daglarynda Gorkut ataň paýhasy bar diýdiler. 山上有科尔库特阿塔的智慧,他们说。 Tirsek urup ýatan daglaň behişt kybap jülgesi, 她的山谷和山脉就像是天堂 Derelerde seýil eder bulutlaryň kölgesi, 她的沟壑乌云漫游 Köpetdagym ýöne dag däl, bu bir bagtyň çüwmesi, 克佩特山是不平凡的山,这是春天的财富 Köýten, Hasar, Balkan dagy — külli türkmen dünýesi, 科依腾、哈萨尔和巴尔干山脉是整个土库曼的世界 Daglarynda Oguz hanyň haýbaty bar diýdiler. 在这座山上乌古斯汗的威严再现,他们说。 Deresinde gaplaň gürlän daglar başy dumandyr, 浓雾在山顶上终年不散 Depesinde bürgüt ýerlän daglar mydam juwandyr, 老鹰在大山里高筑巢窝 Eteginde iller örlän eziz diýar amandyr, 在山区我们可以安静的休养 Çardagy bar Çandybilim — geljek ajap zamandyr, 恰尔山是明天的宝地 Bu daglarda Göroglynyň namasy bar diýdiler. 在这个山中记载着吉奥格勒,他们说。 Bir tarapym Garagumum — göçün uran kerwendir, 喀剌库姆沙姆就像一支出发的驼队 Duşman bolup gelene merk, türkmene erk bergendir. 不要做他们的敌人,做土库曼人的朋友 Gahry gelse tüweleýläp, tupan bolup turgandyr, 当他们愤怒时,就像一场龙卷风和暴风雨, Meger dünýäň ýaradylşyn gözi bilen görgendir, 他们就像看到世界被创造的证人 Hydyrly çöl — Magtymgulyň halaty bar diýdiler. 这些马格图姆库里可以证明,他们说。 |
|
35#
发布于:2008-07-14 19:28
TÜRKMENSIŇ! 土库曼人
Ýör, göwnüm, diýara seýran eýläli 走吧,让我的心走遍全国 Gursagy arslanly-şirli türkmensiň! 肚子里存在着雄狮,土库曼人! Geldi garyp, gamgyn ýigdiň eýýamy 吃苦人的出头时候已经到来 Salyrhan kibi ärli türkmensiň! 就像撒拉尔汗一样的英雄,土库曼人! Saýlap-seçip müň ganatly bedewi 让我们选择一个千里马 Dagyna-düzüne sežde edeli 在山区和平原中旅行 Synlap dagda Daga dönen pederi — 塞依剌布山上寻找祖先的长袍 Goýny üç ýüz altmyş pirli türkmensiň! 他们是360位圣徒啊,土库曼人! Gojalary Gorkut ýaly pähimdar 科尔库特老人一样的明智 Ejeleri Ýunus ýaly rehimdar 伊努斯笔下母亲是那样的仁慈 Ýeke bolsaň «häh» diýeňde «mähim» bar 如果你有同情心就不会感到寂寞和叹息 Agaýunus kibi hüýrli türkmensiň! 伊努斯大哥说你是美丽的姑娘,土库曼人! Ärden ärsiň, diňe merdan saýlagyn 选择对手吧,因为你是勇士中的勇士 Şirden şirsiň, jeňe meýdan saýlagyn 选择战场吧,因为你是狮子里的狮子 Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn 奶油一样的沸溢, 沸腾吧土库曼人! Goýny Garagumly — gorly türkmensiň! 阳光一样的喀剌库姆,辉煌吧土库曼人! |
|
36#
发布于:2008-07-14 19:29
WATANDADYR 在我的祖国
Däli köňlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr, 宣泄情感之地,世代栖身之地,是我的祖国, Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr, 学习勤勉之地,荣耀荣誉之地,是我的祖国 Gyş gutaryp kükräp gelen joşgun ýazym Watandadyr, 冬天过去温暖的春天到来之地,是我的祖国, Ýasym sowup, toýum tutjak ýakyn-ýadym Watandadyr, 感受喜怒哀乐之地,是我的祖国, Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr. 永远珍惜的出生之地,是我的祖国。 Çöllerinde seýil edip, daglaryny pena bildim, 走过无数的草原,发现高山才是我的根基, Jülgeden öwsen ýellerin, Hakdan gelen sena bildim, 山谷的微风带来了真主对我们的祝福, Düňle çölün, dag-derýasyn Hudaý gurgan bina bildim, 沙漠,河流,高山是真主为我们建造的大厦, Dutaryndan paýhas alyp, gyjagyna bagrym dildim, 杜塔尔是我们智慧的源泉,格加格为我们酿造甜蜜, Berk tutan maksat-myradym, dünýe-malym Watandadyr. 