《Ruhnama》汉译为精神叙说,是土库曼斯坦前总统撒帕尔穆拉特-尼亚佐夫所著,由于能力有限,有些地方可能翻译不够准确,请阅读者给予指导。本土-汉双文未经中国撒拉尔青年联盟、声同小语种同意,任何单位和个人不得转载。
DÖRDÜNJI BÖLÜM
第四部分 TÜRKMENIŇ DÖWLETI 土库曼国家 GADYMY OGUZ TÜRKMEN DÖWLETI 古老的乌古斯土库曼国家 Eziz türkmenim! 我亲爱的土库曼! Adamzadyň kämilleniş eýýamlarynda dünýä jemgyýetine beýik ösüş beren ýurtlar, halklar kän: Hytaýda, Hindistanda, Müsürde uly galkynyşlar boldy. Şeýle beýik galkynyşlar oguz-türkmen halkynda hem boldy. Emma ol oguz-türkmen galkynyşlary hakda dünýä taryhynda oňly gürrüň edilmedi. Beýik türkmen taryhynyň ýitmegi üçin edilen synanyşyklar az däldir. Baryp Oguz han zamanyndan bäri dünýäniň ýüzünde ençeme döwletler gurup, Aziýanyň hem Ýewropanyň ykbalynda, syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde görlüp-eşidilmedik taryhy yz goýan oguz-türkmen halkynyň taryhyny göre-bile ýoýmaga synanyşyklar, beýik taryhy işleri başga halklara ýöňkemeklik az bolmady. Barybir, ir-u-giç wagt ähli zady öz ýerinde goýýar. 在这个人类的发展过程中,在世界上许多国家作出了重大贡献,大家明白:中国、印度、巴比伦取得了巨大的文明。这些伟大的文明也发生乌古斯和土库曼之间。但是,世界历史对土库曼取得的文明并没有提供详细的资料。我们努力挽回已经消退的土库曼的伟大历史。没有乌古斯的历史那么世界历史将是不完美的,自从乌古斯汗时代开始,乌古斯土库曼人在世界上建立了许多伟大的国家,亚洲和欧洲的命运、政治、经济和文化留下了重大的历史痕迹。然而,时间将会把乌古斯人的所有东西放在适当的位置。 I — XIII asyrda oguz türkmenleriniň galkynmalaryny inkär edip bolmaýar. Parfiýa döwletiniň, Gaznaly türkmenler , Seljuk türkmenleriniň , Salyr türkmenleriniň,Osman türkmenleriniň,Köneürgenç türkmenleriniň dünýäniň taryhy-syýasy ugruny üýtgedendigini, ykdysadyýetiň, medeniýetiň örän ýokary derejä göterilendigini inkär edip boljak däldi. Emma käbir taryhçylar öz gelip çykyşlary, dil toparlary arap-eýran toparyndan bolansoň, taryhyň islendik gazanan beýikliklerini eýran, arap, soň tapylan umumylaşdyrylan türk ady bilen baglanyşdyranyny kem görmeýärdiler... Biziň sowet mekdebinden çykan taryhçylarymyz meýilparaz taryhçylaryň buky pikirini aňyp bilmezden, şol mekdebiň ýöreden pikirini esasy pikir hökmünde tekrarladylar. Ol pikiriň basybalyjy ýurduň syýasy pikiridigini görmegi başarmadylar. 乌古斯土库曼的第1世纪和第13世纪之间的成就是不能否认的。这是一个无可否认的事实,帕菲亚、喀兹纳、塞尔柱、撒拉尔、奥斯曼、玉龙杰赤等土库曼影响世界历史和政治的发展,在文化和经济领域达到了较高的水平。但是,因为有些史学家片面的认为土库曼的起源是阿拉伯和伊朗人,他们试图把所有的这些历史进步与伊朗,或与阿拉伯人和后来广义的突厥连接… 我们的历史学家,也带来了在原苏联时期的历史,没有适当的审议他们的工作,并简单地重复他们的意见,没有察觉到那些史学家的邪恶意图, 他们没意识到这些想法构成帝国主义侵略的一部分。 Men hasam taryhy çeşmeleri okanymda, öwrenenimde türkmen sözüniň soňky 50 ýyldan gowrak wagtda türk sözi bilen çalşylandygyny anykladym. Ruhnamada türkmen sözüni aslyndaky ada getirdim. Goý, şu günki ýaşaýan watandaşlarym ata-babalaryny tanasynlar, olaryň ruhy şu günki türkmene hyjuw, kuwwat bersin, Allatagala medet bersin! 当我阅读和研究历史书籍中,发现土库曼这个词替换突厥超过了50年。在Ruhnama中,我写出了土库曼这个词就是恢复其真实意义,是为了今天的土库曼人认识他们祖先的精神,并且使他们有力量,真主保佑我们! Men Garaşsyzlyk alan günümiz şu günki Türkmenistan bilen Türkiýe — iki döwlet, bir millet diýip yglan etdim. Sebäbi Oguz diýmek — türkmen diýmekdir, Oguz dili — türkmen dilidir, Seljuk dili — türkmen dilidir, Osman dili — türkmen dilidir, türk dili biraz üýtgän türkmen dilidir, dinimiz birdir, däbimiz birdir, ganymyz birdir. Biz türkmenler oňa guwanýarys. Türk doganlarymyza-da şony arzuw edýäris. 我宣布我们的独立那一天,我曾阐明土库曼斯坦和土耳其的关系是:二个国家,一个民族。乌古斯就是土库曼,乌古斯语言就是土库曼语言,塞尔柱语言就是土库曼语言,奥斯曼语言就是土库曼语言,突厥语言也和土库曼语言是相同的。我们的宗教是一个宗教,文化是一个文化,血统是一个血统。我们土库曼为此感到自豪。我们与突厥民族兄弟是相同的。 Oguz türkmenleriň guran ilkinji döwletine bäş müň ýyl wagt geçipdir. Oguzlaryň durmuşyna degişlidigini subut edýän ok-ýaý alamatlaryndan başlaýan şol döwre degişli tapyndylaryň Bagabat, Altyndepe, Täk gala (Durun), Ary jülgesi, Margiana, Köneürgenç taraplarynda üstüniň açylmagy, döwletiň taryhy ýerleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas berýär. Oguz hanyň hökümdarlyk süren ýeri Oguz ýurdy diýlip atlandyrylypdyr. Bu eýýäm orta asyrlarda «Hududyl-älem» ýaly ygtybarly taryhy arap çeşmelerine anyk maglumat hökmünde giripdir. Oguz ýurdunyň Köpetdagyň etegindäki Täk galadan, Nusaýdan, Änewden hem Altyndepeden uzalyp, tutuş Merwi, Köneürgenji, Seýhun bilen Jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapynyň Hazardan Balha, bir tarapynyň Atail (Wolga) derýasyna çenli aralykda bolandygyny gadymy çeşmeler tassyklaýar. Oguz iliniň ynanjy gök bolupdyr, taňry diýip göge düşünipdir, şonuň üçin taňry diýmegiň bir manysy gökdür. Olar göktaňry dinine, ýeke taňrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir. 乌古斯土库曼从第一个建立的国家开始已经有5000年了。在Bagabat、Altyndepe、Täkgala、Ary、Margiyana和Köneürgenç出土的箭和弓,为那个期间乌古斯的文明和国家提供了重要的信息。在乌古斯汗统治下的这些土地称为乌古斯家园。我们有关于此的准确信息在中世纪期间被写进«Hududyl-älem»书。古代的记载告诉我们说,乌古斯的家园包括Köpetdag、Täk gala、Nusaý、Änew,所有的Altyndepe、整个Merw、Köneürgenç和里海地区,包括Seýhun到Jeýhun的从东到西,至Atail的北部。信仰Gök Taňry(蓝天)在乌古斯中具有主导地位,Gök就是上天的特点,这表示,乌古斯信仰的是Gök Taňry唯一的神。他们的语言是乌古斯语言,古老的土库曼语言。 Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Oguz han Türkmen öz şejere beýanyny bize miras goýup gidipdir. 这个灵魂可以追溯到一个祖先,就是先祖喀剌汗。土库曼作为乌古斯汗的后裔是高尚的后裔。 Eziz türkmen halkym, Oguz han Türkmeniň nesil şejeresi hakda men saňa «Türkmeniň ýoly» hakdaky söhbetimde gürrüň beripdim, käbir pikirleriň gaýtalanýan ýeri bardyr, ýöne eziz türkmenim, ony indi aslyňy — taryhyňy ömürlik seniň, nesilleriň ýadyndan çykmazlyk üçin etdim. Şonuň üçin hem men Oguz hanyň käbir pentlerini saňa peýdasy deger diýen ýagşy niýet bilen gürrüň bereýin. 我亲爱的土库曼人民,我们提供了大量的乌古斯后裔土库曼的资料,亲爱的土库曼,我们这样做,就是为了你和你的子孙,要永远不要忘记你们的历史。然后,在这里我想要引述某些乌古斯汗的忠告为了你好。 [ 本帖最后由 DAVUTKARAMAN 于 2008-7-14 19:42 编辑 ] |
|
沙发#
发布于:2008-04-04 21:10
Oguz han Türkmeniň toprak-ýer hakda aýdanlary:
乌古斯汗关于对土库曼土地和家园的忠告: Ýeriň üstünde jepa çeken (zähmet çeken) goýnunda rahat tapar. 培育土地会有舒适生活。 Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr. 种植一棵树变得永恒。 Topragy söýmedik, Watany söýmez. 不爱土地的,就不会爱祖国。 Ýekeje düwür ýeri harlan türk iman (türkmen) däldir. 谁危害了土地他就不是土库曼。 Bir ýapragy ýolsaň, ömrüňden bir ýyly kemersiň, bir şahany döwseň, goluňy ýa aýagyňy döwdügiňdir, bir nahaly köki bilen goparsaň, ömrüňi kül etdigiňdir, bir agajy çapsaň, ömür daragtyňy çapdygyňdyr. 当你采摘一片叶子,你的生活将会减弱一年。如果你破坏了一个大树枝,也等于破坏了你的胳膊或腿,如果你把树苗连根拔除,那么同时也毁坏你的生活,通过砍树你也砍掉了你的生活。 Zer alma, ýer al! 不要买黄金,去买土地! Suw atadyr, ýer — ene. 水是父亲,地是母亲。 Toprak teniňdir, asman — ruhuň. 土地是你的身体,天空是你的灵魂。 Başyň gökde bolsa-da, topraga tagzym et! 即使你的头能触及天空,也要尊重土地! Oguz han Türkmeniň dil hakda aýdanlary: 乌古斯汗关于土库曼语言的忠告: Ýürekde näme bolsa, dil şony diýer. 心里面想什么,舌头会告诉。 Dil bolmasa, il bolmaz. 如果有没有语言,就没有国家。 Söz ýürekden çyksa güýçli. 语言是心灵的窗户。 Sözi paýhas bezär. 语言是智慧的装饰。 Dil baýlygy — il baýlygy. 语言和国家同样是财富。 Adamyň akyllysy dil öwrener. 聪明的人懂得语言。 Köp dil bilen, köp biler. 谁知道更多语言,他知道事情更多。 Göwni baýyň sözi — jaý. 慷慨的语言是明智的。 Ýola çyksaň, diliňi gora. 当你上路时,请把握你的舌头。 Dil döwletdir. 语言是国家。 Paýhasly söz bakydyr. 明智的语言是永恒的。 Çagaňa dili manysy bilen öwret. 教你的孩子明白语言的意义。 Dilim bar, dünýäm bar. 一个语言,就是一个世界。 Oguz han Türkmen türkmenler bir saçagyň başynda jem bolanda olarda şu häsiýetler döreýär diýip kesgitläpdir: mäkämdir, döwletlidir, nygmaty boldur. Nirä barsa, başarjaňdyr. Ýazyna ak öýli, gyşyna gara öýlüdir. Kän ülkä häkimdir. Ýygnanyp bilýändir. Ülke alyp hanlyk edýändir. Ot ýalydyr. Ýyndam hem wagşy haýwan awlamaga höweslidir. Kuwwatlydyr, gadagançylykda çynlakaýdyr. Bol hem doýran aşlydyr. Gowy işlär, gaýratly bolar. Abraýlydyr, at-owazasy ýaýrandyr. Nirede ýagy görse, derrew ýetişer. Nirä barsa, minneti gylyç bilen taýagyndan çeker. Gaty gowudyr hem baýdyr. Haýwanlary ýagşydyr. Hemişe gowy iş, tertip gurup bilýändir. Ýagşylykdyr, beýiklikdir, ýigitlikdir. Her kime şahandazdyr, ula hyzmat eder. Derejesi ýokarydyr. Nirede bolsa ezizdir. 当乌古斯汗团结起来所有的土库曼时,这些迹象被他们看见:他们的国家是不可战胜的,他们是有福的,他们无论身在何处,他们是战无不胜的。在夏天,他们有白色的房子;在冬天,他们有黑色的房子。他们统治广大的土地。 他们已准备好要面对危险。他们征服和统治国家。他们变得非常敏捷、活跃,并急于寻找目标。 他们是强而有力的。他们尊重的禁令。 他们高度尊重老人。他们的食物是丰富的。他们诚实和锲而不舍的工作。他们尊敬名利地位,是普遍的现象。无论哪里他们面对敌人,都与敌人搏斗。他们是人道和慷慨的。他们的牲畜营养充足的。 他们建立了良好的关系。他们是勇敢和高尚的。 他们的忠告是适当的。他们服务他们的长辈。他们声望是高的。 Altyn ýaý tapylanda, şu alamat bolar: tuguňyza ýalkymy ýeter, ýedi yklymyň alamatyny berer. Ýere-göge ýakynsyň, ýene ýedigenim ýedi ýyldyzym diýip gitjeksiň. Ýerden ýöreýän bolsaň-da, ýoluň gökdedir, indi açary eliňde bolany üçin asudalyk mahmaly ýoluňa düşelendir. Öňkülerden tapawut kändir, indi nirä gitseň ýoluň dört bolar, çar tarapyň açykdyr, jahanyň köňlüne eýe bolanyň üçin şeýledir. 从金弓上可以发现这样的情况:光明会到达这里,7种气候的地球显示出迹象。天上地下将更加密切,所以你会在地下发现7颗星星的方法。虽然你走在地球上,你的归途就是天堂。因为你自己要把握舒适和宁静这个财富。这一切是如此,因为你已征服了世界的心脏。 Altyn ýaý üç kümüş okuň başyny bogar, olar berekete öwrüler. Ýene gadym akaba gelner, oguz çeşmesine agyz urular, gana-gana içiler. Altyn ýaýa ýetmek üçin özünden öňki ähli nesilleriniň altyn ruhy özünde jemlener. Milletiň bar gudraty jem bolup, döwletler dörederler. 金弓由于有三支银箭而变的团结。你发现古老的瀑布,并且喝到乌古斯喷泉的泉水。为了使你获得金弓,前世几代人的金黄灵魂与你成为一体。所有民族力量被团结,国家被建立。 |
|
板凳#
发布于:2008-04-04 21:12
OGUZ TÜRKMENLERINIŇ BEÝIK HUN DÖWLETI
乌古斯土库曼伟大的匈奴帝国 Oguz han Türkmeniň döwlet dessurynyň ruhunda, iki ýarym müň ýyldan soň ýüze çykyp, dowam eden döwletdir. 对于2500年后乌古斯汗土库曼人建立的国家而言,那是建立的同一个精神和结构的另一个国家。 Beýik Hun döwletiniň güýçli hökümdarlaryndan biri Mete handyr. Onuň ady Çyn-Maçynça Mao-tun diýlipdir. Oguzlardan gelen taýpalardandyr. Hatda Mete hana gadymy atasynyň ady dakylyp, oňa Oguz han hem diýlipdir. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyň häsiýetine gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil şonuň ekiz taýy diýdiren han bolupdyr. Her kimiň öňünden «Mete han Oguz hanmy?» diýen sowalyň çykmagy şonuň üçindir. Düýp-teýkary bilen ýok edilmek howpuny duýan wagty, ol Oguz atasynyň agzybirlik, bütewilik wesýetlerine eýerip, oguz, ähli türkmen taýpalarynyň, tireleriň bütewi bolmagynyň gerekdigini syzan hökümdardyr. 伟大的匈奴帝国的建立者毫无疑问是迈特汗。他的名字汉语称呼为冒顿。他的起源是乌古斯。由于迈特汗的祖先的名字与乌古斯相似,所以迈特汗也叫乌古斯汗,他所统治的国家在某种程度上与乌古斯汗非常相似。基于这个原因,出现了互相矛盾的认识,认为迈特汗与乌古斯汗是同一人。迈特汗是乌古斯汗吗?当然不是,主要是人们认识到有必要统一乌古斯、匈奴和所有的土库曼部落,当感到国家受到威胁和破坏时确保乌古斯的团结精神, Kakasy Duman Beýgidir, Çyn-Maçynça Teoman diýipdirler, b.e.öň 380-nji ýylda döwletiniň bir serhedini Çyn-Maçyna çenli giňeltdi. Ogly Mete han ondan soň döwletiň başyna geçdi. 迈特汗的父亲是杜曼伯依。中国历史称之为泰奥曼。大约公元前380年,泰奥曼的国家领土到达中国的边缘。在泰奥曼以后,他的儿子继承了王位。 Mete han şuwlap ses çykarýan oklary ýasadýar, ýörite ýaý hem ok ussahanalaryny döredýär. Beýik Hun hökümdary 26 döwleti häkimiýetiniň astynda ýygnady, olary 84 welaýata böldi. 迈特汗制造吹哨的箭,并且有制造弓箭的生产基地。伟大的匈奴曾统治26个国家,并且把它们划分为84个省。 Beýik Hun hökümdary Metäniň Çyn-Maçyn hökümdary Hiao-Wene ýazan namalaryndan hytaý çeşmelerinde saklanyp galanlary bar. Metäniň Çyn-Maçyn hökümdaryna ýazan şu namasynda ylalaşyk, parahatlyk, abadan durmuş hakdaky pikirleri gaty täsirlidir. Şol namada şeýle diýilýär: 伟大的匈奴统治了从里海到印度洋,喜马拉雅山到西伯利亚的1800万平方公里的土地。以后将这些土地交给了他的儿子阔阔汗。在中国的档案馆里保存着迈特汗向中国大王Hiao-Wen的书信。他在书信中提到关于和平、友谊和安全的想法。在这封书信中他写到: «Taňry tarapyndan tagta çykarylan Beýik Hun Çyn-Maçyn hökümdaryna dogaýy salam diýýär, oňa saglyk arzuw edýär. Hökümdar aly jenaplaryndan geçen günlerde aramyzda parahatlyk hem ýakynlyk gatnaşyklarynyň esasyna degişli nama alnypdy. Bu ahwal her iki tarapyň arzuwyna laýykdy hem namalar manysyna görä ýerine ýetirilipdi. 上天派伟大的匈奴向中国的大王表示问候和想念。关于我们之间建立良好的和平关系的一封信我们已经收阅,信中提到双方建立良好关系的愿望和条件已经满足。 Soňky döwürlerde siziň serhetdäki gullukçylaryňyzyň günbatar Toki şazadamyzy äsgermezligi netijesinde, Toki şazada meniň rugsadymy alman, Hu-Heu Nançžu hem beýlekileriň täsirine düşüp, Çyn-Maçyn gullukçylary bilen çaknyşmaga başlapdyr, şeýlelikde iki hökümdaryň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň garşysyna hereket edipdir, aramyzdaky doganlyk gatnaşyklaryna zyýan ýetiripdir, Han neberesini goňşy döwlete garşy duşman ýagdaýyna düşüripdir. Çyn-Maçyn hökümdarynyň gaharynyň gelendigini görkezýän iki namasy alyndy. Jogap namasyny getiren ilçimiz heniz yzyna dönen däldir. Barybir Çyn-Maçyn ilçisi-de yzyna dolanan däldir. Bu ýagdaý, iki goňşy döwletiň arasyndaky arzuw edilmedik ahwallara sebäp boldy. 近一个时期以来,你的边防部队与我西面的Toki军队发生摩擦,Hu-Heu Nançžu的伯依们受到挑衅,经我的同意,你的军队在Toki发生了局部战争。因此,这不仅损害了我们之间的友好关系,也违反了我们双方之间签署的互不侵犯条约,汗做出了邻国为敌对国家的准备。我收到你的两封信,对你的想法非常愤怒。我们的使节,到达你处表达我们的想法,但至今仍未回来,所以你的使节也被我们所扣押。这种局面造成了二个邻国之间发生了意想不到的事情。 Ylalaşyga garşy hereket birnäçe kiçi gullukçylar sebäpli boldy, olary jezalandyrmak üçin Toki şazadany ýüýeçileriň üstüne ýöriş etmegi emir etdim. 对于我方军队的擅自行动,违反我们条约的行为,我已经处罚了Toki的军队。 