从世界上追求无数财宝和财富之地,是我的祖国。 Dowar bakyp, şöwür çekip, ygdym Ahal alasynda, 我跟随我的牛羊在阿哈尔草原漫游 Ata-babam sesin eştdim Gök gümmürdän halatynda. 听到我们的祖先雷鸣般的声音 Perýadyn duýdum käbämiň zaryn ýelleň nalasynda, 我亲爱的妈妈迎风而唱 Ýeke galdym, ýalňyz galdym arşyň-kürsüň arasynda, 孤儿被留在这个世界上,就如同在阿尔西和库尔西之间, Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr. 我的灵魂,我的清白,我所崇拜的是我的祖国。 Gara başym gala tutdum, Aköýliniň öwlady men, 抬起我黑色的头颅,因为阿赫奥依的儿子就是我, Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men, 经过了火和水的洗礼,但我未曾抱怨 Keç ykbaly geçdi bil-eý, entek sürem döwrany men, 告别以往的坏习,让我像水一样的清澈, Her pursatda Haka sygnyp, çagyrmyşam Möwlamy men, 一次又一次向真主祈求恢复我的的本色 Hem geçmişim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr. 所有的过去,所有的未来,与我有关系的是我的祖国 * * * |
|
37#
发布于:2008-07-14 19:30
Goja zeminiň her bir halky, milletleriň aňly-düşünjeli her bir adamy, jemgyýetler häzirki wagtda täze eýýamyň äpet taryhynda öz ösüş ýollaryny erjellik bilen gözlemek, öz ornuny kesgitlemek bilen meşgul.
在历史过程中,在我们这个时代,世界上的每一个国家的人民,每一个善于思考的民族,每一个人都在努力地寻找发展自己的出路,都在寻找和探索自立于世界民族之林的最佳途径。 Hiç kim bu taryhy akymdan çetde bolup bilmeýär, sebäbi geçmiş hiç kime sen geljekden üzňe bolsaňam bolar diýip dil haty bermeýär. Geçmiş geljege tarap hereket etmek üçin daýanç nokady bolup hyzmat edýändir. Geljege tarap hereket bolsa döwrüň talaplaryna we özgermelerine näçe jaýdar jogap berýän bolsa, şonça-da netijelidir. Şu, megerem, täze asyryň esasy häsiýetnamasy bolaýsa gerek. 任何人都不能摆脱这个历史性的进步,因为这个历史不允许任何人脱离未来而保持他们所有的权利。能证明我们能够不断前进的一个基准点就是历史。我们不断的前进才能符合我们未来的需求和发展,才能证明我们做出的计划和决定在将来是成功的。这其实就是新时代的一个特点。 Häzirki zaman dünýäsinde wagt örän tiz geçýär, munuň özi geçmişiň we geljegiň bakylygynyň arasyndaky pursatdyr, ýöne ol pursat ýerlikli we paýhasly ulanylan wagtynda, ykbal çözüji, hökmürowan pursatdyr. Bu pursat milletiň ýadyny kemala getirýär we onuň geljegini kepillendirýär. 今天的全球时间过的飞快,这只是过去和未来之间的一个永恒的瞬间,不过时间提供了一个机会,如果我们能够理智的用最恰当的方式利用,那么我们能保证民族的未来和希望。 Türkmenleriň öňünde üçünji müňýyllygyň başynda haýal etmezden çözülmegini talap edýän birnäçe meseleler ünsi çekýär. Olar halkymyzyň ýaşaýşynyň dürli ugurlaryna: syýasata, ykdysadyýete, ylma, medeniýete, saglygy goraýyşa, ýaşaýyşa-durmuşa degişli meselelerdir. 在第三个千年开始之际,有几个重要的问题,必须等待由土库曼人立即去解决。这些问题对于我们人民的政治、经济、科学、文娱、卫生和社会生活致关主要。 Şu meseleler wagtly-wagtynda Hökümet tarapyndan çözülip durulsa, ýurtda agzybirlik saklanar. Garaşsyz Türkmenistanyň aňyýeti — munuň özi öz dinimize, gudraty güýçli Allatagala sygynmakdyr, munuň özi özüňe we adamzada ynamdyr, adamzadyň taryhyň gidişini dolandyryp bilmäge bolan ukybyna, döredijilik we parahatçylyk endiginiň ýeňişlerine ynamdyr. Şu hem biziň düýpli halkara meselelerine we meýillerine bolan çemeleşmämizi, şeýle hem içki ösüşimizi kesgitleýän pelsepedir. 如果我们的政府解决内部的团结和合作这些问题,我们的国家才能生存下来。独立的土库曼斯坦的基本原则就是保持自己的宗教,信奉崇高的真主,以及对自己和整个人类的信任。人的信心,将影响人类历史进步,胜利,繁荣和和平的基础。事实上着也是我们的哲学理念,这种哲学理念决定了我们参与国际关系事务的原则,同时为我们国家的内部发展提供了条件。 Häzirki zaman dünýäsiniň iň wajyp meseleleriniň biri — ol hem durmuş-ykdysady, tehnologik we senagat taýdan ösüşi birmeňzeş derejede bolmadyk döwletleriň arasynda deňhukukly, hyzmatdaşlykly we adalatly gatnaşyklaryň ýola goýulmagydyr. Onlarça, kähalatlarda ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda toplanan meseleleriň bu gün agyr labyr bolup boýnundan ineni üçin, tutuş halklaryň we yklymlaryň käte-käte öz ykballaryndan zeýrenmek duýgusyny başdan geçirýändikleri üçin olarda günä ýokdur. 在我们这个时代,目前一个最主要的问题就是在社会、经济、工业发展不同的国家之间要建立一个健康、平等和相互合作的关系。一些国家把已经积累的过去几十年或几百年的不平等归咎于问题被责备。 Henize çenli hiç wagt garyp we baý ýurtlaryň arasynda baýlyklaryň paýlanyşynda we peýdalanyşynda häzirki ýaly şeýle aradaşlyk bolmandy, henize çenli şeýle aradaşlyk zerarly, tutuş durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamyny opurjak bolýan howp şeýle aýdyň duýulmandy. Häli-şindi jahanyň ha o çetinde, ha beýleki çetinde tutaşýan harby çaknyşyklaryň, etniki özara oňuşmazlyklaryň düýp köki durmuş-ykdysady meýdanda bolsa nätjek? Medeniýetleriň, dinleriň, siwilizasiýalaryň çaknyşmagyny dünýä derejesine çykarmak, häzirki zamanyň şertlerinde «haçly ýörişler» pikirini dile çolamak – diňe düşünjeleriň aýnadylyp ulanylmagyndan başga zat däldir. Belanyň körügi Günbataryň we Gündogaryň garaýyşlarynyň we gymmatlyklarynyň kes-kelläm bir ýere sygyşmaýanlygynda ýa-da dinara gapma-garşylyklarda däldir, eýsem-de häzire çenli saklanyp galan halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamynyň häzirki görnüşinde mundan buýana syýasy ýagdaýlara we Zeminiň ilatynyň isleglerine bap gelmeýänligindedir. Şu hem XXI asyryň häsiýetnamalarynyň ýene biridir. 过去并没有国家之间的并没有象现在这样大的差距,这样的不公正和不平衡,也从来没有考虑到对国家的安全和稳定会构成如此大的威胁,而现在却是现实。现在世界不少热点冲突和种族问题,不平等国家之间在社会和经济利益问题正在出现。用当前情况下历史发展必然性来解释文化、宗教、文明等方面的冲突,为所谓的新“十字军东征”解释,无非是歪曲事实,推波助澜。把矛盾归结于宗教矛盾来解释东方与西方思想和价值观念之间差异是绝对错误的。与此相反,问题的实质是目前的国际经济关系不符合时代发展的新的要求,也不符合世界上人类发展的要求和水平。这个也是21世纪的一个新的特点。 Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda özara hormat goýmaklyga, oňşuklylyga, ynsanperwerlige esaslanyşy ýaly, özüniň içerki durmuşynda-da şol ýörelgelerden ugur alýar. Döwletde we jemgyýetde milletara we sebitara ylalaşygyň, geçirimliligiň, durmuş hyzmatdaşlygynyň ykrar edilmegi biziň içerki syýasatymyzyň öňe tutulýan ugrudyr. 