Taňrynyň ýardamy bilen nökerlerimiziň sagdyn hem güýçli, atlarymyzyň kuwwatly bolanlygy üçin ýygynymyz duşmanlar bilen söweşde uly ýeňiş gazandy, gylyçlarymyzyň kesgirliginiň saýasynda olary boýun egmäge mejbur etdiler. Soňky döwürde Orta Aziýada, Lölan, Usun, Hukut we şoňa meňzeş jemi 26 taýpany hem ülkäni hökmürowanlygymyza tabyn etdik. Bu ýurtlaryň ähli halky bizde nöker boldular, bütin bu iller biziň bilen bir öý (halk) boldular. 上天赐予了我们勇敢而又敏捷的战士,强壮的骏马,在对抗煽动者我们赢得了胜利。我们锋利的刀剑,打败了煽动者,他们投降了。最近,根据我们的规则,我们在中亚的国家共由26个部族组成,例如Löan, Usun, Hukut…等,这些地方的人民属于我们的臣民,他们的土地成为了我们的家园。 Demirgazyk ülkelerde howpsuzlygy hem abadanlygy gazananymyzdan soň söweşleri bes etmek, ýygyna dynç aldyrmak, atlary otlatmak niýetim bar. Aramyzda bolup geçenleri unudyp, köne ylalaşygy täzelemek isleýärin, edil öňki bolşy ýaly, serhetlerdäki halk parahatlyk içinde arkaýyn ýaşasyn, kiçijik çagalar ulalsyn, garrylar ömürleriniň soňuna çenli arkaýyn ýaşap bilsinler. Nesilden nesle parahatlyk hem buýsanç içinde ýaşasyn. 对于我们北方国家和平和安全方面,我们的意图就是让军队休养,马放南山。过去的事情已经过去了,而今后的事情,我认为有必要修改我们的旧条约。希望我们回到早期边境部落人民舒适安宁的生活环境,让孩子们健康成长,老人们安度晚年。愿我们世代和平和安宁。 Şu mahala çenli Çyn-Maçyn hökümdarlygyndan jogap almadygymyz üçin köşk weziri He-u-Tsiýeniň üsti bilen gönderýärin. Onuň bilen bilelikde bir düýe, iki münülýän at, sekiz araba atyny gönderýärin. Eger hökümdar hunlaryň Çyn-Maçyn serhedine ýakynlaşmagyny islemeýän bolsa, serhet gullukçylaryna hem serhet halkyna serhetden uzaklaşmalaryny emir etmelidir». 我从中国统治者长期未获得任何书信,所以我把这封信让我的大臣He-u-Tsiýe带给你,并送去一头骆驼、两匹穆努勒马和八匹阿拉伯马作为礼物。如果不希望匈奴侵犯中国边境,那么,我们可以让部落人民和军队远离边境。 Ilkinji birleşen uly Oguz döwletiniň syýasatyny sypatlandyrýan namadyr bu, şonuň üçin namany doly kitaba saldym. 这封信充分证明大乌古斯国家的第一次团结,在书中被全部记载。 |
|
地板#
发布于:2008-04-04 21:14
GÖK TÜRKMENLERIŇ DÖWLETI
蓝突厥汗国 Göktürkmen döwleti Oguz atanyň nebereleri, hun taýpalarynyň dowamaty Bumyn han (Kagan) tarapyndan 552-nji ýylda binýat edildi. 745-de garlyklar hem uýgurlar tarapyndan ýykyldy. Iň gowy döwürleri Bilge hanyň döwrüdir, ol 683-nji ýylda dünýä indi. Kakasy Ilteriş Gutlug han, Göktürkmen döwletini täzeden gurdy. Bilge han 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň beýik hany boldy. Döwlet oguz-türkmen döwleti bolup, ynançlary göktaňry dinidir. Döwlet adyny şol ýerden alypdyr, göktürkmenleriň manysy göge ynanan oguz, türkmen manysyndadyr. Bilge han özüniň oguzdygyny mazar daşyna ýazdyryp gidipdir: «Oguz ili meniň öz ilimdir». 作为乌古斯阿塔和伟大匈奴的延续,土门可汗在公元552年建立了蓝突厥蛮国家。在公元745年,葛逻禄回鹘所推翻。毕勒格汗的王朝是最辉煌的时期,他的父亲Ilteriş Gutlug汗,他出生于公元683年。毕勒格汗在33岁时成为蓝突厥蛮伟大的汗王。这个国家是乌古斯突厥蛮的国家,他们信仰的宗教是上天(Gök Taňry)。国家的名字取名源自这个信仰,蓝突厥蛮的意思就是突厥蛮信仰开天辟地的神。毕勒格汗在他的墓碑碑文中向乌古斯后人写道:乌古斯的土地是我的家园。 Goňşulary Sasaniler, Rumustan hem Çyn-Maçyndy, gaty uly ýurda häkimdi. 这个国家幅员辽阔,以至达到萨珊、罗马和中国。 Göktürkmen döwleti bir tarapdan içki gapma-garşylyklar, tagt dawalary, ýene bir tarapdan daşky güýjüň artmagy netijesinde, 630-njy ýylda ilki gündogar Göktürkmen hanlygynyň, soň günbatar Göktürkmen hanlygynyň çökmegi netijesinde dargady. 由于内部动乱、争夺王位致使国家力量大大消弱,蓝突厥蛮汗国于公元630年崩溃了。 Bilge hanyň meşhur sözleri bardyr: «Eý, oguz-türkmen begleri, millet, eşidiň; ýokarda gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler!» 毕勒格汗这样说道:唉,乌古斯突厥蛮伯克们,民族在发抖,我们在蓝天之下在争斗,突厥蛮民族的黑暗来临谁都知道! Döwletiň güýji özara jebislikde, halkyň iline, milli agramyna üns berip, olary keramatlaşdyrmaga çenli baryp ýetmegindedir. Göktürkmenleriň öz elipbiýi, ösen heýkeltaraşlyk sungaty bolupdyr. 这个国家统一和团结了人民,保护自己的国家和民族的价值观。蓝突厥蛮有自己的文字,并且在艺术方面取得了巨大的成就。 |
|
4#
发布于:2008-04-04 21:15
GARAHANLY TÜRKMENLERIŇ DÖWLETI
喀喇汗土库曼王朝 Garahanly türkmenleriň döwleti asly türkmen bolan Bilge Kül Kadyr han tarapyndan 840-njy ýylda Türkmenistanda, Mawerannahrda binýat edildi. 喀喇汗土库曼王朝于公元840年在土库曼斯坦和Mawerannahr由毕勒格-库勒-喀德尔汗建立。 Döwletiň ady Bilge Kül Kadyr hanyň Gara han adyny almagy bilen utgaşdy, hökümdaryň ady Gara han, döwletiniň ady Garahanly boldy. Döwleti türkmenleriň garlyklar, ýagmalar, jykylar taýpalarynyň birleşigi esaslandyrdy. Döwletiň güýçlenmegine yslam dininiň tekge berendigi hakykatdyr. 这个王朝的名字源自毕勒格-库勒-喀德尔汗的名字缩写喀喇汗,喀喇汗是统治者。在这个王朝中土库曼葛逻禄、亚格玛、吉克部落占统治地位。毫无疑问,这个王朝伊斯兰教的地位已经在壮大。 Kadyr handan soňra döwletde ogullary Bazar Arslan bilen Ogulçak han höküm etdi. 喀德尔汗后,他的儿子巴扎尔-阿尔斯兰汗和乌古勒恰克汗统治了王朝。 Bazar hanyň ogly Satuk Bugra kakasy ölensoň, agasy Ogulçak hanyň elinde ulaldy. Ol musulmanlygy kabul etmek bilen, yslamyň Türkmenistana ýaýramagyny çaltlaşdyrdy. 巴扎尔汗去世以后,他的儿子萨突克-布格亚由叔父乌古勒恰克汗抚养。当萨突克-布格亚成为穆斯林后,在中亚伊斯兰教迅速传播,尤其在土库曼斯坦传播更快。 Satuk Bugra han 996-njy ýylda aradan çykansoň, ýerine ogly Baýdaş Arslan han geçdi, dagynyk ýagdaýa düşen Garahanly döwletini birleşdirdi. 1006-njy ýylda Garahanly döwleti şol mahal dargap barýan Samanly döwletiniň ähli mirasyna eýe bolmak üçin garyndaşlary bolan Gaznaly döwletine hüjüm etdi. Emma olar Gaznaly Soltan Mahmydyň ýygynynyň öňünde durup bilmedi. 1042-nji ýylda Garahanly döwleti ikä bölündi. 萨突克-布格亚汗于公元996年去世,他的土地由儿子巴依塔西-阿尔斯兰汗所继承,并控制了即将崩溃的喀喇汗王朝。公元1006年,喀喇汗王朝控制了Maveraunnehir,摧毁了萨曼国,并开始了与喀兹纳勒的战争。公元1042年,由于他们无法抵抗喀兹纳勒苏丹马哈穆提的进攻,这个王朝划分为二部分,即东喀喇汗和西喀喇汗。 Garahanly döwleti yslam dinini kabul eden ilkinji türkmen döwleti bolmak bilen tapawutlanýar. 喀喇汗国家是土库曼人第一个接受伊斯兰教的国家。 |
|
5#
发布于:2008-04-04 21:17
SALYR TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY
撒拉尔土库曼王朝 Salyr türkmenleri oguzlaryň beýik Salyr hanyň taýpasyndan, Dag hanyň ogullar. 撒拉尔土库曼源自乌古斯伟大的撒拉尔汗的部落,是塔黑汗的后裔。 Seljuk türkmenleri Eýrany eýelänsoň, bu döwlet şol ýerde 1147-nji ýylda Oguz hanyň agtygy Salyr hanyň nesillerinden Atabeg Suňur tarapyndan guruldy. Döwleti binýat edenler seljuk türkmenleriniň Salyrdan gaýdan nebereleridir. Salyrlar döwletiniň paýtagty Şiraz bolupdyr. 1284-nji ýylda döwlet ýykylyp, ýeri Ilhanly döwletine goşulýar. 塞尔柱土库曼征服伊朗以后,这个国家于公元1147年由乌古斯汗孙子撒拉尔汗的后裔苏努尔阿塔伯克所建立。撒鲁尔王朝的国家结构是塞尔柱土库曼帝国的一个翻版。撒拉尔王朝的首都为设拉子。公元1284年这个国家倒塌,他们的土地由蒙古伊利汗统治。 |
|
6#
发布于:2008-04-05 22:06
BEÝIK OGUZ-TÜRKMEN DÖWLETI