土库曼斯坦处理国际关系的原则基础是相互尊重、和平友好和人道主义,同样在国内政治问题上也采取这样的原则。我们的政策在于寻求国家和社会的各民族、各地区之间的平等发展,努力培养相互谅解、真诚互助的品格。 Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan dessine, döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr, onuň ömrüdir, saglygydyr, howpsuzlygydyr, onuň doly manydaky ahlak we beden ösüşidir diýip, jar etdi. Ýurtda ilaty durmuş taýdan goramak iň öňdäki hatara sürüldi we bu ugur durmuşa geçirilip başlandy. Bu bolsa jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etdi, durmuşa geçirilýän özgertmelere ynam döretdi. 土库曼斯坦获得独立之初便宣布人是国家最宝贵的财富,要高度的进行对人以及人的生命、健康、安全和教育以及卓越的体质和身心的发展。制定和实施社会保障体制是最优先要考虑的事情,对作出的决定、政策和相关的基础设施要全面落实,这样就会保障社会政治稳定,对新实施的政策人民增强了信心。 Türkmenistanda geçirilen düýpli çäreleriň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda çaga ölümi azaldy, ömrüň uzaklygy artdy, jenaýatçylyk kemeldi, ýurtda eneligi we çagalygy goramak, ýaşlaryň, aýallaryň, garrylaryň hukugyny berkitmek boýunça güýçli kepillikler döredildi. 土库曼斯坦对于整个社会生活进行改革,独立后婴儿死亡率下降,平均年龄及寿命延长,犯罪率下降。同时,国家采取强有力的措施政策,保障了儿童、青年、妇女和老年人的权利。 Türkmen döwletiniň durmuş maksatly syýasaty «Durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin Baş ugry» maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Baş ugur Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady ösüşleri hasaba almak bilen, halkyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak maksatnamalaryny ileri tutmak ugruny dowam etdirýär. 土库曼国家的社会政策在《2010年前社会经济改革基本目标》中提出的主要预期目标得到基本实现。这个基本目标把提高人民生活水平的任务放在首位。 Häzir Türkmenistan esasy azyklyk önüm bolan gallany özi öndürýän döwletleriň hataryna goşuldy. Ýurt ykdysady howpsuzlyk babatdaky toplumlaýyn Maksatnamasynyň esasy bölegini ýerine ýetirdi. Türkmen halkynyň işleriniň we üstünlikleriniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygy bizi begendirýär. 今天土库曼斯坦的小麦满足国内需求,进入了主要粮食自给自足的国家行列中。我们的国家完成了保障经济稳定的一系列计划。令人高兴的是土库曼人民的努力和勤奋被世界各个国家所称赞。 Türkmenistanda özgertmeleriň Baş ugry bellenilen döwürde ykdysady ösüşiň ortaça ýyllyk depgininiň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda 18 prosentden az bolmazlygyny göz öňünde tutýar. 2010-njy ýyla çenli möhletde baş wezipeleriň biri — önümçiligi ösdürmekdir. Hemişe bolşy ýaly, bu babatda esasy orun ýangyç-energetika toplumyna degişlidir. Zähmeti köp talap edýän pudaklara ünsi jemlemek bellenilýär. Mümkinçiliklerini göz öňünde tutsaň, olaryň geljegi uludyr we bäsleşige gaýymdyr. Olar: oba hojalygy, ýeňil, azyk senagaty, turizm, ýaşaýyş-jaý gurluşygy we infrastrukturalaryň döredilmegidir. 土库曼斯坦规定在《基本目标》有效发展期内,不同经济部门的年平均增长率最低限度为18%。到2010年这个时期的主要任务之一就是发展生产。同以往一样,在这个发展计划内,最重要的依托产业是燃料和能源工业。我们计划投资于不同领域,这需要巨大的投资成本。按照目前我们特有的产业,这些产业具有非常好的潜力和前景,它们是:农业、轻工业、食品工业、旅游业、住宅建设以及基础设施建设。 2010-njy ýyla çenli bolan döwürde oba hojalygynda gazanylmaly ösüşleriň iň esasysy möhüm önümleriň — pagtanyň we bugdaýyň öndürilişini artdyrmak bolup durýar. 2005-nji ýylda 2,5 million tonna pagta, 2,5 million tonna bugdaý öndürmek bellenilýär. Hut üstümizdäki ýylda 2 million tonna türkmen gallasy ýygnaldy. Deňeşdirip göreliň: Garaşsyzlygyň birinji ýylynda Türkmenistan 70 müň tonna galla öndüripdi. Şu sanlarda biziň Garaşsyzlygymyzyň miweleri, biziň öz ilatymyzy, şeýle hem zeminiň adamlaryny ýaşaýyş üçin birinji derejeli möhüm azyk önümi bilen üpjün etmek baradaky meseläni çözmäge goşan goşandymyz aýdyň görünýändir. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň uzak möhletleýin ugry bar bolan mümkinçiligiň ep-esli artdyrylmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa öz gezeginde, tutumly maýa goýumlarynyň goýulmagy bilen şertlenýär. 2010-njy ýyla çenli maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary 2000-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2,7 esse artar. 到2010年的这段时期,农业方面的重点依然是粮食和棉花生产。到2005年预计粮食和棉花产量将分别达到250万吨,今年我们的粮食产量达到200万吨,而独立的第一年土库曼斯坦的粮食产量只有7万吨。这些数字反映了我们独立以后取得的成果,同时也反映了我们在解决国内粮食问题上为国家和世界所做出的贡献,为人民提供了必须的粮食保障。为了提高我国国民经济现有的机会和新的发展要求,我们考虑要大幅度增加国家储备数量,那么这就意味着需要大量的投资。到2010年通过各种资金来源渠道获得的投资数量与2000年相比较将达到2.7倍。 Ykdysady ösüşiň diňe özi biziň adamlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy kepillendirip bilmeýär, eýsemde ol munuň üçin zerur şertleri döredýär. Şonuň üçin hem durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen işlere erjel we maksada okgunly häsiýetiň berilmegi bütinleý kanunalaýykdyr. 仅靠发展本国的经济是不能保障提高我国人民生活水平,但这是我们国家的支柱。为此,我们的法律必须要关注和解决社会问题,我们国家的社会问题必须有一个针对性的预先计划。 Türkmenistanyň 2010-njy ýyla çenli döwre niýetlenen durmuş syýasatynyň özenini ilatyň ýaşaýyş derejesiniň görkezijilerini ýokarlandyrmak meselesi eýeleýär. Hemişe bolşy ýaly, büjet serişdeleriniň önjeýli bölegi durmuş pudagyna, onuň ösüşine gönükdirilýär. Ilatyň ösmegini hasaba almak bilen, täze durmuş desgalarynyň gurulmagy, döredilen infrastrukturanyň netijeli peýdalanylmagy hem gözden salnanok. Ilata gazy, suwy, elektrik toguny, duzy mugt bermegi dowam etdirip, ilatyň mätäç böleginiň goraga alynjakdygy hem ýörite nygtalýar. 