伟大的乌古斯土库曼汗国 Oguz döwletiniň hanlyklara bölünip, dowam eden görnüşidir. Arap hem Çyn-Maçyn taryhy çeşmelerinde bu döwletiň adynyň yzynda «ýabgu», «ýabgy» sözleri duşýar, ol «beýik» diýen türkmen sözünden bolup, döwletiň uly hanlyk derejesini görkezýän alamat hökmünde häsiýetlendirilýär. Ilki bu Oguz-türkmen ýabgy döwletini emele getiren oguzlar Göktürkmenler döwletiniň hökmürowanlygynda Barlyk derýasynyň kenarynda Dokuz Oguz hanlygyny döretdiler. 乌古斯汗国是乌古斯部落建立的国家。在古代阿拉伯和中国称呼这个国家为亚布古,亚布古是非常响亮的,亚布古在土库曼语中含义是大的意思,也就是表明这个国家由伟大的汗建立并统治。这个乌古斯土库曼亚布古汗国是由乌古斯、蓝突厥蛮等九姓乌古斯在喀兹纳勒崩溃以后,在顿河流域建立的。 Aslynda Oguz-türkmen döwletiniň adyny taryhda goýan wakanyň iň ähmiýetlileriniň biri oguz türkmenleriniň X asyryň başynda Mawerannahrdaky durmuşydyr. Atalaryndan galan uly ýurtlardan olara sanlyja şäher ýetýär, döwletleri Oguz döwleti adyny alýar, bu hökümdarlygyň düýbi Oguz hanyň dessuryndan gelen döwletdir. Oguz hanyň döwletiniň dargamagy bilen, dogrusy, hanlyklara bölünip, uly hanlyk derejesine çenli gelmegi, onuň giň ülkelerini birneme daraldýar. Oguzlar bir tarapdan Horasandan, beýleki tarapdan bolsa Çyn-Maçyn serhetlerinden, Atail derýasynyň kenarlaryndan çekilip, Seýhun bilen Jeýhunyň arasyna, Mawerannahra çenli gysylýarlar. Olaryň esasy şäherleri Ýaňykent, Garajyk, Saýram, Jent bolup galýar. 在亚洲以乌古斯土库曼名义的国家,他们的重大活动主要在10世纪初的Maveraunnehir。他们继承了从祖先留下的家园,国家的名字取名为乌古斯汗国,这个国家的统治阶级是乌古斯汗的后裔。为了躲避战争以及生活的需要,这个国家开始进行了迁移。他们从呼罗珊,中国边境和伊德利河沿岸退出,到达了塞浑河与杰浑河流域之间的Mawerannah。Ýanykent、Garajyk、Saýran和Jent地区依然作为他们的家园。 X asyryň ortalarynda bu döwletiň içinde gapma-garşylyklar ýüze çykyp ugraýar. Bir tarapdan yslam dininiň çalt ýaýramagy musulmanlygy kabul edýän oguzlary Oguz-türkmen döwletinden daşlaşdyryp başlaýar. Şol bir wagtda Demir-Ýaýly lakamly Dukak serkerdäniň Oguz döwletiniň hökümdary bilen düşünişmezligi, soň ogly Seljugyň bu döwletden çekilip, musulmanlygy kabul etmegine getirýär. 公元10世纪由于国家内部的严重动乱,导致了这个国家处于崩溃状态。同时伊斯兰教取代了其他宗教,并且迅速传播,乌古斯土库曼汗国以乌古斯为主体的人民成为穆斯林。以著名的铁弓名义的杜喀克继续顽强地领导乌古斯汗国,以后他的儿子塞尔柱在这个国家出现,他也是穆斯林。 Bu döwletiň esasy aýratynlygy oguzlaryň däp-dessuryny dowam etmek üçin jan edenligindedir, emma gün-günden güýçlenýän yslam döwletleriniň öňünde durup bilmeýär. Bu döwletiň ýene bir ähmiýetli tarapy bolsa, Seljuk beg ýaly güýçli hem pähimli türkmen serkerdesini ýetişdirip bilmegidir. 乌古斯亚布古汗国保持了乌古斯的传统,然而,一天一天成长的伊斯兰教对这个国家造成了一定的影响。这个国家的另外特点是,培养了一个敏锐和智慧的伯克,那就是土库曼的塞尔柱伯克。 Seljuk türkmenleri oguzlaryň kynyk taýpasyndan, Aý hanyň nebereleri Jentde uly döwlet gurup ýaşap ýör. 塞尔柱土库曼源自乌古斯柯尼克部落,是爱汗的后裔,他们在詹特建立了一个强大的国家。 Seljuk Dukak güýçli serkerde bolupdyr. Taryhçylar dürli çeşmelerde onuň adyny «demir ýaýly» hökmünde terjime edýärler. 塞尔柱杜喀克非常的敏锐。历史学家从不同的角度清楚地翻译了他的名字—铁弓。 Seljuk türkmenleri Mawerannahrda, Buharada ýaýylyp-ýaýrap oturan türkmen gardaşlarynyň arasyna göç tutup gelýärler. Köneürgenç türkmen şalygy bilen hoşniýetli gatnaşykda, Garahanly türkmenler bilen hem dostana gatnaşykda. 塞尔柱土库曼在Mawerannahr和布哈拉地区与其他土库曼氏族和部落的兄弟们过着定居生活。与玉龙杰赤的土库曼建立了良好的关系,并与喀喇汗土库曼人成为朋友。 Seljuk türkmenleri hem atarman, çaparman, batyr, merdana halk. Eýse, Mahmyt Gaznaly seljuk türkmenlerini näme diýip öz ýurduna — Horasana çagyrýar? Köp taryhçylar Mahmyt soltan öz türkmenlerine ýagşylyk edip, çagyrandyr öýdüp ýalňyşýarlar. Mahmyt soltanyň asly hem türkmen, onuň goşunynyň aglabasy hem türkmenler. Horasanda türkmenler şäher-şäher, oba-oba bolup ýaşaýar. Merwde, Abywerdde, Nusaýda, Sarahsda, Amulda, Balkanda, Zemde, Mawerannahrda, Müňgyşlakda, Wasda türkmen ýaýylyp, ýaýrap otyr. 塞尔柱土库曼是一个喜欢马,并且是一个一个勇敢和无畏的人民。否则,马合木提-喀兹纳勒怎么会把塞尔柱土库曼邀请到他自己呼罗珊呢?许多历史学家认为,苏丹马合木提真正的意图是利用塞尔柱土库曼人。苏丹马合木提的士兵和百姓大部分都是土库曼人,这些土库曼人居住在呼罗珊的乡村和城市。他们主要居住在马雷、阿布威尔、努撒伊、撒拉尔赫斯、阿木勒、巴尔干、宰姆、马威然纳赫和蒙格西拉克等地区。 Mahmyt soltan Hindistana on ýedi ýola ýöriş edýär, onuň gaznalary altyn-kümüşden doly. Onuň öňünde durup biljek güýç ýok, onuň döwletine howp salyp biljek güýç weli bar. Olar öz türkmenleri. Mahmyt soltanyň seljuk türkmenlerini Jeýhun derýasyndan geçirip, göçürip getirmeginiň aňyrsynda örän ullakan syýasy pirim ýatyr. Ol müňlerçe ýyllap «Agzyny alart-da, höküm sür» pelsepesiniň oýun çöpi. Seljuk türkmenleri göçüp gelýär, emma ozaldan oturan türkmenlerden kim oňa ýer-ýurt berjek, öri berjek? Seljuk türkmenleri ýaşamak üçin göreşmeli! Kim bilen göreşmeli? Elbetde, parahat oturan merwli ýa sarahsly, abywerdli ýa nusaýly türkmenler bilen ýer-ýurt üçin göreşmeli. Seljuklary hut soltanyň özi ilerläp çagyrdy, diýmek, olar ozalky türkmenlerden arzyly. Ýeri-ýurdy bolsa olaryň özleri tapjak! Diýmek, uruş boljak! Türkmenleriň öz aralarynda! Diýmek, Mahmyt soltan Hindistana arkaýyn ýörüş edip biljek, çünki ol türkmenleriň arasyna urşuň közüni oklady. Ýene bir ýola janyny barlamak üçinem ol seljuk türkmenleriniň serkerdesi Arslan hany görme-görşe çagyryp, bendi edýär. Hindistanda Kelejar galasyna taşlanan Arslan han parahat zamanda aköýli hökmünde saklanýar. Soltanyň pikiriçe, Arslan han onuň gol astyndaka seljuklar soltana garşy baş göterip, ýer-ýurt dawasyny edip bilmeli däl. Seljuklar diňe Horasanda ýaşaýan türkmenler bilen urşaýmaly. Olara başga ýol ýok! 苏丹马合木提对印度进行了达18次的战争,用黄金和白银填补国家的国库。不过他感到有一个威胁,那就是塞尔柱和土库曼人。苏丹马合木提明智的将塞尔柱土库曼人分散居住在杰浑海周边,分化和瓦解他们的力量,这是一部分策略。另外,对塞尔柱土库曼人不提供土地和草场。所以,塞尔柱土库曼人不得不为生存而挣扎。他们一并与居住在马雷、撒拉尔赫斯、阿布威尔和努撒伊的土库曼人进行奋斗。其实苏丹马合木提邀请塞尔柱土库曼人是因为他们比定居的其他土库曼人更由战斗力,作为他发动战争的先锋。使苏丹马合木提更容易对印度发动一次又一次的战争。有一次,为了显示他的权力,在一次会议上苏丹马合木提命令塞尔柱人将阿尔斯兰汗抓起来,并囚禁在印度的凯勒加尔城堡。但是塞尔柱人并没有这样做,也没有在战争中提出领土要求。为了保全自己的势力,塞尔柱人不得不与呼罗珊的其他土库曼人一并进行战斗。那个时候,塞尔柱人没有其他道路可选择。 Emma zandy asylly seljuk türkmenleri ýer-ýurt üçin öz türkmenleri bilen söweşe girmeýär, olar hut soltandan kanuny ýer almagyň ugruna çykýarlar. Soltan olara ýer-ýurt berýär, emma Mahmyt soltan ölüp, ýerine Mesut soltan bolanyndan soň, soltanlygyň syýasaty üýtgeýär. Seljuk türkmenleri bilen Masudyň arasyna uruş-jeň düşýär. Mesut soltan beýik serkerdesi Begdogdy hajyby agyr goşun bilen seljuk türkmenleriniň üstüne ugradýar. Taryhy çeşmeler Begdogdy serkerdäniň türkmendigini nygtaýarlar. Batyr han edermen Begdogdy seljuklaryň harby pirimine sezewar bolýar. Seljuk begleri söweşde gaçyp uruşmak usulyny ulanýarlar. Oba-kentler boşap galýar. 所以,塞尔柱土库曼并没有为了土地和家园与其他土库曼兄弟进行战争,并且向苏丹提出给自己土地。苏丹马合木提给了他们一方土地,但是,苏丹马合木提的儿子苏丹迈素德改变了这一政策。导致了塞尔柱土库曼人与苏丹迈素德的关系不断恶化。直到苏丹迈素德派他的著名将军道格得伯克和他领导的军队进行镇压。不过,这个天才的将军由塞尔柱的勇士们被击败。在战斗中塞尔柱伯克们使用了引敌深入、就地歼灭的灵活战术。 Daňdanakan söweşinde üstün çykan seljuk türkmenleri gurultaý çagyryp, şol gurultaýda täze türkmen döwletini dünýä jar edip, halyfa, dumly-duşdaky şalara ilçi ýollaýarlar. 之后,塞尔柱土库曼人在Daňdanakan战争中取得了胜利,他们宣布一个新的土库曼王朝在世界上成立,并派出使节出使邻国哈里发王国。 Seljuk türkmenleri oturymly türkmenler bilen birleşýär. Olaryň öz güýçlerine ynamlary artýar. Netijede, olar dünýäni basyp almak kararyna gelýärler. 