根据土库曼斯坦的社会政策,到2010年前我们的任务就是努力提供高广大人民群众的生活水平。我们最主要的预算资金象已往一样用于社会大发展。提告人民群众的生活水平,建设新的社会福利设施,改善目前的基础设施建设,是我们最重要的目标。我们继续免费为广大的居民提供天然气、水电和食盐,并且为那些生活在低级阶层的人们收入予以支持和保护。 Özgertmeleriň barşynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegi-de ep-esli öser. Bu pudakda kärhanalaryň sany mese-mälim köpeler. Bu özgertmeler eýeçiligiň şahsy we garyşyk görnüşleriniň ösdürilmegi, hususylaşdyrmagyň çaltlandyrylmagy, hojalyk edaralarynyň (daýhan birleşikleriniň we alyjylar birleşikleriniň) guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň kämilleşdirilmegi bilen has-da öňe gider. Maksatnama laýyklykda bellenen döwrüň aýaklarynda üç müň sany döwlet kärhanasyny we desgalaryny hususy eýeçilige bermek amala aşyrylar. 在我们的发展战略中进一步要发展私营经济的重要性。要进一步大幅度增加民营企业的数量。随着战略的进展情况,将迅速提高个体所有制到综合性所有制等多种形式的所有制模式,并随着私有化进程的发展组织农民合作社和股份制企业的经济管理组织模式。在这样的国家发展计划下,预计有3000个国有企业将转换为私有化模式。 Biziň maksadymyz — Türkmenistany gülleýän ýurda öwürmek, onuň her bir adam üçin ygtybarly, mähriban öý bolmagyny gazanmak. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli döwlet maksatnamalarynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, onuň hukuklarynyň mizemezligini gazanmak hyjuwy durýar. 我们的目标是努力使土库曼斯坦成为一个繁荣的国家,使土库曼斯坦成为每一位公民的可靠的家园。独立的土库曼斯坦的所有国家计划都为了人民幸福。 1999-njy ýylyň dekabrynda Halk Maslahaty biziň ýurdumyzda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda Çözgüt kabul etdi we Türkmenistanda ölüm jezasyny doly we gutarnykly ýatyrmak hakyndaky Kanun makullanyldy. Şonuň ýaly-da, jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de ynsanperwerleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda «Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli rehim etme we günä geçme hakynda» Kanun kabul edildi. 在1999年12月的土库曼斯坦国民会议上做出并批准了在土库曼斯坦彻底废除死刑的议案。并且为使社会生活更加得到改善,通过了在土库曼斯坦《关于在盖德尔之夜实施赦免》的法案。 Bu nama adamlara dogry ýola düşmäge, wyždanyň emr edişi ýaly ýaşamaga we işlemäge mümkinçilik berýär, biziň ynsanperwerligiň, demokratiýanyň, adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde amala aşyrmaga meýillidigimizi tassyklaýar. Biz bir ýagdaýa aýratyn buýsanýarys — ol bolsa Türkmenistanyň täze garaşsyz ýurtlaryň içinde ilkinji bolup şeýle ädimler ätmegi ýüregine düwenligidir we olary amala aşyranlygydyr. 这些政策实实在在的能帮助人们找到真正的道路,改过自新,调整他们生命的正确方向。证明了我们从行动上建立一个民主、人道、社会福利得到保障、尊重人的权利和自由的一个国家。让我们感到自豪的是土库曼斯坦在新独立的国家当中是第一个采取这个步伐的国家,并且在坚定不移的的实施这些通过的决定。 Häzir dünýäde bolup geçýän ýagdaýlaryň biri-biri bilen baglydygy, biri-birine garaşlydygy hemmelere aýdyňdyr. Bu ýagdaýlaryň ösüşi «raýat-döwlet-sebit, yklym-bütin dünýä-adamzat» diýen ugur boýunça hatara düzülýärler. 