塞尔柱土库曼团结更多的土库曼兄弟民族,大大地增强了他们的力量。因此,他们实现了他们世界霸权的理想。 Käbir taryhçylar aýyn bolmasa, gaznaly döwletini ýykan seljuk türkmenleri, seljuk döwletini ýykan hem Köneürgenç türkmenleri diýip, türkmenleri wagşylykda aýyplajak bolýarlar. Aslynda türkmenleriň zandynda adalat, adyllyk, parahatlyk söýüjilik, geçirimlilik bar. Türkmen köp geçirýär, emma, haçanda adalatly tagtda oturan şa ýa soltan adalatsyzlyk edip başlasa, ondan sowaşýarlar. Ýöne dänmeýärler. Tä etinden ötüp süňňüne batýança, çydaýarlar. Türkmeniň zandy şeýle. Haçanda çydamak mümkin däle baranynda, olar ata atlanýar. Ata atlanan türkmeniň öňünde bolsa kim durup bilýär! 一些历史学家别有用心的指责塞尔柱土库曼人的野蛮行径,声称塞尔柱摧毁喀兹纳勒王朝,并在玉龙杰赤建立了土库曼人的塞尔柱王朝。事实上,在亚洲大地上土库曼是和平、宽容、智慧的民族。土库曼的包容度很高。当他们面对战争的时候,当他们面临周围的汗和苏丹不公正的时候,土库曼人从未放弃他们的决定。他们的剑不轻易在任何情况下拔出,直到最后一刻,显示出了他们的耐心。没有任何人可以阻挡土库曼人先祖的决心。 Mesut soltan türkmenler barada adalatsyz syýasat ýöredip başlanyndan soň hem ençeme ýyllap olar çydaýarlar. Üç-dört gezek soltan türkmenleriň üstüne ýygyn dartýar, çydaýarlar, emma çydamyň hem çägi bar! 苏丹迈素德对土库曼人采取了不公正的政策,对他们进行进攻和驱除。3次、4次的对土库曼人进行战争,土库曼试图忍耐,但忍耐力是但也有一个限度! Soňky seljuk türkmen soltany Soltan Sanjaryň soltanlygy Mesut soltanyň soltanlygynyň synyşy ýaly synýar! Uly döwletiň soltanyny Balhyň töwereginde oturan oguz türkmenleri bilen duşman edýärler. Soltan Sanjar öz halky bilen söweşmejek bolup, köp çydaýar. 塞尔柱土库曼苏丹王朝在苏丹萨加尔期间,也同样像苏丹迈素德一样实行了不公正的政策。乌古斯土库曼人在Balh附近与敌人进行了战斗。苏丹萨加尔克制了自己的人民不与土库曼的亲戚打仗。 Nyzamylmülk köşk hile-pirimini ulanyp, beýik wezirlik wezipesine geçdi diýip takyk aýdyp bolar. Ol garry wezir bilen soltan Alp Arslanyň arasyna duşmançylyk atmagy başarýar. Ýaş soltan garry weziri ölüme höküm edýär. Şonda garry wezir ölüminiň öň ýany Nyzamylmülke: 有一个投机取巧的外力,通过登高欺骗了大家。他在苏丹阿利普-阿尔斯兰和他的老大臣之间埋下了不和和仇恨。年轻的苏丹下令处死老大臣。临死之前老大臣说: — Sen türkmen hökümdarlaryna gan dökmegi öwretdiň! — diýýär. 你轻易地教会了土库曼人洒热血。 Türkmen hökümdarlary nähak gan dökmegi Hudaýdan daş düşmek hökmünde görüpdirler. 事实上,土库曼人相信冤枉别人洒热血的人在疏远着真主。 Garry weziriň ölüminiň öň ýanynda aýdan bu sözi türkmen hökümdarlarynyň adalatly bolandygynyň janly şaýady. 老大臣临死前的发言,最好的证明了土库曼人的态度。 Türkmen soltanlyklarynda, şalyklarynda şalaryň ejesi ýa aýaly uly hormata mynasyp bolupdyr. Olara Tarhan (taryhy çeşmelerde Terken — Türkan) hatyn diýip ýüzlenipdirler. Soltanyň ejesi, aýaly, tutuş soltanlygyň ejesi hökmünde sylanypdyr, emma näçe hormata mynasyp edilse-de, türkmen soltanlary ejesini ýa aýalyny döwlet işine aňsat-aňsat gatyşdyrmandyrlar. Türkmenler «Aýalyň tagtam, bagtam ojagyň başyndadyr» diýen pikire gulluk edipdirler. Köneürgenç soltanlygynda soltan Muhammet döwründe dul ejesi Türkan hatyna şol berk kada-kanuny ýykmak başardypdyr, Türkan hatyn ogly bilen deň hatarda ýurt sorap başlapdyr. Soltanyň Türkan hatyny beýle derejä götermegini serkerdelerem, beglerem, kethudalaram, din ulamalaram oňlamandyr. Netijede, uly soltanlyk Çingiz handan ýeňilýär... 在土库曼苏丹国,苏丹的母亲和妻子必须得到极大的尊重。并且苏丹的母亲被尊敬为这个苏丹王国的国母,虽然土库曼的苏丹试图阻止他的母亲和妻子干涉国家事务。土库曼人说:妇女在厨房里获得了王位和时运。玉龙杰赤苏丹王国的苏丹穆罕默德的国家里,苏丹的母亲哈丁-突尔肯是个寡妇,违反了这项基本原则。哈丁-突尔肯在她儿子统治的国家,获得了和她的儿子一样平等的发言权。伯克和阿訇们反对她这种干涉国家事务的行为。最后,这个伟大的苏丹王国无法抗拒成吉思汗的入侵而毁灭了----- |
|
7#
发布于:2008-04-05 22:07
GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETI
喀兹纳勒土库曼王朝 Bu döwleti esaslandyranlar Oguz hanyň iň uly agtygy Gaýadan gaýdan nesillerden bolup, 962-nji ýylda Gazna şäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyran, döwleti döwlet eden soltan Mahmyt Gaznalydyr. 这个国家建立者源自乌古斯汗的喀亚部落,由喀兹纳沙(原来是呼罗珊的总督)建立于公元962年。 喀兹纳王朝时间较长,这个国家最辉煌时期是在苏丹穆罕默德的统治时期。 Soltan Mahmyt Gaznaly gysga wagtyň içinde öz ýygynyny gaty güýçli düzýär, musulman oguzlaryň uly bölegini ordasyna çekip, goňşy ýurtlara yslam dinini ýaýmagyň aladasynda bolýar. Öz döwründe güýçlenmegiň zerurlygy hökmünde yslamy ýaýmak, ýurduňy giňeltmek esasy maksat bolupdyr. Onuň döwletiniň ýeri gysga wagtyň içinde Horasana, Köneürgenje, Yraga, Balha, günorta-gündogar Eýrana, demirgazyk Hindistana çenli giňeýär. 在短期内,苏丹穆罕默德的喀兹纳勒王朝得到了乌古斯各穆斯林部落的支持,成为一个大国,并在自己的国土上和周边国家努力传播伊斯兰教。他的主要目标就是极大的传播伊斯兰教和扩大自己的领土。国家边界在很短的时间内扩展到呼罗珊、玉龙杰赤、伊拉克、伯利恒、南伊朗和北印度。 Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly döwletiniň esasy bölegi bilen gowy gatnaşykda bolýar. Şol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniň ogullary bilen gidişýär. Onuň ogly Arslan hany zyndana atdyrandan soň, onuň ýigitlerine bagly oguzlaryň uly bölegine Horasana göçüp barmaga rugsat berýär. Emma Seljuk serkerdäniň ýetişip gelýän agtyklary Çagry bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az däl. Soltan Mahmyt Garahanlylaryň içindäki dogan-dogana bolan çaknyşygyň öňüni alyp: «Biri-biriňize duşmançylygy taşlaň. Hanjaryňyzy gynyňyza salyň, her haýsyňyz öz welaýatyňyz bilen boluň» diýip, olary ylalaşdyryp bilse-de, özi ölenden soň, ogullary tagt dawasyna başlaýar. 某一个时期,苏丹穆罕默德维护了喀兹纳勒王朝的友好关系。在那个期间,他没有与塞尔柱的儿子取得一个协议。此外,他逮捕了阿尔斯兰,并投入监狱。不过,后来他授权塞尔柱人到呼罗珊迁移和定居。并且他曾阻止了塞尔柱的孙子恰嘠尔和托格鲁尔的纠纷。苏丹穆罕默德在在这个问题上说:希望停止你们相互的敌意,把刀插入刀鞘,大家必须遵守国家的统一制度。并且解决了在他们之间的争端。后来,他去世以后,他的儿子开始了继承王位的争斗。 Soltan Mahmydyň ogly soltan Mesut tagta geçenden soň, onuň esasy işi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyşmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyň üstünde ilki Täk (Durun) galanyň töwereginde 1038-nji ýylda söweşýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyşýarlar. Bu iki söweşiň netijesi seljuk türkmenleriniň ýeňşi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde soltan Mesudyň ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweşden soň Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniň eline geçýär. Gazna döwleti ondan soň gaty garyşyk ýagdaýda ýaşaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar. 苏丹穆罕默德的儿子苏丹迈苏德登上了王位,居住在呼罗珊的塞尔柱土库曼人成了他的主要目标。在这两个土库曼为了分享乌古斯的土地,首先于公元1038年在特克附近进行了激烈的战斗,后来又在撒拉尔赫斯平原进行了战斗。由于塞尔柱土库曼人的不断的战争,在公元1040年期间苏丹迈苏德的国家不断地消弱,导致了苏丹迈苏德的国土不断的损失,塞尔柱土库曼人控制了呼罗珊、伊朗、玉龙杰赤和Mawerannahr大片的土地。在此之后,这个国家摇摇欲坠,最终并入了塞尔柱土库曼帝国的版图。 |
|
8#
发布于:2008-04-16 21:48
BEÝIK SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