谁都知道当今世界发生的一切活动都是相互关联和相互依存的。各种活动在自我发展过程中形成这样的一个规律:公民—国家—地区, 国家—世界—人类。 Şonuň üçin hem biz her bir döwlet, her bir millet, goý, ol uly ýa kiçi bolsun, öz tutuş jogapkärçilik derejesine düşünmek bilen, bu günki gün ägirt hereketiň barşyna hakykat ýüzünde edil şu kysmy yzygiderlilikde täsir etmäge ukyplydyr diýip hasap edýärin. 所以我们认为,世界上任何一个国家、任何一个民族,无论其强大还是弱小,都要认识到自己的责任,并在这样一个人类背景顺序下发挥自己的作用。 Meselä hut şeýle çemeleşmäge ygrarlylyk bolsa Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň iň bir wajyp, jygba-jygly meselelerini, özüniň milli bähbitleri bilen bagly ägirt wezipelerini çözmekdäki tutumlaryny hem-de hereketlerini kesgitleýär. Olarda ykdysady ýa-da syýasy haýýarlyga we eden-etdilige orun bolmaly däldir, halkara guramalary, aýry-aýry ýurtlar ýa-da maliýe merkezleri tarapyndan ýardam berilmegi döwletiň özbaşdaklyk hukugynyň kemsidilýändigini aňladyp bilmez. 这反映出土库曼斯坦在其民族利益这样的重大问题上对于国内和国际上出现的关键性问题的解决方式,对于这样的不道德和随意性,土库曼斯坦绝对不给予任何机会。这些方面没有任何政治或者是经济上的利益问题,同时也不能把一些国际组织、国家或者金融中心提供的财政援助看做是限制国家自主权的手段来看待。 Güýç hakykaty hakykatyň güýjüne orun bermelidir. Bu hem täze eýýamyň özboluşlylyklarynyň ýene biridir. Türkmenistan şeýle çemeleşmek pikirinde öňem durupdy, häzirem durýar: şeýle çemeleşmek türkmen halkynyň ahlak aýratynlygyna, onuň döwlet bitaraplygy ugrundaky hereketiniň gözbaşynda duran syýasy pelsepesine dogry gelýär. 真正的力量应当尊重事实本身。这是我们新时代的另外一个特点。土库曼斯坦在过去和现在依然坚持这个原则:这项原则是符合土库曼人民的道德观念,是土库曼人民在争取国家中立地位的政治依据。 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň ýigrimi birinji asyrdaky hemişelik Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we demokratiýa ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugry hakyndaky jarnama» kabul edildi. Biziň üçin bu taryhy dokumentde ynsanperwerligiň, demokratiýanyň hem-de adam hukuklaryny we azatlygyny goramagyň düzgünlerini iş ýüzünde hem-de gyşarnyksyz durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň gyşarnyksyzdygy yglan edildi. 1999年12月27日土库曼斯坦全国人民代表大会通过了《土库曼斯坦21世纪的外交政策:永久中立、爱好和平、睦邻友好、民族为原则》的宣言。在这个历史性的文件宣布土库曼斯坦是一个中立国家,对外政策坚决不变,充分尊重民主,保护人权和自由。这些原则就是土库曼斯坦对外政策的原则和依据。 Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de halkara hukuklarynyň ölçegleri hökmünde bellige alnan adam hukugyny we azatlygyny ykrar edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen şu gün hem, ýeneki uzak döwür içinde hem hyzmatdaşlyk etjekdigi Jarnamada ýene bir gezek nygtalýar. 土库曼斯坦承认并接受国际上公认的人权和自由国际法准则。宣言强调,土库曼斯坦愿意现在和将来同联合国长期合作。 |
|
38#
发布于:2008-07-14 19:31
Mähriban halkym!