伟大的塞尔柱土库曼帝国 Bu döwleti 1040-njy ýylda, seljuk türkmenleriniň Gazna döwleti bilen söweşip gazanan ýeňşinden soň, Seljuk serkerdäniň agtyklary Togrul bilen Çagry binýat etdi. Olar Oguz hanyň iň körpe agtygy Kynygyň neberelerindendir. 塞尔柱土库曼帝国建立于1040年。塞尔柱土库曼人在贾格尔和托格鲁尔率领下打败了喀兹纳勒王朝。塞尔柱土库曼是乌古斯汗的孙子柯尼克部落的后裔。 Seljuk türkmenleri Horasana gelýänçäler, gaty pajygaly günleri başdan geçirýärler. Ilki Seljuk serkerde gojalyk çagynda bar işi-pişesini taşlap, agtyklary Çagry bilen Togruly terbiýelemek işine özüni berdi. Seljuk beg ýaşy ýüzden geçip, Jentde aradan çykansoň, ogly Arslan han Togrul bilen Çagryny Buharanyň ýanyndaky Nur ýaýlasyna getirýär. Emma Seljuk begiň edep-terbiýesini alan iki doganyň bar arzuwy Horasana geçmek, şol ýerini özlerine ymykly ýurt tutunmakdy. 塞尔柱土库曼到达呼罗珊后经历了一个非常困难的时期。塞尔柱在老年期间,放弃了其他的事务,主要培养了他的二个孙子贾格尔和托格鲁尔。当塞尔柱伯克去世时已经100岁了。离开捷特后,阿尔斯兰汗的孩子托格鲁尔和贾格尔一起决定在布哈拉附近的努尔高原定居。二个兄弟的主要目的就是锻炼阿尔斯兰伯克,以及将呼罗珊作为自己的家园。 Şu maksat bilen hem yz çalmak üçin Çagry ýetginjek ýigit çykyp, ýanyna ýigitlerini toplap, Horasandan geçip, tä Rum iline çenli ýöriş edip gelýär. Arslan hanyň soltan Mahmyt tarapyndan zyndana atylmagy netijesinde, iki dogan Horasana geçmegi ymykly ýüreklerine düwýär. 为了实现自己的目标,贾格尔集中了他自己的勇士们,并带领他们越过呼罗珊,到达罗马的安纳托利亚。并且解救了被苏丹穆罕默德关押的阿尔斯兰汗,二兄弟加剧了征服整个呼罗珊的意图。 Olar 1035-nji ýylda Jeýhun derýasyndan geçýärler. Ilki maksatlary Täk gala töweregine gelmek bolýar. Ony gowulyk bilen soltan Mesuda düşündirip, hat ýazýarlar. Hatda şeýle diýilýär: «Çölüň gyrasynda bolan Nusaý bilen Paraw welaýaty bize berilsin, goşumyz bilen haýwanlarymyzy o ýere goýaly, aladasyz bolaly. Balhan dagyndan, Dehistandan, Köneürgenç serhedinden we Jeýhun taraplaryndan hiç bir arabozaryň kellesini galdyrmagyna maý bermeris». 他们于公元1035年渡过了杰浑河,在特克喀剌附近居住了。他们给苏丹迈苏德发了一封信,表明了他们的意图:Nusaý和Paraw的地方应该给予他们,以作为他们的放牧地和牧场。而他们可以镇压发生在巴尔干、德黑斯坦、玉龙杰赤边境地区以及杰浑河沿岸的起义。 Nama bilen düşünişip bilmänsoňlar, 1038-nji ýylda Täk galanyň töwereginde seljuklar bilen Gazna döwletiniň ýygynynyň arasynda ilkinji söweş bolýar. Söweşde seljuklar ýeňiş gazanýarlar. Soň Sarahs töwereginde bolan söweşde hem ýeňiş ýene seljuklaryň paýyna düşýär. 1040-njy ýyldaky Daňdanakan söweşi bolsa, seljuklara beýik Seljuk döwletini getirýär. 苏丹迈苏德没有接受他们的提议,公元1038年苏丹迈苏德和塞尔柱人在特克喀剌附近进行了一次战役,不久之后,又在撒拉尔赫斯附近进行了一次战役。通过这些战役,塞尔柱人没有获得和平,而是获得了更多的土地。公元1040年塞尔柱人在Daňdanakan建立伟大的塞尔柱帝国。 Bu ýeňiş olara ata ýurduny ömürlik gaýdyp berýär. 这次胜利永远做了祖国他们的物产。 Söweşden soň, Maryda bolan uly türkmen gurultaýynda döwlet yglan edilip, oňa Togrul beg hökümdar, Çagry beg serkerde hökmünde bellenilýär. Soltan Togrul beg Reýde (hökümdarlygy 1040 — 1063 ý.), Horasan hökümdary Çagry batyr (hökümdarlygy 1040 — 1060 ý.) Maryda galyp, iki dogan gaty agzybir döwleti dolandyrýarlar. 战争结束后,在马雷召开了大土库曼会议并宣布了他们的独立,托格鲁尔伯克和贾格尔同时为统治者。苏丹托格鲁尔坐镇雷伊(自公元1040年~1063年),呼罗珊的苏丹贾格尔要求留在马雷(自公元1040年~1060年),两兄弟的统治使国家团结和合作的。 1063-nji ýylda Çagry begiň ogly Alp Arslan tagta geçýär. Ol türkmenlere Rum iliniň derwezesini açan soltandyr, onuň ogly Mälik şa seljuklaryň ýurdunyň serhedini gaty giň ýere ýetiren hökümdardyr. Soltan Mälik şanyň ogly soltan Sanjar bolsa, türkmeniň ylmyna-medeniýetine uly üns beren adamdyr. 公元1063年贾格尔的儿子阿里普-阿尔斯兰登上王位。他是土库曼人打开罗马安纳托利亚大门的伟大的苏丹,他的儿子马里克沙带领塞尔柱人进一步扩大了塞尔柱的疆土。到了苏丹马里克沙的儿子苏丹撒加尔,他极大地推动了土库曼的科学和文明的发展。 Beýik seljuk türkmen döwleti belli bir derejede yslam döwletinde oguz-türkmen däplerini dowam etdirip, gaty uly sebite, tä Yssambyldan Çyn-Maçyna çenli bolan aralykda hökümdarlyk edip, bütin yslam dünýäsiniň ähli jogapkärçiligini öz gerdenine alan döwlete öwrülendigi bilen meşhurdyr. Şeýle hem türkmeniň döwletini jahan döwleti derejesine çykaryp, sebitdäki ähli halklaryň ykbalyna deň göz bilen garap, medeniýetlerini ösdürmek, ýollar, köprüler, metjitler, kerwensaraýlar gurdurmak işleri bilen meşgul bolupdyrlar. 伟大塞尔柱土库曼帝国,同时促进了伊斯兰教和乌古斯土库曼文化的发展,通过这种方式,他们扩大了疆土的统治,从伊斯坦布尔到中国的边境。此外,作为一个伟大的国家,塞尔柱土库曼人被尊称为这个伊斯兰世界的卫士。另外,他们的意图是主宰整个土库曼国家,在他们的国家,人民生活在平等和公正之下,并在文化和文明领域取得了伟大的成就。他们改善和建设了整个国家的道路、桥梁、客栈、清真寺、学校和医院。 Mähriban watandaşym, beýik türkmen ogullarynyň — Muhammet Togrul begiň, Dawut Çagry batyryň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň döreden döwletleri, Qahrymanlyklary, Mertlikleri, Parasatlylygy, özlerini bütin yslam döwletleriniň soltany diýip yglan etdirişleri deňi-taýy bolmadyk wakadyr. Türkmen halkymyz üçin ol beýik şahslar barada aýratyn kitaplar, maglumatlar ýazylmalydyr. Guwan, türkmenim, aslyňa! 我亲爱的公民!伟大的土库曼的儿子们---穆罕默德-托格鲁尔伯克、达乌提-贾格尔巴特尔、阿里普-阿尔斯兰、马里克沙、苏丹撒加尔成功地建立了4个国家,以及嘎勒莽、迈热特、巴勒斯坦,并且一同构成整个伊斯兰世界的苏丹国家。作为土库曼人一定要认真学习他们的英雄气概。哦!土库曼的后裔,你值得骄傲! |
|
9#
发布于:2008-04-16 21:49
KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
玉龙杰赤土库曼王朝 Köneürgenç gaty irki döwürlerden Oguz nesilleriniň mesgeni hökmünde tanalypdyr. Köneürgenjiň döwletini 1093-nji ýylda guran asly türkmen bolan Begdiliniň neberelerinden Kutbeddin Muhammetdir, ol Köneürgenç häkimi Anuş hökümdaryň ogludyr. 玉龙杰赤土库曼王朝于公元1093年由乌古斯贝伊德利部落的库特拜丁-穆罕默德所建立。他是玉龙杰赤州长阿奴西的儿子。 Köneürgenje özbaşyna döwlet gurmak diňe beýik seljuk döwleti synandan soň başartdy. Köneürgenç döwletiniň tagtyna geçen Atsyzyň ogly Il Arslan döwleti dolandyrdy. 玉龙杰赤在这个时候成为伟大塞尔柱的领袖国家。经过阿塔塞兹之后,阿里-阿尔斯兰成为玉龙杰赤王朝的苏丹。 Il Arslan 1172-nji ýylda aradan çykansoň, tagta kiçi ogly Soltanşa geçdi, soň dogany Alaeddin Tekeş 1174-nji ýylda tagta geçdi. Ol Köneürgenç döwletini iň uly derejä göteren hökümdardyr. Köneürgenç döwleti 1219-njy ýyldan başlap, mongollaryň yzygiderli çozuşlarynyň gurbany boldy. Bu Jelaleddin Meňburnuň hökümdarlyk eden döwrüne (1220 —1231) gabat geldi. Türkmen hökümdary Jelaleddin Meňburun Köneürgenç döwletiniň iň soňky hökümdarydyr. Ol bütin yslam dünýäsiniň taryhyna iň mert, iň batyr hökümdarlaryň biri bolup geçýär. Köneürgenç döwleti 1231-nji ýylda ýykylýar. 在阿里-阿尔斯兰去世以后,公元1172年他的小儿子苏丹沙首先独立其土地,并于公元1174年登上了王位。在这个时代玉龙杰赤王朝取得长足的进步。公元1219年初,蒙古的入侵致使这个国家的力量大大消弱,那时候Jelaleddin Meňburun( 1220至1231年)是玉龙杰赤的统治者,他是公认为土库曼的勇士,是不怕困难的苏丹。公元1231年玉龙杰赤王朝彻底崩溃。 |
|
10#
发布于:2008-04-16 21:50
KERMANDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
克尔曼塞尔柱土库曼王朝 Seljuklaryň Daňdanakan ýeňşinden soň, Çagry begiň uly ogly Gara Arslan Gurda Tebes welaýaty bilen Kerman sebiti berildi. Kermanda döwlet 1040 — 1073-nji ýyllarda guruldy. Kerman döwleti soltan Mälik şanyň döwründen soň özbaşdak ýagdaýa geldi. Döwlet 1187-nji ýyla çenli dowam etdi. 随着塞尔柱在Daňdanakan取得胜利,克尔曼地区交给了贾格尔的的大儿子黑阿尔斯兰来管理,并管理这个地区1040年至1073年。克尔曼王朝完全独立是苏丹马里克沙的时代。这个国家一直持续到1187年。 |
|
11#
发布于:2008-04-16 21:51
ANADOLUDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
安纳托利亚塞尔柱土库曼王朝 Bu döwlet seljuk türkmenlerinden Arslan hanyň ogly Gutulmyşyň ogullary tarapyndan 1075-nji ýylda gurlup, 1308-nji ýyla çenli dowam etdi. 这个国家是由塞尔柱土库曼阿尔斯兰汗的儿子Gutulmyş在公元1075年建立,并持续到1308年结束。 Bu döwletiň binýat edilmeginiň esasy sebäpleriniň biri soltan Alp Arslanyň 1071-nji ýylda Malazgirt söweşinde ýeňiş gazanmagydyr. Rum ýurdunyň derwezesinden giren seljukly türkmenler Gutulmyşyň ogly Süleýman şanyň töwereginde jemlendiler. Ol Konýany alyp, 1075-nji ýylda has içlere gitdi, Yznygy eýeledi, özüne paýtagt etdi. Soň Süleýman şa Tarsus, Adana, Mesis, Malatyýa şäherlerini aldy. 1085-nji ýylda Antakyýany ele geçirdi. Türkmen seljuk döwletiniň ikinji soltany Gylyç Arslandyr. 建立这个国家的根本起因是阿里普-阿尔斯兰于公元1071年在Malazgirt取得战争胜利。冲入罗马的塞尔柱土库曼人汇集在Gutulmyş的儿子苏莱曼旗下。公元1075年,他们征服科尼亚,获得伊兹尼克,并作为自己的首都。随后,苏莱曼沙相继征服了阿达纳、梅尔辛和马拉蒂亚。公元1085年整个安纳托利亚被征服。土库曼塞尔柱王朝第二任苏丹是克勒其-阿尔斯兰。 Bu döwlet Anadolyny seljuk türkmenleriniň watany ýagdaýyna getirmegi, yslam dinini ýaýratmagy hem türkmen beglikleriniň güýçlenmegine sebäp bolmagy bilen meşhurdyr. 他把这个安纳托利亚国家作为塞尔柱土库曼的祖国,传播伊斯兰教和统一各土库曼做出了巨大的贡献。 |
|
12#
发布于:2008-04-16 21:51
ŞAMDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 叙利亚塞尔柱土库曼王朝 Soltan Alp Arslanyň ogly Tutuş 1077-nji ýylda Şamyň hökümdary boldy, emma ol entek özbaşdak döwlet däldi, beýik Seljuk türkmen döwletine tabynlykdady. Dogany soltan Mälik şa ölensoň, özbaşdaklygyny yglan etdi. Tutuş 1095-nji ýylda ölensoň, iki oglunyň biri Rydwan Halapda, beýlekisi Dukak Şamda özbaşdaklygyny yglan etdi, emma hökümdarlyklary uzak dowam etmedi. Halap Artykly Ilgazynyň, Şam bolsa Böriogullarynyň (Şam atabegleri) eline geçdi. Şam seljuk döwleti 1117-nji ýyla çenli dowam etdi. 苏丹阿里普-阿尔斯兰的儿子吐吐西被任命叙利亚的总督,当时叙利亚依赖于伟大的塞尔柱帝国。他的大哥苏丹马里克沙去世以后,他就完全的独立。吐吐西在公元1095年去世,他的二个儿子,热德宛在Halap苏丹,杜喀克在叙利亚成为苏丹。Halap被阿尔特克取代,叙利亚被狼儿子(叙利亚伯克)取代。事实上叙利亚塞尔柱于公元1117年结束。 Şam döwleti türkmenleriň ornaşan we rowaçlanan, şol ýerde medeniýetiň ösmegine goşandyny goşan döwletidir. 叙利亚王朝是解决土库曼人的开发中心,这个国家促成文明进步。 |
|
13#
发布于:2008-04-16 21:52
ARTYKOGULLARY TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY 阿尔特克奥古勒土库曼公国 Bu hökümdarlyk 1101-nji ýylda Anadoluda seljuk türkmenleriniň nebereleri tarapyndan gurulýar. Ony guranlar soltan Alp Arslanyň meşhur serkerdesi Artyk begiň ogullary Sökmen bilen Ilgazydyr. Bu hökümdarlyk 1409-njy ýyla çenli dowam etdi, soňra birnäçe beglige bölündi. 这个公国于公元1101年安纳都鲁的塞尔柱土库曼所建立。建立者是苏丹阿里普-阿尔斯兰的儿子阿尔特克,以后他的二个儿子Sökmen和Ilgazy继承了统治地位。这个公国持续到公元1409年,后来解体成不同的分支。 Bu hökümdarlyk Anadolynyň türkmenleşmegine uly kömek edýär, ylma-bilime uly üns berýär. Ilkinji mehaniki robotlary Artykly hökümdarlygynyň alymlarynyň oýlap tapandygy bellidir. 这个公国在安纳托利亚的土库曼公国中发挥了主要的作用,对艺术作品和文明做出了贡献。此外,第一个机械机器人是由阿尔特克学者发明的。 |
|
14#
发布于:2008-04-16 21:53
YRAKDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 伊拉克塞尔柱土库曼王朝 Yrakda türkmenler yslam dininiň ýüze çykmagy hem Horasana ýaýramagy bilen köpelýär. Olar Bagdat şäheriniň binýat edilmeginde hem ähmiýetli orny eýeleýärler. Yrakdaky türkmenler ol ýerde seljuk türkmenleriniň döwletiniň döredilmegi bilen bütewileşen medeniýete eýe bolýarlar. Beýik seljuk türkmen döwletinde tagt üstündäki dawalar artansoň, soltan Sanjar bu dawalary aradan aýyrmak üçin özüne tabyn ýerlerde döwletler döredip ugrady. Olaryň biri Yrakdaky seljuk türkmenleriniň döwletidir, 1118-nji ýylda oňa hökümdar edip, dogany Muhammet Taparyň ogly Mahmydy goýdy. 自从伊斯兰传播到呼罗珊地区的第一天开始,伊拉克土库曼人数量稳步上升。 他们为建立巴格达发挥了重要作用。不过,伊拉克土库曼为了自己统治地位与塞尔柱土库曼人的斗争是一个大的问题,苏丹撒加尔为了结束这些斗争,加强了自己的政治权利,这样,伊拉克塞尔柱土库曼王朝建立了,公元1118年他结束了自己的统治,任命了兄弟穆罕默德-塔帕尔的儿子马合木接替了他的位置。 |
|
15#
发布于:2008-04-16 21:53
MOSULDAKY ATABEG
TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY 摩苏尔阿塔伯克土库曼公国 Bu hökümdarlyk 1127-nji ýylda Yrak Seljuk hökümdary soltan Mahmydyň Mosul häkimi Ymadeddin Zeňňi tarapyndan guruldy. Şonuň üçin onuň bir ady Zeňňiler hökümdarlygy diýlip tutulýar. Zeňňi Jeziräni, Nusaýbini, Sanjary, Harrany, Halaby hökümdarlygyna birleşdirip, güýçli döwlet gurupdyr. 这个国家于公元1127年由伊拉克塞尔柱统治者苏丹穆罕默德的摩苏尔埃米尔依玛德-宰尼所建立。以后,努撒依毕尼、散加尔、禁寺、阿拉伯等依附于宰尼这个名字的统治之下。 Zeňňiden soň döwlet iki şaha bölündi, biri ýene Mosul bolup galdy, beýleki şahasy Halap boldy. Döwlet 1259-njy ýyla çenli ömür sürdi. 宰尼分离成二个沙,一个是摩苏尔,另一个是哈剌普。这个国家持续到1259年结束。 |
|
16#
发布于:2008-05-30 11:49
KERMANDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
克尔曼塞尔柱土库曼王朝 Seljuklaryň Daňdanakan ýeňşinden soň, Çagry begiň uly ogly Gara Arslan Gurda Tebes welaýaty bilen Kerman sebiti berildi. Kermanda döwlet 1040 — 1073-nji ýyllarda guruldy. Kerman döwleti soltan Mälik şanyň döwründen soň özbaşdak ýagdaýa geldi. Döwlet 1187-nji ýyla çenli dowam etdi. 随着塞尔柱在Daňdanakan取得胜利,克尔曼地区交给了贾格尔的的大儿子黑阿尔斯兰来管理,并管理这个地区1040年至1073年。克尔曼王朝完全独立是苏丹马里克沙的时代。这个国家一直持续到1187年。 |
|
17#
发布于:2008-05-30 11:50
ANADOLUDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
安纳托利亚塞尔柱土库曼王朝 Bu döwlet seljuk türkmenlerinden Arslan hanyň ogly Gutulmyşyň ogullary tarapyndan 1075-nji ýylda gurlup, 1308-nji ýyla çenli dowam etdi. 这个国家是由塞尔柱土库曼阿尔斯兰汗的儿子Gutulmyş在公元1075年建立,并持续到1308年结束。 Bu döwletiň binýat edilmeginiň esasy sebäpleriniň biri soltan Alp Arslanyň 1071-nji ýylda Malazgirt söweşinde ýeňiş gazanmagydyr. Rum ýurdunyň derwezesinden giren seljukly türkmenler Gutulmyşyň ogly Süleýman şanyň töwereginde jemlendiler. Ol Konýany alyp, 1075-nji ýylda has içlere gitdi, Yznygy eýeledi, özüne paýtagt etdi. Soň Süleýman şa Tarsus, Adana, Mesis, Malatyýa şäherlerini aldy. 1085-nji ýylda Antakyýany ele geçirdi. Türkmen seljuk döwletiniň ikinji soltany Gylyç Arslandyr. 建立这个国家的根本起因是阿里普-阿尔斯兰于公元1071年在Malazgirt取得战争胜利。冲入罗马的塞尔柱土库曼人汇集在Gutulmyş的儿子苏莱曼旗下。公元1075年,他们征服科尼亚,获得伊兹尼克,并作为自己的首都。随后,苏莱曼沙相继征服了阿达纳、梅尔辛和马拉蒂亚。公元1085年整个安纳托利亚被征服。土库曼塞尔柱王朝第二任苏丹是克勒其-阿尔斯兰。 Bu döwlet Anadolyny seljuk türkmenleriniň watany ýagdaýyna getirmegi, yslam dinini ýaýratmagy hem türkmen beglikleriniň güýçlenmegine sebäp bolmagy bilen meşhurdyr. 他把这个安纳托利亚国家作为塞尔柱土库曼的祖国,传播伊斯兰教和统一各土库曼做出了巨大的贡献。 ŞAMDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 叙利亚塞尔柱土库曼王朝 Soltan Alp Arslanyň ogly Tutuş 1077-nji ýylda Şamyň hökümdary boldy, emma ol entek özbaşdak döwlet däldi, beýik Seljuk türkmen döwletine tabynlykdady. Dogany soltan Mälik şa ölensoň, özbaşdaklygyny yglan etdi. Tutuş 1095-nji ýylda ölensoň, iki oglunyň biri Rydwan Halapda, beýlekisi Dukak Şamda özbaşdaklygyny yglan etdi, emma hökümdarlyklary uzak dowam etmedi. Halap Artykly Ilgazynyň, Şam bolsa Böriogullarynyň (Şam atabegleri) eline geçdi. Şam seljuk döwleti 1117-nji ýyla çenli dowam etdi. 苏丹阿里普-阿尔斯兰的儿子吐吐西被任命叙利亚的总督,当时叙利亚依赖于伟大的塞尔柱帝国。他的大哥苏丹马里克沙去世以后,他就完全的独立。吐吐西在公元1095年去世,他的二个儿子,热德宛在Halap苏丹,杜喀克在叙利亚成为苏丹。Halap被阿尔特克取代,叙利亚被狼儿子(叙利亚伯克)取代。事实上叙利亚塞尔柱于公元1117年结束。 Şam döwleti türkmenleriň ornaşan we rowaçlanan, şol ýerde medeniýetiň ösmegine goşandyny goşan döwletidir. 叙利亚王朝是解决土库曼人的开发中心,这个国家促成文明进步。 |