我亲爱的同胞们! Biziň ählimiz XXI asyrdaky döwürdeş adamlardyrys. Biziň öňümizde güýçleri diňe bir ýere jemläniňde hem çözmesi kyn wezipeler durýar, ýöne şol bir wagtyň özünde hem aýratyn jogapkärçilige hökmany suratda göz ýetirmek gerekdir. Türkmenistanyň syýasy häsiýetiniň pikiri, ynha, şeýledir, ony bolsa täze asyrda we müňýyllykda öz ösüşiniň ýoly kesgitlär. XXI asyry XX asyra garanyňda has howpsuz, has adalatly, has bagtly, agzybir etmek üçin türkmenistanlylar ähli güýçlerini bir ýere jemläp, şu ýüzýyllygy türkmen halkynyň taryhynda Altyn asyra öwrerler. 我们现在是生活在21世界的人。我们肩负的困难和责任未来是要面对的。我们要团结所有的力量努力去完成这些责任,同时我们也要照料我们自己的事情。这就是土库曼斯坦的政治观点。这是通过千年的自身发展过程得出的结论。土库曼人团结所有的力量努力使21世纪比20世纪更加安全、更加公正、更加繁荣和幸福,让21世纪作为土库曼人的黄金时代载入历史史册。 * * * |
|
39#
发布于:2008-07-14 19:32
TÜRKMEN ILIM AMAN BOLSUN!
愿我的土库曼人民健康幸福! Eziz halkym ýalka, Taňrym! 请保佑我的人民吧,我的真主啊! Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Topragyma kyldym tagzym 我尊敬的土地 Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Tutan ýolum aman bolsun! 我的道路带领他们向前进! Göwün guşdur — göge uçsun, 让心灵象一只鸟,让它飞到天空 Her bir raýat bagtyn guçsun, 让每一个公民拥抱他的财富 Berkarardyr puştdan puşdum, 让我们世代世代都稳定 Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Bagtyýarlyk ýaran bolsun! 让幸福成为你的伴侣。 Parlasyn ýaşyl baýdagym, 让我们的绿色旗帜永远飘扬 Ulus-ilimiz baýnasyn, 让我们的人民和国家走向富裕 Çawymyz dünýä ýaýrasyn, 让我们的名字在世界上显耀 Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Mydam altyn zaman bolsun! 让它始终成为黄金时代! Atamyň yhlas edeni, 我们的祖先在真诚期盼 Pyragyň görmän gideni, 佩剌庚不用看见 Döretdik erkin Watany 我们成功建立了独立的国家 Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Ýollarymyz halal bolsun! 我们的道路成为哈剌勒! Bir ojakdan örsün türkmen, 象炉膛的火一样升起的土库曼 Şirdir türkmen, ärdir türkmen, 狮子一样的土库曼,不畏艰难的土库曼 Saňa Hudaý ýardyr türkmen! 真主是你的同伴,土库曼! Türkmen ilim aman bolsun! 愿我的土库曼人民健康幸福! Geljek altyn zaman bolsun! 让它始终成为黄金时代! 请继续关注: BÄŞINJI BÖLÜM 第五部分 TÜRKMENIŇ RUHY DÜNÝÄSI 土库曼人的精神世界 |
|
上一页
下一页