|
18#
发布于:2008-05-30 11:52
ARTYKOGULLARY TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY
阿尔特克奥古勒土库曼公国 Bu hökümdarlyk 1101-nji ýylda Anadoluda seljuk türkmenleriniň nebereleri tarapyndan gurulýar. Ony guranlar soltan Alp Arslanyň meşhur serkerdesi Artyk begiň ogullary Sökmen bilen Ilgazydyr. Bu hökümdarlyk 1409-njy ýyla çenli dowam etdi, soňra birnäçe beglige bölündi. 这个公国于公元1101年安纳都鲁的塞尔柱土库曼所建立。建立者是苏丹阿里普-阿尔斯兰的儿子阿尔特克,以后他的二个儿子Sökmen和Ilgazy继承了统治地位。这个公国持续到公元1409年,后来解体成不同的分支。 Bu hökümdarlyk Anadolynyň türkmenleşmegine uly kömek edýär, ylma-bilime uly üns berýär. Ilkinji mehaniki robotlary Artykly hökümdarlygynyň alymlarynyň oýlap tapandygy bellidir. 这个公国在安纳托利亚的土库曼公国中发挥了主要的作用,对艺术作品和文明做出了贡献。此外,第一个机械机器人是由阿尔特克学者发明的。 YRAKDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 伊拉克塞尔柱土库曼王朝 Yrakda türkmenler yslam dininiň ýüze çykmagy hem Horasana ýaýramagy bilen köpelýär. Olar Bagdat şäheriniň binýat edilmeginde hem ähmiýetli orny eýeleýärler. Yrakdaky türkmenler ol ýerde seljuk türkmenleriniň döwletiniň döredilmegi bilen bütewileşen medeniýete eýe bolýarlar. Beýik seljuk türkmen döwletinde tagt üstündäki dawalar artansoň, soltan Sanjar bu dawalary aradan aýyrmak üçin özüne tabyn ýerlerde döwletler döredip ugrady. Olaryň biri Yrakdaky seljuk türkmenleriniň döwletidir, 1118-nji ýylda oňa hökümdar edip, dogany Muhammet Taparyň ogly Mahmydy goýdy. 自从伊斯兰传播到呼罗珊地区的第一天开始,伊拉克土库曼人数量稳步上升。 他们为建立巴格达发挥了重要作用。不过,伊拉克土库曼为了自己统治地位与塞尔柱土库曼人的斗争是一个大的问题,苏丹撒加尔为了结束这些斗争,加强了自己的政治权利,这样,伊拉克塞尔柱土库曼王朝建立了,公元1118年他结束了自己的统治,任命了兄弟穆罕默德-塔帕尔的儿子马合木接替了他的位置。 MOSULDAKY ATABEG TÜRKMENLERINIŇ HÖKÜMDARLYGY 摩苏尔阿塔伯克土库曼公国 Bu hökümdarlyk 1127-nji ýylda Yrak Seljuk hökümdary soltan Mahmydyň Mosul häkimi Ymadeddin Zeňňi tarapyndan guruldy. Şonuň üçin onuň bir ady Zeňňiler hökümdarlygy diýlip tutulýar. Zeňňi Jeziräni, Nusaýbini, Sanjary, Harrany, Halaby hökümdarlygyna birleşdirip, güýçli döwlet gurupdyr. 这个国家于公元1127年由伊拉克塞尔柱统治者苏丹穆罕默德的摩苏尔埃米尔依玛德-宰尼所建立。以后,努撒依毕尼、散加尔、禁寺、阿拉伯等依附于宰尼这个名字的统治之下。 Zeňňiden soň döwlet iki şaha bölündi, biri ýene Mosul bolup galdy, beýleki şahasy Halap boldy. Döwlet 1259-njy ýyla çenli ömür sürdi. 宰尼分离成二个沙,一个是摩苏尔,另一个是哈剌普。这个国家持续到1259年结束。 |
|
19#
发布于:2008-05-30 11:54
EÝÝUBY TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI
艾优布土库曼王朝 Bu döwlet oguz dessuryny dowam eden Müsürdäki döwletdir. Zeňňiler, ýagny Mosul Atabegligi — hökümdarlygy bilen garyndaşdyr. Nureddin Mahmyt Zeňňi Salahaddin Eýýubyny goşuna serkerde edip, Müsüre iberýär. Ol gaty aňsatlyk bilen Müsüri eýeläp, 1171-nji ýylda Eýýubylar döwletini gurýar. Salahaddin Eýýuby şol ýerdäki Fatimi döwletiniň goşunyndaky başga halklary oguz-türkmen ýigitleri bilen çalşyrýar. Eýýubylar diňe goşuny bilen däl, döwlet gurluşy, dolandyryş usuly, dil, medeni gatnaşyklary, däp-dessurlary bilen hakyky oguz-türkmen döwleti bolýar. 这个国家是一个保持乌古斯传统的国家。宰尼和摩苏尔阿塔伯克兄弟一起统治。在萨拉丁-艾优布统一指挥下,努尔丁-马哈木德-宰尼的军队征服了埃及。经过努尔丁-马哈木德-宰尼努力下,公元1171年建立了艾优布苏丹王朝。萨拉丁-艾优布在埃及完全推翻了法蒂玛王朝,这个王朝的别的人民和乌古斯土库曼战士进行了斗争。后来,这个国家的完全地接受了乌古斯土库曼的语言、文化和军事,成为一个土库曼国家。 Eýýuby döwletiniň ýokary derejä çykan döwri Mälik Kämil Muhammet bilen Mälik Salyh Nejmeddin Eýýup zamanynda bolupdyr. 1222-nji we 1238 — 1239-njy ýyllarda mongollaryň Deşti-Gypjaga hökmürowanlyk etmegi bilen gypjaklaryň uly topary Eýýubylar döwletiniň hataryna goşuldy. 艾优布土库曼王朝最闪亮的时期是马里克-喀米勒-穆罕默德和马里克-萨利赫-奈吉迈丁的统治时期。由于公元1222年和1238年~1239年之间,蒙古人的入侵,大部分泰西提-奇普恰克人迁移到艾优布王朝的土地上。 Bu döwlet Nejmeddin Eýýubynyň 1249-njy ýylda ölmegi bilen güýçden gaçyp başlady. Eýýubylar döwleti Müsüre türkmen dilini ýaýradanlygy bilen meşhurdyr. 这个国家在公元1249年奈吉迈丁-艾优布去世后开始消弱。在艾优布王朝时期土库曼的语言和文化到达了埃及的土地。 ILDEŇIZ TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETI 里海土库曼王朝 Ildeňiz türkmenleriniň döwleti 1146-njy ýylda Atabeg Şemseddin Ildeňiz Türkmen tarapyndan guruldy. Paýtagty Töwrizdi. Ähmiýetli şäherleri Nahçywan bilen Genjeden ybaratdy. Bir döwür bütin Yraga we günorta-günbatar Eýrana höküm eden döwlet. Bu döwleti 1225-nji ýylda Jelaleddin Meňburun ýykdy. 里海土库曼王朝于公元114年由阿塔伯克夏姆塞丁带领里海土库曼人所建立。 这个国家的首都是陶乌热兹。纳赫吉万和根切是其最重要的城市。这个国家将伊拉克和南伊朗统治了一个时期,这个国家于公元1225年被玉龙杰赤的杰剌勒丁所摧毁。 DELIDÄKI TÜRKMENLERIŇ SOLTANLYGY 新德里土库曼苏丹国 Deli soltanlygy başda XII asyryň soňunda Gur soltany Muizziddin Muhammet Şam tarapyndan gurlan bolsa-da, ol özbaşdaklyk derejesini alyp bilmändi. 新德里土库曼苏丹国是由古尔的苏丹穆泽丁-穆罕默德沙于12世纪初所建立。 Türkmen serkerdesi Aýbeg, Gur soltanyndan rüstem gelip, Lahorda kutbuddin (diniň sütüni) derejesi bilen 1206-njy ýylda tagta çykdy. Şol döwürden başlap Deli soltanlygy özbaşdaklygyny yglan etdi. Kutbuddin Aýbegiň asly türkmenistanly türkmenlerdendir. Ol kiçijikkä Nyşapur kazysy Fahreddin Abdyleziz el-Kufi tarapyndan satyn alnypdyr, onuň çagalary bilen bilelikde edep-terbiýe alypdyr, güýçli nöker hem okçy hökmünde ýetişdirilipdir. Onuň hökümdarlygynyň serhedi Penjapdan Buhara, Kaşmirden Orta Hindi ýaýlasyna çenli uzapdyr. Deli soltanlygy tä 1526-njy ýyla çenli höküm sürýär, medeni merkezi hökmünde Deli şäherine uly üns berlipdir. Deli soltanlygynyň hatarynda türkmen soltanlyklaryndan Memluklar, Halaçlar, Togalaklar, Seýitler, Ludiler bolupdyr. 土库曼人的后裔艾依伯克,比古尔苏丹国具有影响力,公元1206年在拉合尔登上了王位。土库曼取得了新德里苏丹国的政权,并开始统治。库图布丁•艾依伯克是土库曼斯坦的土库曼人 ,他从小依靠尼沙布尔的法哈热丁•阿卜杜拉长大。他所统治的地区包括旁遮普邦、布哈拉、克什米尔以及印度高原中部。新德里土库曼苏丹国持续到公元1526年,这个国家的统治是 血雨腥风的。新德里土库曼苏丹国、马木鲁克、哈拉齐、土噶拉克、塞依德、鲁丁等构成了土库曼的主要元素。 |
|
上一页
下一页